Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Bilim
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Bilim
04.12.2025 16:44
7.5k+
Wengriýada we Hytaýda okamak isleýän türkmen raýatlarynyň resminamalary kabul edilýär
1 – 15-nji dekabr aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň hem-de Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary kabul edilýär
04.12.2025 16:24
6.5k+
Magtymguly adyndaky TDU-nyň ýene bir talyby «Türki halklarynyň iň gowy talyby» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyby Nurýagdy Baýryýew «Türki halklarynyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy. TDU-nyň resmi saýtynda habar
30.11.2025 08:56
6.3k+
Türkmenistanly talyp "ýylyň öwrülişigi" üçin «RF-niň ýylyň daşary ýurtly talyby» bäsleşiginde ýeňiji boldy
Türkmenistanly talyp Igor Ýermolaýew «Russiýa Federasiýasynyň ýylyň daşary ýurtly talyby» atly ählihalk bäsleşiginiň «Ýylyň ylmy öwrülişigi» atly ugry boýunça ýeňiji boldy. Bu barada uniwersitetiň Telegram-kanalynda habar berildi
29.11.2025 22:13
3.9k+
Türkmenistanly talyp «Future Skills Sprint» atly halkara bilim maksatnamasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Aýsoltan Annamämmedowa 20 – 22-nji noýabr aralygynda Stambul (Türkiýe) şäherinde geçirilen «Future Skills Sprint» atly halkara bilim başlangyjynyň çäklerindäki okuwlara gatnaşdy
29.11.2025 22:10
4.7k+
Türkmenistanda mekdebe çenli bilim boýunça täze okuw gollanmasy neşir edildi
Türkmenistanda «Mekdebe çenli terbiýäni guramak we dolandyrmak» atly täze okuw gollanmasy neşir edildi. Ol Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika kafedrasynyň uly mugallymy N
24.11.2025 00:01
5k+
Türkmenistanyň DIM-niň HGI Fransiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar
«Türkmen-Fransuz gatnaşyklary: häzirki zamanyň kynçylyklary we geljegi» atly maslahatyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa Parižde Fransiýanyň
23.11.2025 22:56
5.7k+
Merkezi Aziýa döwletleri ýokary okuw mekdepleriniň diplomlaryny özara ykrar etmek barada ylalaşdylar
Merkezi Aziýa döwletleri akkreditirlenen ýokary bilim edaralary tarapyndan berlen diplomlary özara ykrar etmek barada ylalaşyga gol çekdiler. Orient agentliginiň Zakon.kz portalyna salgylanyp ýazmagyna görä, resminamada sebitiň döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň hem, şeýle diplomlary umumy şertlerde ykrar etmek barada ylalaşandygy aýdylýar
22.11.2025 10:34
6.9k+
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýa we Wengriýa ýaşlary okuwa ibermek barada degişli işleri geçirmegi tabşyrdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow 2026-2027-nji okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna ýaşlary okuwa ibermek barada taýýarlanan teklibi goldady. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B
19.11.2025 13:56
5.8k+
Türkmen talyplary Polşada ISTCiM-2025 olimpiadasynda 2 kümüş medal aldylar
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 6-9-njy noýabrda Polşanyň Katowise şäherindäki Sileziýa uniwersitetiniň gurnamagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen 7-nji Halkara toparlaýyn matematika bäsleşigine (International Students Team Competition in Mathematics, ISTCiM-2025) gatnaşdylar
19.11.2025 11:45
6.1k+
Beýik Britaniýanyň Nottingem uniwersitetiniň professorlary Türkmenistanda ussatlyk-sapagyny geçdiler
10-14-nji noýabr aralygynda «Merkezi Aziýada iňlis diliniň öwrenilişini tizleşdirmek» diýen Britan geňeşiniň maksatnamasynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň Nottingem uniwersitetiniň professorlary Martin Sewior we Sara Han Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda boldular
19.11.2025 11:04
2.2k+
Aşgabatda iň gowy startap taslamalarynyň bäsleşiginiň ýarym finaly geçirildi
Aşgabatda “Best Startup Project” bäsleşiginiň ýarym final tapgyry üstünlikli geçirildi. “Startup Academy Ambassodor” guramasynyň guramagynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bäsleşik ýaşlaryň innowasion ukyplaryny ösdürmegi maksat edinýär
16.11.2025 18:32
2.8k+
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyplar we okuwçylar üçin okuw gollanmalaryny taýýarladylar
Türkmenistanda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary tarapyndan ýokary okuw mekdepler we orta mekdepler üçin taýýarlanylan okuw gollanmalary neşir edildi. Informatikany okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymlary M
16.11.2025 18:19
3.4k+
Türkmen wekiliýeti Pekinde Hytaý dili boýunça Bütindünýä maslahatyna gatnaşdy
14-nji noýabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektoryndan, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygyndan we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hytaý dili mugallymyndan ybarat wekiliýet Pekin şäherinde «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly iri halkara çäresine gatnaşdy
16.11.2025 12:54
5.8k+
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby “Türki halklarynyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh hünäriniň IV ýyl talyby Zyýada Ýusubowa Gazagystanyň Astana şäherinde bu ýurduň “Bilim-orkenieti” milli innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de “Žana Gazagystan” respublikan innowasion merkezi tarapyndan guralan “Türki halklarynyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşiginde ýeňiş gazandy
14.11.2025 23:55
2.8k+
Uniwersitetler we startaplar Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýji hökmünde bellenildi
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bilim esasly ulgama geçmegi we durnukly ösmegi üçin uniwersitetler we startaplar esasy hereketlendirijilere öwrülýär. "Türkmentel-2025" sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanda bilim ykdysadyýetini ösdürmäge bagyşlanan mejlis geçirildi
14.11.2025 19:07
1.7k+
Talyplaryň arasynda «CodeMaster 2025» programmirleme bäsleşigi geçiriler
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «CodeMaster 2025» hakatonyny geçirer. Bäsleşik 4-5-nji dekabrda onlaýn arkaly toparlaýyn ýaryş görnüşinde geçiriler
14.11.2025 19:04
2k+
Türkmenistanda kartografiýa boýunça I internet-olimpiada geçiriler
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň geodeziýa kafedrasy guramagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda kartografiýa boýunça I internet-olimpiada geçiriler. Olimpiada gatnaşmaga taýýarlygyň dürli ugurlary we hünärleri boýunça bilim alýan ähli gyzyklanma bildirýän talyplar çagyrylýar
12.11.2025 17:44
6k+
Türkmen talyplary Polşada geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 22 medal gazandylar
6–10-njy noýabr aralygynda Katowise şäherindäki (Polşa) Sileziýa uniwersitetinde geçirilen talyplaryň halkara toparlaýyn matematika olimpiadasynda ýurdumyzyň wekilleri jemi 22 medala mynasyp boldular diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr" neşiri habar berýär
08.11.2025 17:23
2.6k+
Aşgabat we Yslamabat hünär-tehniki bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň Milli hünär we tehniki taýýarlyk komissiýasynyň (NAVTTC) başlygy Gulmina Bilal Ahmad bilen duşuşdy. Duşuşykda NAVTTC-niň alyp barýan işleri boýunça gysgaça maglumat berildi
07.11.2025 10:10
9.6k+
Türkmenistanyň binagärlik institutynyň talyplary Garabogaz aýlagyndaky täze köprüde tejribelik geçdiler
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze, döwrebap awtomobil köprüsinde okuwa degişli tejribelik sapaklaryny geçirdiler. Türkmenistanyň
05.11.2025 10:59
3.9k+
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ykdysadyýet we filosofiýa boýunça halkara olimpiadalaryň ýeňijileri sylaglanyldy
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mejlisler zalynda Halkara ykdysadyýet we Halkara filosofiýa olimpiadalarynyň ýeňijilerine baýraklaryň gowşurylyş dabarasy boldy diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär
04.11.2025 19:00
1.6k+
Türkmenistanda maliýe boýunça II halkara olimpiada geçiriler
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty «Maliýe» dersi boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirýär. Ýokary okuw mekdebi Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny olimpiada gatnaşmaga çagyrýar
02.11.2025 21:10
5.5k+
ÝB we Merkezi Aziýa ýurtlary başarnyklar hem-de iş orunlaryny ösdürmekde hyzmatdaşlygy güýçlendirýärler
30–31-nji oktýabrda Italiýanyň Turin şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) 10 million ýewro býujetlik “DARYA” maksatnamasynyň çäginde dördünji ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümet wekilleri, halkara guramalar we bilermenler gatnaşdylar
01.11.2025 14:31
4.7k+
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti talyplary biologiýa boýunça olimpiada çagyrýar
20-nji noýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda biologiýa boýunça IV halkara internet-olimpiada geçirer
01.11.2025 13:07
6.2k+
Türkmenistanda orta mekdepler üçin täze okuw kitaplary neşir edildi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary üçin täze okuw kitaplar çap edildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär
30.10.2025 13:34
6.2k+
Türkmen oba hojalyk institutynda Topragy öwreniş boýunça II internet olimpiadasy geçirildi
29-njy oktýabrda Türkmen oba hojalyk institutynyň guramagynda Türkmenistandaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda Topragy öwreniş boýunça II internet ders bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik institutyň içki portalynyň mümkinçiliklerinde peýdalanylyp geçirildi
30.10.2025 11:19
1.8k+
Türkmen Oba hojalyk instituty "Agroinnowasiýalar" halkara ylmy-taslamalar bäsleşigini yglan etdi
Türkmen Oba hojalyk instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan eden “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigine arzalary kabul etmegini dowam edýär
30.10.2025 10:24
3.6k+
Coursera Türkmenistanyň Bilim ministrligine bilimiň hilini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmak boýunça çözgütlerini hödürledi
27-nji oktýabrda Waşington şäherinde Coursera kompaniýasynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda kompaniýa bilimiň hilini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ekosistemany hödürledi hem-de hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny görkezdi
30.10.2025 09:57
2.2k+
ABŞ-da Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kraça institutynyň we Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy
27-nji oktýabrda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Waşington şäherinde Bütindünýä bankynyň hem-de Perdýu uniwersitetiniň ýanyndaky Kraç Tehnologik Diplomatiýa institutynyň wekilleri bilen iş duşuşyklaryny geçirdi
30.10.2025 09:47
9.1k+
Türkmenistanly talyp «Türki halklaryň iň gowy talyby» adyna mynasyp boldy
Astanada L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň Pedagogika ýokary mekdebinde daşary ýurt dilleri (nemes we iňlis) ugry boýunça okaýan türkmenistanly talyp Hemra Parrykow «Türki halklaryň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
29.10.2025 18:12
4.9k+
Aşgabatda geçirilen forumda ýokary hilli bilimi we adam maýasyny ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy
27-nji oktýabrda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Durnukly ösüş maksatlary: okatmagyň usulyýeti we innowasiýalar esasynda ýokary hilli bilimi we adam maýasyny ösdürmek» atly halkara ylmy maslahat geçirildi
29.10.2025 12:03
7k+
ABŞ-da Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we AC Language School kompaniýasynyň wekilleri duşuşdylar
28-nji oktýabrda ABŞ-a iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew AC Language School kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşyga kompaniýanyň hökümet we operasion meseleleri boýunça jogapkär wekili Angeles Çawes hem-de degişli hünärmenler gatnaşdy
27.10.2025 16:28
6.2k+
Innowasiýa maglumat merkeziniň dil okuwlarynyň diňleýjileri haýwanat bagyna gezelenç etdiler
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi gysga möhletleýin dil okuwlarynyň diňleýjileri üçin Janly tebigatyň milli muzeýine gezelenç gurady. Dynç alyş möwsüminde geçirilen bu çäre dil öwrenýän ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge gönükdirildi
25.10.2025 19:55
5.3k+
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri Waýoming uniwersiteti bilen Ähtnama gol çekişdiler
Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş saparynyň çäginde ABŞ-nyň Waýoming Döwlet uniwersitetine (University of Wyoming, UW) baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi
25.10.2025 07:33
2.3k+
Türkmenistanyň bilim ministri Hytaýyň ilçisi bilen täze taslamalary maslahatlaşdy
22-nji oktýabrda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçisi Si Şumin bilen duşuşdy. Bu barada ministrligiň saýtynda habar berilýär. Ministr ilçini wezipesine girişmegi bilen gutlap, bilim ulgamy boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýetini nygtady
24.10.2025 11:38
3.5k+
Noýabr-dekabrda Türkmenistanda geçiriljek halkara bilim olimpiadalary, bäsleşikler we halkara ylmy-amaly maslahatlar
23-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek halkara bilim olimpiadalary we bäsleşikleri, şeýle hem halkara ylmy-amaly maslahatlar barada hasabat berdi
23.10.2025 11:33
1.9k+
Tatarystanyň ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar
Aşgabatda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde türkmen mugallymlary üçin hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça on günlük okuwlar başlandy. Okuwlary RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Neberežnyý Çelny şäherindäki Döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň (NGPU, RF) hünärmenleri alyp barýar
23.10.2025 11:25
3.4k+
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekiliýeti ABŞ-a iş saparyny amala aşyrýar
Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň we ýöriteleşdirilen okuw jaýlarynyň mugallymlaryndan hem-de ýolbaşçylaryndan ybarat wekiliýet Amerika Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrýar. Türkmenistanyň
21.10.2025 11:45
6k+
Türkmenistanda okuwçylar üçin “Geometriýa” we “Ýapon dili” dersleri boýunça täze okuw kitaplary neşir edildi
Türkmenistanda 8-nji synp okuwçylary üçin “Geometriýa” we “Ýapon dili” dersleri boýunça täze okuw kitaplary neşir edildi. “Ýapon dili” atly täze okuw kitaby okuw maksatnamasyna doly laýyk gelýär. Ol maşgaladan we Watandan başlap iki ýurduň medeniýetine çenli sekiz tematiki bölümden durýar
19.10.2025 17:03
3.3k+
Türkmen talyplary Himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiadasynda 5 altyn medal aldylar
Türkmenistanly talyplar 15 — 17-nji oktýabr aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça geçirilen IV halkara olimpiadada bäş altyn medal gazandylar. Olimpiadanyň netijeleri Magtymguly Türkmen döwlet uniwersitetiniň maglumatlar portalynda çap edildi
«
1
…
4
5
6
…
23
»
«
1
2
3
4
5
6
7
8
9
…
23
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.