Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby “Türki halklarynyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

16.11.2025, 12:545,806

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh hünäriniň IV ýyl talyby Zyýada Ýusubowa Gazagystanyň Astana şäherinde bu ýurduň “Bilim-orkenieti” milli innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de “Žana Gazagystan” respublikan innowasion merkezi tarapyndan guralan “Türki halklarynyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşiginde ýeňiş gazandy.

Z.Ýusubowa bäsleşige internet arkaly gatnaşyp, I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy. Bu barada uniwersitetiň saýtynda habar berilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.