Prezident Serdar Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli Prezident Aleksandr Wuçiçe we ýurduň ähli halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habarlar agentligi habar berýär.
Gutlag hatynda Döwlet Baştutany Serbiýanyň Prezidentine berk jan saglyk we bagtyýarlyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, yzygiderli ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Serbiýanyň Döwlet güni her ýyl 15-nji fewralda bellenilýär we ýurduň taryhynda iki sany möhüm wakany — 1804-nji ýyldaky birinji serb gozgalaňynyň başlangyjyny we 1835-nji ýylda ilkinji demokratik Konstitusiýanyň kabul edilmegini alamatlandyrýar. Bu sene häzirki Serbiýa döwletiniň döremeginde we milli özbaşdaklygynyň berkemeginde taryhy ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýanyň Döwlet güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi
16.02.2026, 06:251,166