Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
23.03.2026 05:13
1.6k+
«Paddingtonyň» režissýory Labubu barada film düşürer
Sony Pictures amerikan kinokompaniýasy Labubu oýunjagy baradaky filmiň önümçiligine başlady diýip, CNBC habar berýär. Kompaniýa filmi düşürmek hukugyny 2025-nji ýylyň noýabrynda Hytaýyň Pop Mart oýunjak öndürijisinden satyn aldy
23.03.2026 00:57
2.4k+
Demrewe garşy sanjym infarkt howpuny 32% peseldýär
Amerikanyň Kardiologiýa kollejiniň ýyllyk ylmy maslahatynda hödürlenen täze maglumatlara görä, demrewe garşy sanjym almak ýürek-damar keselli adamlarda infarkt döremek howpuny 32% peseldip biler. Alymlar bu netijäni gazanmak üçin ABŞ-yň ateroskleroz (damarlaryň daralmagy) keselli 246 müňden gowrak ýaşaýjysynyň maglumatlaryny öwrendiler
23.03.2026 00:03
6k+
Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär
«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar
22.03.2026 23:11
2.6k+
WhatsApp ulanyjylara hasap açmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer: Nädip?
WhatsApp messenjeri agza bolmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän "myhman çatlary" funksiýasynyň synaglaryny giňeldýär. Android ulgamyndaky barlaglardan soň, bu mümkinçilik iOS we web wersiýalarynyň beta-ulanyjylarynyň bir bölegine hem elýeterli boldy diýip, WABetaInfo habar berýär
22.03.2026 21:15
7.2k+
Kazyýet Ilon Masky Twitter söwdasynda günäli saýdy
Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, San-Fransiskonyň oturdaşlar kazyýeti telekeçi Ilon Masky Twitteri satyn almazdan öň maýadarlary ýalňyşdyrmakda günäkär saýdy we munuň üçin öwez tölegini tölemek barada höküm çykardy
22.03.2026 21:14
14k+
Hytaýda artykmaç agramyňy ete «çalyşmak» aksiýasy geçirilýär
Hytaýyň Szýansu sebitindäki ýaşaýjylara horlanylan her 0,5 kg agramy üçin sygyr etiniň önümlerini (dil, guýruk we iç-goşlary) sowgat berýän täze aksiýa yglan edildi. South China Morning Post neşiriniň habar bermegine görä, şeýle aksiýa 9-njy martda Usi şäheriniň Lýansi raýonynyň Şanbeý obasynda başlandy we 20-nji marta çenli dowam etdi
22.03.2026 16:34
4.4k+
Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar
2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar
22.03.2026 16:26
11k+
Konor Makgregora UFC-ä dolanmaga resmi rugsat berildi
«UFC-niň iki agram derejesindäki öňki çempiony, meşhur irlandiýaly söweşiji Konor Makgregor özüne goýlan gadaganlyk möhletiniň tamamlanmagy netijesinde oktagona dolanmaga rugsat aldy» diýip, The Sun neşiri habar berýär
22.03.2026 16:24
9k+
Bagtsyzlykdan bihabar ýurt: Finlýandiýa iň bagtlylaryň sanawynda ýene birinji
BMG-niň başlangyjy bilen Oksford uniwersitetiniň Abadançylyk gözleg merkezi we «Gallup» instituty bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan «World Happiness Report» hasabaty, dünýäde iň bagtly ýurtlaryň sanawy hödürlendi
22.03.2026 16:14
3.3k+
«Wedmak 3» oýnundaky gorkunç dub agajy tebigatyň ýadygärligi diýip ykrar edildi
«Wedmak 3» oýnundaky iň gynançly hem gorkunç ýerleriň birini döretmäge ylham beren dub agajy Polşada döwlet tarapyndan goralýan tebigat ýadygärligi diýlip ykrar edildi. Bu barada Reddit forumynyň ulanyjylary habar berdiler
22.03.2026 16:09
2.3k+
Infiniti kompaniýasy Nýu-Ýork awtosalonynda täze QX65 krossower kupesini görkezer
Infiniti kompaniýasy QX60-yň kupe görnüşindäki täze QX65 krossowerini tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Täze model 26-njy martda ilkinji gezek görkeziler we aprel aýynyň başynda Nýu-Ýork awtosalonyna çykarylar. ABŞ-da satuw iýun aýynda başlar
22.03.2026 16:03
4.3k+
Gadymy müsür hatdatlary 3300 ýyl öň häzirki ýaly ştrihler bilen ýalňyşlaryny düzedipdirler
Gadymy Müsüriň hatdatlarynyň papiruslardaky ýalňyşlary häzirki zaman kanselýariýa ştrihine meňzeş madda bilen düzedendikleri alymlar tarapyndan subut edildi. Bu barada Kembrijdäki Fiswilliam muzeýiniň hünärmenleri mälim edýärler
22.03.2026 15:29
2.1k+
Parižde XVIII asyr zenan modasynyň sergisi geçýär: onda Mariýa-Antuanettanyň korseti hem bar
Parižiň «Palais Galliera» muzeýinde Magaryfçylyk döwrüniň zenan keşbine we onuň häzirki zaman düşündirişine bagyşlanan «XVIII asyryň modasy. Hyýaly miras» atly sergi geçirilýär. Serginiň maksady, moda ösüşindäki uly öwrülişigiň hut şu taryhy döwre degişlidigini açyp görkezmekdir
22.03.2026 15:20
3.4k+
Hytaýda ysmaz keselli adamlara niýetlenen beýni implantyny söwda maksatly ulanmaga rugsat berildi
Hytaý häkimiýetleri Neuracle Technology (Shanghai) kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ilkinji inwaziw (kelleçanak içine ýerleşdirilýän) «beýni-kompýuter» interfeýsini söwda maksatly ulanmaga rugsat berdi. Şeýle-de Hytaýyň Lukmançylyk önümleri boýunça milli müdirligi bu enjamy bazara çykarmak hukugyny tassyklady
22.03.2026 15:08
2.7k+
Marsda ilkinji gezek ýakut we sapfir emele getirýän mineral tapyldy
"Perseverance" mars apparaty Marsda ilkinji gezek korundyň — Ýer ýüzünde ýakut (rubin) we sapfirleriň emele gelmegine sebäp bolýan mineralyň spektral alamatlaryny ýüze çykardy. Bu yzlar Ýezero krateriniň gyrasyndaky dag jynslarynda tapyldy
22.03.2026 14:50
5.8k+
Dünýäniň iň uly ýelkenli kruiz gämisi deňiz synaglarynda tizlik rekordyny goýdy
Orient Express Corinthian ýelkenli kruiz gämisi özüniň hereketlendiriji ulgamynyň synaglaryny üstünlikli tamamlady we degişli ölçegdäki ýelkenli gämiler üçin täze tizlik rekordyny goýdy. Dünýäde şeýle görnüşli iň uly gämi bolmaga taýýarlanýan bu gäminiň uzynlygy 220 metr töweregi bolup, umumy sygymy 25 200 tonna deňdir
22.03.2026 14:43
4.9k+
Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň ekranlarynyň ýagtylygy bilen bagly nogsany boýun aldy
Samsung kompaniýasy Galaxy S26 Ultra ekranlarynyň ýagtylygynyň öňki model bilen deňeşdirilende pesdigini tassyklady. Muňa "Privacy Display" gorag gatlagy sebäp boldy. Kompaniýa ýagtylygyň peselmegini ujypsyz hasaplaýar, emma bu tapawut funksiýa öçürilende hem duýulýar
22.03.2026 13:16
5.9k+
Muhammad Şahbaz Şarif Türkmenistanyň Prezidentini sapar bilen Pakistana çagyrdy
2026-njy ýylyň 21-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDH habar berýär
22.03.2026 12:47
1.8k+
Sem Altman emeli aň üçin edil jemagat-hojalyk hyzmatlarynyňky ýaly tölemegi teklip etdi
OpenAI-yň ýolbaşçysy Sem Altman emeli aňdan peýdalanmak üçin töleg usulyny üýtgetmegi we ony edil jemagat-hojalyk hyzmatlaryňka meňzeş etmegi teklip etdi. Gürrüň ulanyjylaryň edil suw ýa-da elektrik energiýasy üçin töleýişleri ýaly, diňe ulanylan mukdara görä töleg etmek barada gidýär
22.03.2026 12:38
5.6k+
Madonna 24 ýyldan soň ýene kino dünýäsine gaýdyp geldi
«Amerikaly meşhur aýdymçy Madonna 24 ýyldan soň ýene aktrisalyk kärine dolanmak hyýalyna mündi. Ol «Kinostudiýa» (The Studio) atly serialyň ikinji möwsüminde surata düşýär» diýip, Entertainment Weekly neşiri habar berýär
22.03.2026 12:31
7.1k+
Bizden 83 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýaşaýyş mümkinçilikli täze super Ýer tapyldy
Kosmos kartasynda, astronomik ölçegler boýunça örän golaýda täze bir gyzykly nokat peýda boldy. Ýerden 83 ýagtylyk ýyly uzaklykda alymlar adaty tapyndylardan düýbünden tapawutlanýan bir planetany ýüze çykardylar
22.03.2026 12:20
3.5k+
Counter-Strike 1.6-ny indi brauzeriň üsti bilen oýnap bolýar
DosZone Team topary Counter-Strike 1.6 oýnunyň brauzer wersiýasyny çykardy. Bu taslamany taýýarlamak üçin takmynan alty aý sarp edildi we oýunçylaryň gatnaşmagynda iki hepdelik synagdan geçdi. Oýun toparyň goşmaça kämilleşdirmeleri bilen "Xash3D" hereketlendirijisinde işleýär hem-de mugt, mahabatsyz we hiç hili tölegsiz elýeterlidir
22.03.2026 12:19
5.6k+
Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
21-nji martda Türkmenistanda Halkara Nowruz baýramynyň bellenilýän pursatlarynda ýurduň ekologiýa syýasatynyň rowaçlanýandygyny dabaralandyrýan ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Bu
22.03.2026 12:15
1.6k+
Tim Kuk: Mac kompýuterlerini ilkinji gezek satyn alan müşderileriň sany hepdelik rekordy täzeledi
Apple kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tim Kuk geçen hepdede ilkinji gezek Mac kompýuterini satyn alan ulanyjylaryň sany boýunça rekord goýlandygyny mälim etdi. Islegiň artmagy geçen hepde dükanlara çykarylan täze MacBook Neo modeliniň satuwa başlamagy bilen gabat geldi
22.03.2026 11:25
1.9k+
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni dabaraly bellenilýär
21-nji martda Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uly ruhubelentlik bilen garşylandy. Baýramçylygyň esasy dabaralary Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda» ýaýbaňlandyryldy
22.03.2026 08:18
5.4k+
ÝUNESKO Ortaýer deňzinde sunaminiň ýüze çykyp biljekdigini duýdurdy
ÝUNESKO ýene on ýyl çemesi wagtdan Ortaýer deňzinde sunaminiň ýüze çykmak ähtimallygynyň bardygy hakynda duýduryş berdi. Hünärmenleriň çaklamasyna görä, Fransiýanyň kenarýakalary hem howply zolakda ýerleşýär. Şol sebäpli gurama bu sebiti doly derejede howpsuz hasap etmeýär
22.03.2026 08:09
4.8k+
Samsung Hindistanda Galaxy S26-ny ýarty bahasyna satyn almagy teklip etdi
Samsung kompaniýasy Hindistanda Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin «Galaxy Forever» maksatnamasyny işe girizdi. Bu taslama öňki nesillerden has gymmat bolan täze modelleri satyn almagy ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir
22.03.2026 08:07
4.8k+
Curiosity-nyň tötänleýin daşy döwmegi Marsda täze açyş döretdi
Marsy öwrenýän Curiosity marsohody planetanyň ýüzündäki bir daşy tötänleýin döwdi we onuň içinden arassa kükürdi ýüze çykardy. Waka gadymy suwuň yzlary öwrenilýän Gediz-Wallis kanalynda bolup geçdi. Mundan ozal Gyzyl planetada diňe sulfatlar — kükürdiň başga maddalar bilen birleşmesi tapylýardy
22.03.2026 08:03
2k+
Inženerler bir serwerde 110 günüň dowamynda Pi sanynyň 314 trillion sanyny hasapladylar
«StorageReview» barlaghanasynyň inženerler topary Pi sanyny hasaplamakda oturdan soňra 314 trillion sanyna ýetip, täze dünýä rekordyny goýdular. Ähli hasaplamalar ýeke-täk Dell PowerEdge R7725 serwerinde 110 günüň dowamynda bökdençsiz we täzeden ýüklenmesiz ýerine ýetirildi
22.03.2026 07:54
2.8k+
«Kesgir gaşlar: Ölmez adam» atly doly göwrümli film çykdy
Netflix platformasynda «Kesgir gaşlar» serialynyň doly göwrümli dowamy tomaşaçylara hödürlendi. «Ölmez adam» («Острые козырьки: Бессмертный человек») diýlip atlandyrylýan film Tomas Şelbiniň taryhyny dowam etdirýär
22.03.2026 07:47
2.4k+
Alymlar B2 witamininiň çiş öýjüklerini halas edip biljekdigini anykladylar
Adatça öýjükleri zeperlenmelerden goramaga kömek edýän B2 witamini, şol bir wagtyň özünde rak öýjükleriniň hem janly galmagyna ýardam berip biler. Ýulius Maksimilian adyndaky Wýursburg uniwersitetiniň Rudolf Wirhow merkeziniň alymlarynyň gelen bu netijesine esas bolan barlag hakda Nature Cell Biology žurnalynda çap edildi
22.03.2026 04:40
4.6k+
Alymlar: adamzadyň diri galmagyna duýgudaşlyk sebäp bolupdyr
Adamzadyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda ýitmän, gyrylman, arkama-arka ýaşap ýörmegine onuň güýji-de däl, akly-da däl, eýsem özgäniň derdine duýgudaşlyk etmek we gatnaşyk gurmak ukyby sebäp bolupdyr. Bu baradaky ýörite barlaglar arkaly gelnen ylmy makala Journal of Archaeological Science žurnalynda çap edildi
22.03.2026 04:18
2.3k+
Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi
Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär
22.03.2026 04:10
2.3k+
Nissan Toyota-nyň mysalyna eýerip, öz Murano modellerini Ýaponiýa ABŞ-dan getirip başlar
Nissan kompaniýasy Amerikanyň Tennessi ştatyndaky zawodda öndürilýän Murano krossowerini Ýaponiýanyň bazaryna ibermek meýilnamasyny yglan etdi. Häzirki wagtda bu model bu ýurtda satylmaýar. Mundan ozal Toyota we Honda kompaniýalary hem meňzeş ädimler barada habar beripdiler
22.03.2026 04:00
3.2k+
Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy
Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy
22.03.2026 03:49
3.5k+
«Şençžou-21» ekipažy orbitada ilkinji «kosmos» pomidorlarynyň hasylyny ýygdy
Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyndaky «Şençžou-21» missiýasynyň ekipažy «kosmos pomidorlarynyň» ilkinji hasylynyň üstünlikli ýygnalandygyny habar berdi. Hytaýyň merkezi telewideniýesiniň (CCTV) maglumatyna görä, astronawtlar aeroponika desgasynyň kömegi bilen "çerri" pomidorlary ösdürip ýetişdirdiler
22.03.2026 03:37
1.5k+
Tesla Roadster modeli üçin rewolýusion sport oturgyjyna patent aldy: onuň nämesi üýtgeşik?
Tesla kompaniýasy geljekki Roadster superkarynda ulanylyp bilinjek täze sport oturgyjy üçin patent aldy. Patent arzasynda monolit karkas — esasy bölegi, arkalygy, kellesindäki söýeg we gapdal diregleri özünde jemleýän bitewi kompozit gabyk beýan edilýär
22.03.2026 03:26
2.2k+
Emili Blant we Killian Mýorfi «Ümsüm ýer-3» filmine dolanýarlar
Aktýorlar Emili Blant we Killian Mýorfi «Ümsüm ýer-3» filmine gatnaşjakdyklaryny tassykladylar. Bu barada «Deadline» neşiri habar berdi. Filmiň tanyşdyrylyşy 2027-nji ýylyň 30-njy iýulyna meýilleşdirildi. Taslamanyň režissýory, ssenaristi we prodýuseri hökmünde ýene-de Jon Krasinski çykyş eder
22.03.2026 03:14
6.4k+
Kirpileriň tas üçden biri ýolda ulag astyna düşýär: Ýewropalylar bu meseläni çözdüler
Geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, Ýewropadaky ýerli kirpileriň üçden bir bölegine çenlisi her ýyl awtoulaglaryň astyna düşüp ölýär. Barlagçylar ýollarda bu haýwanlaryň ölmegini azaltmak üçin awtoulaglary üýtgetmegi teklip etdiler diýip, Popular Science ýazýar
22.03.2026 03:03
2.7k+
Patyşalar jülgesinde syýahatçylaryň iki müň ýyl öň galdyran ýazgylary tapyldy
Müsüriň Patyşalar jülgesinde barlagçylar takmynan iki müň ýyl ozal syýahatçylar tarapyndan galdyrylan gadymy diwar ýazgylaryny tapdylar. Hindi dillerindäki bu ýazgylary biziň eýýamymyzyň I–III asyrlaryna degişli diýip hasaplaýarlar
«
1
…
72
73
74
…
1117
»
«
1
…
69
70
71
72
73
74
75
76
77
…
1117
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.