Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Syýahatçylyk
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Syýahatçylyk
16.01.2026 09:11
10k+
Wizasyz we serhetsiz dünýä: Henley dünýäniň iň «güýçli» pasportlarynyň reýtingini düzdi
Täze Henley Passport Index reýtingi haýsy pasportlaryň syýahatlarda has köp erkinlige ýol açýandygyny görkezdi. Sanawda öňdebaryjy Singapuryň pasporty boldy: onuň raýatlary wizasyz 192 ýurda we sebite baryp bilýär
15.01.2026 21:43
4.1k+
Cirium dünýäde wagtyna has jür awiakompaniýalary we howa menzillerini saýlady
Cirium analitiki kompaniýasy «2025-nji ýylda wagtynda ýerine ýetirmegiň görkezijilerine syn» hasabatyny hödürledi we onda tertipnamanyň berjaý edilişi boýunça awiakompaniýalaryň hem howa menzilleriniň reýtingini hödürledi
15.01.2026 21:31
7.7k+
Amerikan startapy Aýdaky myhmanhanalar üçin 250 müň dollardan petek satyp başlady
Galactic Resource Utilization Space (GRU Space) amerikan startapy Aýyň üstünde myhmanhana otaglaryny bron etmek üçin öňünden tölegiň kabul edilip başlanýandygy barada habar berdi. Geljekki müşderilere ilkinji Aý missiýalarynyň birine gatnaşmak üçin 250 müň dollardan 1 mln dollara çenli töleg geçirmek teklip edilýär diýip, ArsTechnica neşiri habar berýär
14.01.2026 11:56
9k+
Efiopiýada Afrikanyň iň uly howa menziliniň gurluşygyna başlandy
Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abebadan 45 kilometr günorta-gündogarda ýerleşýän Bişoftu şäherinde Bişoftu halkara howa menziliniň (BIA) gurluşygyna girişildi. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, bu howa menzili Afrika yklymyndaky iň uly awiasiýa merkezine öwrüler
12.01.2026 23:22
4.6k+
The New York Times 2026-njy ýylda syýahat üçin iň gowy ýerleriň reýtingini düzdi
«The New York Times» amerikan gazeti 2026-njy ýylda baryp görmeli 52 ýeriň sanawyny hödürledi. Neşir birinji orunda «Rewolýusion Amerikany» ýerleşdirdi. Redaksiýa ýurduň 250 ýyllygy mynasybetli geçiriljek ýörişleri we sergileri görmek, futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýnuna we 4-nji iýulda Waşingtondaky konserte gatnaşmak üçin ABŞ-a gitmegi maslahat berýär
12.01.2026 17:52
20k+
Türkmen raýatlary üçin Türkiýä wizalary resmileşdirýän kompaniýa üýtgedildi
Türkmenistanda Türkiýäniň täze wiza merkezi — «Mosaic Visa» açylar. Bu merkez Türkiýe Respublikasyna wiza almak üçin berilýän arzalary kabul edýän resmi operator bolar. Kompaniýanyň sosial ulgamlary arkaly beren maglumatyna görä, ol ýurdumyzda öz işini bes eden «Gateway International» merkeziniň ornuny tutar
10.01.2026 11:18
3.8k+
Finlýandiýanyň Oulu we Slowakiýanyň Trençin şäherleri 2026-njy ýylda Ýewropanyň medeni paýtagtlary boldy
Finlýandiýanyň Oulu we Slowakiýanyň Trençin şäherleri 2026-njy ýylda Ýewropanyň medeni paýtagtlary boldy. Bu barada Ýewropa komissiýasy habar berýär. Ýylyň dowamynda Ýewrokomissiýanyň goldaw bermeginde bu şäherlerde Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň medeni köpdürlüligini görkezmäge gönükdirilen medeni çäreler, sergiler we çykyşlar geçiriler
01.01.2026 18:09
6.7k+
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Abu-Dabi ugruna goşmaça gatnawy ýola goýýar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwaryndan başlap, Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolugçy gatnawlarynyň sanyny artdyrýar. Indi Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtyna uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylar
31.12.2025 09:09
13k+
Hytaý Türkmenistanyň raýatlary üçin gysga möhletli wizalary almagyň tertibi ýeňilleşdirdi
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy wiza resmileşdirilende barmak yzlaryny tabşyrmakdan boşadylýan raýatlaryň sanawyny giňeltdi. Täze düzgünler eýýäm güýje girdi we 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket eder
29.12.2025 00:16
6.3k+
Abu-Dabide BAE-niň esaslandyryjysyna bagyşlanan uly muzeý açyldy
Abu-Dabide Birleşen Arap Emirlikleriniň esaslandyryjysyna we ilkinji Prezidentine bagyşlanan iri medeni merkez — Şeýh Zaýed adyndaky Milli muzeý açyldy. Saadiýat adasynda ýerleşýän bu muzeý ýurduň taryhy we onuň lideriniň mirasy bilen tanyşmak üçin döredilen özboluşly giňişlikdir
26.12.2025 12:05
11k+
S7 Airlines Aşgabat bilen Nowossibirskiň arasynda göni gatnawlary açýar
S7 Airlines awiakompaniýasy Russiýanyň Nowosibirsk şäheri bilen Aşgabadyň arasynda göni uçar gatnawlaryny açýar. Awiakompaniýa täze ugur boýunça biletleriň satuwyna eýýämden başlady. Gatnawlar 2026-njy ýylyň 31-nji martynda başlar we hepdede bir gezek — sişenbe güni amala aşyrylar
22.12.2025 12:31
11k+
Ilaty has ynjalykly we birahat şäherleriň reýtingi düzüldi
Sanly maliýe hyzmatlary pudagynda işleýän Remitly kompaniýasy gözleg geçirip, dünýäde stress derejesi has ýokary we pes bolan şäherleri kesgitledi. Gözlegiň netijeleri barada Time Out habar berýär. Bilermenler dünýäniň 170-den gowrak şäherini seljerip, stress derejesine täsir edip biljek bäş ölçeg boýunça baha berdi
19.12.2025 17:21
15k+
ABŞ grin-kart utuş maksatnamasyny dolulygyna togtadýandygyny yglan etdi
ABŞ-nyň hökümeti raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen immigrasiýa wizalaryny (DV1) utuş maksatnamasyny gyssagly ýagdaýda togtatmak barada çözgüt kabul etdi. Donald Trampyň degişli buýrugy barada ýurduň içerki howpsuzlyk ministri Kristi Noem habar berdi
18.12.2025 11:38
5.3k+
Fransiýada Ýewropanyň iň uzyn şäher asma ýoly işläp başlady
Fransiýanyň Il-de-Frans sebitinde ilkinji şäher asma ýoly resmi taýdan açyldy. Ol Ýewropada iň uzyn şäher asma ýoly boldy. Câble C1 adyny alan bu ýol Wal-de-Marn departamentinde Kreteý we Wilnýow-Sen-Žorž şäherlerini birleşdirýär diýip, BFTMV habar berýär
18.12.2025 11:29
21k+
ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky wiza düzgünlerine ýeňillikler girizildi
Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň raýatlarynyň immigrasiýa däl wizalaryň B-1, B-2, B-1/B-2, F, M we J kategoriýalary boýunça ABŞ-a girmegine goýlan çäklendirmeleri ýatyrdy. Degişli üýtgeşmeler 2025-nji ýylyň dekabr aýynda neşir edilen Ak Tamyň täzelenen Kararynda berkidildi
16.12.2025 16:17
6.6k+
BAE-de 6 km uzaýan dronlaryň we feýerwerkleriň Täze ýyl şüweleňi taýýarlanýar
Ras-el-Haýma emirliginiň (BAE) ýolbaşçylary Ginnesiň rekordlar kitabyna girmäge dalaş etjek Täze ýyl şüweleňini geçirmek meýilnamalary barada habar berdi. Ýarygije geçiriljek 15 minutlyk şüweleň dünýäde iň uzyn şüweleňleriň biri bolar: ol Marjan adasyndan Al-Hamra aýlagyna çenli 6 kilometr uzalar diýip, Arabian Business neşiri habar berýär
14.12.2025 10:54
5.8k+
Kapitansyz gämi: Ýaponiýa dünýäde ilkinji awtonom ýolagçy gämisini işe girizdi
Ýaponiýanyň günbatarynda awtonom nawigasiýa tehnologiýasyny ulanýan dünýäde ilkinji ýolagçy gämisi peýda boldy. Olympia Dream Seto atly gämi Okaýama bilen Sýodosima adasynyň arasynda gatnap başlady diýip, Kyodo agentligi habar berýär
01.12.2025 14:36
9.2k+
Aşgabatdaky syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby «Türki halklarynyň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy
Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň «Syýahatçylyk hyzmatlary» hünäriniň 2-nji ýyl talyby Altyntäç Janmämmedowa «Türki halklarynyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşiginiň orta hünär okuw mekdepler – kollejler tapgyrynda onlaýn gatnaşyp uly üstünlik gazandy
30.11.2025 08:51
9k+
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat-Türkmenbaşy gatnawlaryň sanyny artdyrdy
«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň tertibini täzeledi. Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça gatnaw girizdi we Daşoguz şäherine uçuşlaryň sany täzelendi. Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça T5-245 belgili gatnaw 12-nji dekabra çenli her gün amala aşyrylar
29.11.2025 21:19
2.6k+
Angliýanyň hökümeti syýahatçylyk salgydyny girizmegi meýilleşdirýär
Angliýanyň hökümeti otellerde, myhman öýlerinde we beýleki ýerleşilýän jaýlarda galýan myhmanlar üçin syýahatçylyk salgydyny girizmäge taýýarlanýar. Ýolbaşçylar häkimlere şeýle tölegi kesgitlemäge hukuk bermegi meýilleşdirýär
29.11.2025 09:28
4.5k+
La Liste ýylyň iň gowy 1000 restoranyny saýlady
Parižde restoranlaryň iň belli halkara reýtingleriniň biri bolan La Liste ýyllyk baýragynyň netijesi yglan edildi. Şu ýyl birinji orunda birbada on restoran ýerleşdi – olaryň ählisi 100-den 99,5 bal gazandy. Öňdebaryjylaryň biri Pariždäki Guy Savoy boldy
26.11.2025 13:14
9k+
Hytaýyň Şençžen şäherinde dünýäde iň uly üsti ýapyk dag lyža kurorty açyldy
Hytaýda dünýäde iň uly üsti ýapyk dag lyža kurorty bolan Huafa Snow World işläp başlady. Ol Şençžende ýerleşýär we 100 müň inedördül metr meýdany tutýan emeli garly toplumdyr (bu takmynan 11 futbol meýdançasyna barabardyr)
26.11.2025 10:11
4.1k+
Baryp görmeli 31 köçe: Time Out olaryň reýtingini düzdi
Time Out žurnaly iýmiti, dynç alşy we atmosferany göz öňünde tutup, ýerli redaktorlaryň we bilermenleriň saýlamagynda dürli ýurtlardan iň gowy 31 köçäniň reýtingini hödürledi. Sanaw neşiriň saýtynda elýeterli. Awtorlar reýtingdäki köçeleriň öz şäherleriniň häsiýetini we şähdini görkezýändigini belleýär
23.11.2025 00:12
7.7k+
Dubaýdaky kafe taryhda iň gymmat kofeni hödürleýär: bir çaşka üçin $980
Dubaýdaky Julith Coffee kafesinde bir çaşka üçin 3600 dirham (980 dollar) bahadan kofe peýda boldy diýip, The Independent habar berýär. Bu içgi günbatar Panamadaky Baru wulkanynyň eňňitlerinde ösdürilip ýetişdirilýän seýrek görnüş bolan Nido 7 toplumynyň Geisha kofe dänelerinden taýýarlanýar
21.11.2025 23:28
10k+
Dubaýda Joby howa taksisi ilkinji gatnawyny amala aşyrdy
Joby Aviation amerikan kompaniýasy BAE-de iki nokadyň arasynda özüniň elektrik uçýan enjamynyň ilkinji adamly uçuşyny amala aşyrdy. Dik uçuş enjamy Margamdaky synag bazasyndan uçup, Al-Maktum halkara howa menziline gondy – uçuş 17 minut dowam etdi diýip, Business Wire habar berýär
20.11.2025 12:23
5.2k+
WIPO guramasynyň wersiýasy boýunça dünýäniň iň "akylly" şäherleriniň Top-7-ligi (2025)
Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy (WIPO) 2025-nji ýylyň Global innowasiýa indeksini çap etdi we tehnologiýalara işjeň maýa goýýan hem-de olary durmuşa ornaşdyrýan iň "akylly" şäherleri kesgitledi. Gözleg San-Fransiskodan Şençžene çenli dünýä patentleriniň 70%-den gowragyny öz içine alýan ýüz sany innowasiýa merkezini öz içine alýar
18.11.2025 11:09
9.2k+
Dubaýda dünýädäki iň beýik otel ilkinji myhmanlaryny kabul etdi
Dünýäde iň beýik otel diýlip resmi taýdan ykrar edilen Dubaýdaky täze Ciel Dubai Marina oteli ilkinji myhmanlaryny kabul etdi diýip, The National neşiri ýazýar. Binanyň gurluşygyna 2 mlrd dirham (544 mln dollar) sarp edildi
11.11.2025 14:18
3.7k+
Türkmenistanyň medeniýet ministri Er-Riýadda BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň 26-njy mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) Baş assambleýasynyň 26-njy mejlisine gatnaşýar. Mejlis 7–11-nji noýabr aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýär
09.11.2025 19:10
5.5k+
Dubaý barly adamlar üçin iň gowy şäherleriň reýtinginde öňdebaryjy boldy
Dubaý ýokary girdejili adamlar üçin iň özüne çekiji şäherleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Reýting Savills Plc emläk dellaly tarapyndan düzüldi. Barlagda dünýäniň 30 megapolisine baha berildi. Dubaý miras we kapital ösüşi üçin salgytlaryň ýokdugy, ösen infrastrukturasy, howpsuzlygyň ýokary derejesi we halkara mekdepleriň has köpdügi bilen reýtingiň başyna çykdy
06.11.2025 18:53
9.5k+
ABŞ-nyň raýatlaryna Özbegistana wizasyz 30 günlük girmäge rugsat berler
2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ABŞ-nyň raýatlary Özbegistana 30 güne çenli möhlet bilen wizasyz baryp biler. Bu barada Respublikanyň Prezidentiniň administrasiýasyna salgylanyp, “Interfaks” habar berýär
03.11.2025 12:11
3.8k+
Ýaponiýanyň syýahatçylyk agentligi Nýu-Ýork bilen Tokionyň arasynda bir sagatlyk kosmos uçuşlaryny ýola goýar
Ýaponiýanyň Nippon Travel syýahatçylyk kompaniýasy uly taslamany işe girizýändigini habar berdi: 2030-njy ýyllara çenli Nýu-Ýork bilen Tokionyň arasynda dowamlylygy bary-ýogy bir sagat bolan kosmos uçuşlary ýola goýlar
02.11.2025 23:51
5.3k+
Barselonadaky Sagrada Familiýa ybadathanasy dünýäde iň beýik ybadathana boldy
Barselonanyň binagärlik dürdänesi bolan Sagrada Familiýa ybadathanasy merkezi binanyň üstünde haçyň täze bölegi oturdylandan soň resmi taýdan dünýäde iň beýik ybadathana boldy diýip, Associated Press habar berýär
29.10.2025 11:10
5.2k+
Mongoliýada Gobi çölünde Marsdaky durmuşa meňzedilen syýahatçylyk lageri dörediler
Mongoliýada adaty bolmadyk syýahatçylyk taslamasy işlenip düzülýär: Gobi çölünde myhmanlar Marsdaky ýaly şertlerde ýaşaýşy başdan geçirip bilerler. Bu başlangyjy Ulan-Batorda ýerleşýän MARS-V guramasy amala aşyrýar
28.10.2025 00:56
46k+
«Türkmenistan» awiakompaniýasy gyş möwsümi üçin halkara ýolagçy gatnawlarynyň tertibini giňeltdi
“Türkmenistan” awiakompaniýasy gyşky möwsümde halkara uçar gatnawlarynyň tertibiniň giňeldilendigini habar berdi. Täzelenen meýilnama dünýäniň 14 şäherine gönümel uçuşlary öz içine alýar we Aziýa, Ýakyn Gündogar hem-de Ýewropanyň möhüm ugurlaryny öz içine alýar
22.10.2025 06:13
15k+
Mekgede al-Haram metjidiniň golaýynda binalar toplumy gurlar
Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy we premýer-ministri Muhammed bin Salman bin Abdulaziz Al Saud Mekgede “Patyşa Salmanyň derwezesi” (King Salman Gate) atly täze şäher gurluşyk taslamasynyň başlandygyny habar berdi
16.10.2025 10:37
5.4k+
Tokio we Wiktoriýa syýahatçylaryň arasynda iň halanýan şäherler hökmünde ykrar edildi
Amerikanyň meşhur Condé Nast Traveler syýahat žurnaly okyjylarynyň arasynda geçirilen ses berişlikde iň halanýan şäherleriň sanawy yglan edildi. Netijelere görä, iri şäherleriň arasynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio, kiçi şäherleriň arasynda bolsa Kanadanyň Wiktoriýasy birinji orny eýeledi
14.10.2025 13:08
7.7k+
Walletta syýahatçylaryň pikiri boýunça dünýäniň iň owadan paýtagty diýlip ykrar edildi
Maltanyň kiçijik paýtagty – Walletta Condé Nast Traveller žurnaly tarapyndan dünýäniň iň owadan paýtagty diýlip hasaplandy. Şäher Readers’ Choice Awards 2025 reýtinginde birinji orny eýeläp, Pariž, Afina we Lissabon ýaly uly syýahatçylyk şäherlerinden öňe geçdi diýip, BILD habar berýär
11.10.2025 17:51
5k+
Kolizeýde imperatorlaryň ulanan gizlin geçelgesi köpçülik üçin açyldy
Kolizeýde Rim imperatorlarynyň ulanan gizlin ýerasty geçelgesiniň dikeldiş işleri tamamlandy. Indi ony syýahatçylar görüp biler diýip, Daily Mail ýazýar. Geçelge I we II asyrlaryň aralygynda, amfiteatryň özi gurlandan birnäçe wagtdan soň gurlupdyr
09.10.2025 18:23
8.4k+
Germaniýanyň Bundestagy üç ýylda raýatlyk almak mümkinçiligini ýatyrýar
Germaniýanyň Bundestagy ýurduň migrasiýa kanunçylygyna üýtgetmeleri tassyklady, ol üýtgetmeler üç ýylyň içinde tizleşdirilen tertipde nemes raýatlygyny almak mümkinçiligini ýok edýär, diýip Deutsche Welle habar berýär
09.10.2025 17:58
5.6k+
Daniýada Mişleniň restoranynda myhmanlary "garynja ýogurdy" bilen geň galdyrdylar
Kopengagende (Daniýada) Mişleniň iki ýyldyzyna mynasyp bolan Alchemist restorany garynjalar bilen uýadylan ýogurdyň esasynda taýýarlanan adaty bolmadyk desertleri we kokteýlleri hödürledi. Synag ylmy barlagyň bir bölegi bolup, bu barada iScience žurnalyna salgylanyp CNN habar berýär
«
1
2
3
4
…
21
»
«
1
2
3
4
5
6
7
…
21
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.