emeli aň

90-a golaý ýurt emeli aňyň täsiri baradaky jarnama gol çekdi
23.02.2026 09:41
5.1k+

90-a golaý ýurt emeli aňyň täsiri baradaky jarnama gol çekdi

Nýu-Delide geçirilen sammitiň netijeleri boýunça emeli aňyň täsiri baradaky jarnama kabul edildi. Bu barada Hindistanyň Elektronika we maglumat tehnologiýalary ministrligi habar berdi.  Jarnama jemi 88 ýurt we halkara guramasy tarapyndan goldanyldy
OpenAI-yň 2030-njy ýyla çenli çykdajylary $600 mlrd ýeter, emma ýyllyk girdejisi $280 mlrd bolar
22.02.2026 17:17
2.6k+

OpenAI-yň 2030-njy ýyla çenli çykdajylary $600 mlrd ýeter, emma ýyllyk girdejisi $280 mlrd bolar

Tehnologiýa ägirtleriniň maliýe goldawyna garamazdan, OpenAI hususy startap bolmagyna galýar we öz maliýe görkezijilerini aýan etmäge borçly däl. Şeýle-de bolsa, resmi däl çeşmelerden gelýän maglumatlara görä, kompaniýanyň 2030-njy ýyla çenli 600 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýändigi belli boldy
Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy
21.02.2026 17:41
1.8k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr
Google habarçylaryň şikaýatlaryndan soň EA-gözleginiň interfeýsini üýtgetdi
21.02.2026 14:09
1.2k+

Google habarçylaryň şikaýatlaryndan soň EA-gözleginiň interfeýsini üýtgetdi

Google kompaniýasy «EA-dan syn» (AI Overviews) we Geminä esaslanýan «Emeli aň tertibi» bölümlerinde gipersalgylanmalaryň görkezilişine üýtgeşmeler girizdi. Bu barada Google Search önümleri boýunça wise-prezidenti Robbi Steýn habar berýär
Hindistan $200 mlrd maýa goýum bilen dünýäniň EA-hasaplama merkezine öwrülmegi maksat edinýär
20.02.2026 17:00
3.9k+

Hindistan $200 mlrd maýa goýum bilen dünýäniň EA-hasaplama merkezine öwrülmegi maksat edinýär

Hindistan hökümeti geljek iki ýylyň dowamynda emeli aň infrastrukturasyna 200 milliard dollardan gowrak maýa goýumyny çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada maglumat tehnologiýalary ministri Aşwini Waişnaw Nýu-Delide geçen «Emeli aňyň täsiri» sammitindäki çykyşynda aýtdy
Kazyýet OpenAI-iň «Cameo» sözüni ulanmagyny gadagan etdi
20.02.2026 14:01
2k+

Kazyýet OpenAI-iň «Cameo» sözüni ulanmagyny gadagan etdi

Meşhur adamlardan şahsy wideogutlaglary sargyt etmäge mümkinçilik berýän Cameo platformasy bilen OpenAI kompaniýasynyň arasyndaky dawada Kaliforniýanyň Demirgazyk okrugynyň federal kazyýeti Cameo-nyň tarapyny çaldy
Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary
20.02.2026 11:20
2.1k+

Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary

Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär
Google Gemini-de saz döretmek funksiýasy peýda boldy
20.02.2026 10:41
977

Google Gemini-de saz döretmek funksiýasy peýda boldy

Google kompaniýasy Gemini goşundysyna emeli aňa esaslanýan saz döretmek funksiýasyny goşdy. Ulanyjy diňe döretmek isleýän aýdymyny söz bilen beýan etmeli, şondan soň hyzmat ýazgysy, sözleri we suraty (obložkasy) bolan 30 sekuntlyk sazy taýýarlap berýär
TikTok-a eýelik edýän kompaniýa 14 milliard parametrli we rekord tizlikli BitDance surat döredijisini tanyşdyrdy
20.02.2026 09:18
4.3k+

TikTok-a eýelik edýän kompaniýa 14 milliard parametrli we rekord tizlikli BitDance surat döredijisini tanyşdyrdy

TikTok sosial ulgamynyň eýesi ByteDance suratlary döretmek üçin niýetlenen täze BitDance modelini hödürledi. 14 milliard parametrli bu model ähli ulanyjylar üçin açyk formatda ýaýradyldy. BitDance öndürijilik we ýokary hilli surat döretmek boýunça birnäçe meşhur bäsdeşlerinden, şol sanda Z-Image-Turbo, Z-Image, Seedream 3
ChatGPT ulgamyna «bloklama düzgüni» we «ýokary töwekgelçilik» belgisi girizildi
19.02.2026 20:07
1.6k+

ChatGPT ulgamyna «bloklama düzgüni» we «ýokary töwekgelçilik» belgisi girizildi

OpenAI kompaniýasy emeli aň önümleri üçin täze howpsuzlyk funksiýalaryny — «bloklama düzgünini» (Lockdown Mode) we «ýokary töwekgelçilik» (Elevated Risk) belgisini işe girizýändigini yglan etdi. Bu täzelikler ChatGPT, ChatGPT Atlas we Codex ulgamlaryna degişlidir
Mask aşa çalt öwrenmek aýratynlygy bolan Grok 4.2 neýroulgamynyň işe girizilendigini yglan etdi
19.02.2026 14:25
2.3k+

Mask aşa çalt öwrenmek aýratynlygy bolan Grok 4.2 neýroulgamynyň işe girizilendigini yglan etdi

​Ilon Mask xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen uly dil modeliniň täzelenmesi bolan Grok 4.2 wersiýasynyň çykandygyny habar berdi. Neýroulgam eýýäm köpçülikleýin beta-testirleme görnüşinde ulanyjylara elýeterlidir
Ýewroparlamentiň deputatlary iş planşetlerinde emeli aňsyz galdylar
17.02.2026 19:35
2.9k+

Ýewroparlamentiň deputatlary iş planşetlerinde emeli aňsyz galdylar

Ýewropa parlamenti howpsuzlyk maksady bilen, deputatlaryň korporatiw planşetlerindäki emeli aň funksiýalaryny öçürdi. Bu barada Euractiv neşiri habar berýär. Şeýle karar kiberhowpsuzlyk we şahsy maglumatlary goramak boýunça hünärmenleriň maslahaty esasynda kabul edildi
Bred Pitt bilen Tom Kruzyň "garpyşygy" tankytlanandan soň ByteDance täze emeli aň generatoryna çäklendirme girizýär
17.02.2026 18:37
4.4k+

Bred Pitt bilen Tom Kruzyň "garpyşygy" tankytlanandan soň ByteDance täze emeli aň generatoryna çäklendirme girizýär

Hytaýyň ByteDance kompaniýasy (TikTok-yň eýesi) amerikan kinostudiýalarynyň kazyýet şikaýatlary baradaky duýduryşlaryndan soň, täze Seedance 2.0 emeli aň (AI) wideo generatorynda intellektual eýeçilik obýektleriniň ulanylyşyny çäklendirmegi wada berdi
Bloomberg: sarp ediş elektronikasy pudagyna çökgünlik garaşýar
16.02.2026 20:41
3.2k+

Bloomberg: sarp ediş elektronikasy pudagyna çökgünlik garaşýar

Dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary sarp ediş elektronikasy pudagynda uly kynçylyklaryň gelip ýetýändigi barada duýdurýarlar. Emeli aň üçin niýetlenen maglumatlary işlemek merkezleriniň (data-center) örän ýokary islegi, smartfonlarda, noutbuklarda we beýleki ýokary tehnologiýaly enjamlarda ulanylýan DRAM (dinamiki operatiw ýat) mikroshemalarynyň gytçylygyna alyp barýar
Hindistanda ChatGPT-niň hepdelik işjeň ulanyjylarynyň sany 100 milliona ýetdi
16.02.2026 20:11
1.4k+

Hindistanda ChatGPT-niň hepdelik işjeň ulanyjylarynyň sany 100 milliona ýetdi

Hindistan ChatGPT-niň hepdede 100 million işjeň ulanyjy görkezijisine ýetdi. Bu görkeziji ýurdy ABŞ-dan soň OpenAI kompaniýasynyň dünýädäki ikinji uly bazaryna öwürdi. Bu barada Nýu-Delide geçirilýän emeli aň boýunça hökümet sammitiniň öňüsyrasynda OpenAI-yň baş direktory Sem Altman habar berdi
Unitree-niň robotlary indi öz-özlerini ýasap başladylar
16.02.2026 13:58
2.5k+

Unitree-niň robotlary indi öz-özlerini ýasap başladylar

Unitree Robotics kompaniýasy Hançžou şäherindäki önümçilik toplumyndan düşürilen wideony paýlaşdy. Onda UnifoLM-X1-0 emeli aň modeliniň dolandyrmagyndaky adamsypat robotlar özlerine meňzeş beýleki robotlary ýygnamak işini ýerine ýetirýär
Google emeli aň agentleriniň web saýtlar bilen işlemegi üçin täze standarty yglan etdi
16.02.2026 10:02
804

Google emeli aň agentleriniň web saýtlar bilen işlemegi üçin täze standarty yglan etdi

​Google kompaniýasy emeli aň agentleriniň web saýtlar bilen özara gatnaşygyny  standartlaşdyrmak üçin niýetlenen MCP protokolynyň brauzer görnüşi bolan WebMCP-ni tanyşdyrdy. Bu täze çemeleşme, agentiň HTML koduny derňemezden we ulanyjynyň  basyşlaryny gaýtalamazdan, saýtda amallary ýerine ýetirmek üçin anyk we öňünden kesgitlenen interfeýs almagyny üpjün edýär
Spotify: "Öňdebaryjy inženerlerimiz dekabrdan bäri elde kod ýazmagyny bes etdiler"
15.02.2026 21:55
1.7k+

Spotify: "Öňdebaryjy inženerlerimiz dekabrdan bäri elde kod ýazmagyny bes etdiler"

Spotify akym (streaming) hyzmaty kompaniýanyň öňdebaryjy inženerleriniň dekabr aýyndan bäri "bir setir hem kod ýazmandygyny" mälim etdi. TechCrunch neşiriniň habar bermegine görä, bu täze iş usuly arkaly 2025-nji ýylyň dowamynda platforma 50-den gowrak täze funksiýa we üýtgeşme girizildi
Tom Kruz bilen Bred Pittiň uruşýan wideosy Golliwudyň gaharyny getirdi
15.02.2026 20:51
7.8k+

Tom Kruz bilen Bred Pittiň uruşýan wideosy Golliwudyň gaharyny getirdi

Iri golliwud studiýalary Hytaýyň ByteDance kompaniýasyny öz neýroulgamlaryna tälim bermek üçin awtorlyk hukugy bilen goralan kontenti yzygiderli ulanmakda aýypladylar. Şikaýat eden kompaniýalaryň arasynda Disney we Paramount Skydance bar diýip, Variety habar berýär
Kurt Wonnegutyň ýarym asyr öň döreden öňdengörüji romany esasynda film düşüriler
15.02.2026 17:03
2k+

Kurt Wonnegutyň ýarym asyr öň döreden öňdengörüji romany esasynda film düşüriler

Kurt Wonnegutyň ilkinji romany bolan «Mehaniki pianino» (Player Piano) esasynda çeper film surata düşüriler. Filmiň režissýory Rid Morano bolar, ssenariýasyny bolsa Metýu Woker ýazar diýip, Deadline neşiri habar berýär
Pitt we Kruz ekranda söweşýär: Emeli aň aktýorsyz ekşn-film düşürmegiň mümkinçiliklerini görkezdi
14.02.2026 19:15
6.1k+

Pitt we Kruz ekranda söweşýär: Emeli aň aktýorsyz ekşn-film düşürmegiň mümkinçiliklerini görkezdi

Joyrider Films-iň amerikaly režissýory Ruairi Robinson Bred Pitt bilen Tom Kruzuň biri-biri bilen söweşýän örän realistik wideosyny tanyşdyrdy. Bu iş ByteDance kompaniýasynyň Seedance 2.0 neýroulgamy arkaly taýýarlanyp, hakyky düşürilişden diýen ýaly tapawutlanmaýar
Google indi EA-modellerine Disney gahrymanlarynyň suratlaryny döretdirmeýär
14.02.2026 18:16
1.2k+

Google indi EA-modellerine Disney gahrymanlarynyň suratlaryny döretdirmeýär

Google-yň emeli aň modelleri Disney gahrymanlary bilen baglanyşykly tabşyryklary ret edip başlady. Üýtgeşmeler dekabr aýynda Disney-iň kompaniýany intellektual eýeçilik hukuklaryny bozmakda aýyplamagyndan soň başlandy
Emeli aň ýene bir synagda adamyň görkezijisinden öňe geçdi: Gemini 3 Deep Think abstrakt pikirlenmäge ökde
14.02.2026 16:02
2.2k+

Emeli aň ýene bir synagda adamyň görkezijisinden öňe geçdi: Gemini 3 Deep Think abstrakt pikirlenmäge ökde

Google DeepMind ylmy we inženerçilik meselelerini çözmäge gönükdirilen Gemini 3 Deep Think modeliniň uly täzelenmesini tanyşdyrdy. Modeliň iň esasy görkezijisi — ARC-AGI-2 testinde 84,6% netije görkezmegidir. Bu test emeli aňyň ozal görmedik täze abstrakt meselelerini öwrenilen maglumatlara esaslanman, diňe logika arkaly çözmek ukybyny barlaýar
Daşyň ýüzi söweş meýdany bolupdyr: Emeli aň gadymy Rim oýnunyň düzgünlerini aýan etdi
14.02.2026 10:34
2.2k+

Daşyň ýüzi söweş meýdany bolupdyr: Emeli aň gadymy Rim oýnunyň düzgünlerini aýan etdi

Alymlar emeli aňyň kömegi bilen Niderlandlaryň Herlen şäherinden tapylan, daşyň ýüzüne oýulyp çekilen gadymy oýnuň düzgünlerini täzeden dikeltmegi başardylar. Geçirilen barlaglar bu oýnuň öň pikir edilişinden birnäçe asyr öň oýnalandygyny subut etdi
Toyota we Pony.ai Hytaýda bZ4X önümçilik robotaksisini çykarýar
13.02.2026 15:12
3.2k+

Toyota we Pony.ai Hytaýda bZ4X önümçilik robotaksisini çykarýar

GAC Toyota we Pony.ai kompaniýalary Hytaýda Toyota bZ4X elektrik krossoweriniň esasynda döredilen täze robotaksisini tanyşdyrdy. Bu ulag sürüjini doly çalşyp bilýän ýedinji nesil awtonom dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyryldy
Lukmançylykda emeli aňyň artmagy hassalaryň şikes almagyna sebäp bolup bilýär
13.02.2026 11:38
3.4k+

Lukmançylykda emeli aňyň artmagy hassalaryň şikes almagyna sebäp bolup bilýär

Emeli aňyň (EA) lukmançylyk ulgamyna ornaşdyrylmagy bilen bagly näsazlyklar, nädogry anyklaýyşlar we hassalaryň şikeslenmegi baradaky habarlar barha köpelýär diýip, Reuters habarlar agentliginiň çap eden materialynda aýdylýar
ChatGPT-de mahabat hyzmaty synag edilip başlandy
13.02.2026 10:59
1.2k+

ChatGPT-de mahabat hyzmaty synag edilip başlandy

OpenAI kompaniýasy ChatGPT platformasynda mahabatlary görkezmek boýunça synaglara başlady. Häzirki wagtda bu synag diňe ABŞ-daky hasaba alnan uly ýaşly ulanyjylara degişlidir. Synag hem mugt wersiýany, hem-de käbir tölegli nyrhnamalary öz içine alýar
Google emeli aňy ösdürmek üçin 100 ýyllyk karz aldy
12.02.2026 11:34
2.1k+

Google emeli aňy ösdürmek üçin 100 ýyllyk karz aldy

​Google-yň enelik kompaniýasy bolan Alphabet emeli aň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin üç sany halkara bazarynda obligasiýalary (gymmatly kagyzlaryny) ýerleşdirip, iki günüň içinde 32 milliard dollardan gowrak serişde ýygnady
Humanoid-iň robotlary ýeke-täk «beýnä» boýun bolup işlemäni öwrendiler
11.02.2026 09:31
1.6k+

Humanoid-iň robotlary ýeke-täk «beýnä» boýun bolup işlemäni öwrendiler

Humanoid kompaniýasy robotlaryň tutuş toplumy üçin ýeke-täk karar kabul ediş merkezi hökmünde işleýän KinetIQ dolandyryş ulgamyny tanyşdyrdy. Bu platforma senagat we durmuş gurşawynda ammar araba-robotlaryndan başlap, iki aýakly gumanoidlere çenli gurluşy we maksady dürli-dürli bolan enjamlary dolandyrmaga mümkinçilik berýär
OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň BAE-niň medeniýetine we kanunyna laýyk nusgasyny döreder
10.02.2026 08:30
2.8k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň BAE-niň medeniýetine we kanunyna laýyk nusgasyny döreder

OpenAI Birleşen Arap Emirlikleri üçin ChatGPT-niň ýöriteleşdirilen nusgasyny döretmek boýunça Abu-Dabiniň G42 tehnologiýa holdingi bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Semafor neşiri habar berýär. Taslama emeli aňy ýerli kanunçylygyň talaplaryna, medeni kadalara we şiwe aýratynlyklaryna uýgunlaşdyrmaga niýetlenendir
Insaýder: OpenAI-iň çykarjak ilkinji enjamy Dime atly gulaklyk bolar
09.02.2026 14:55
1.1k+

Insaýder: OpenAI-iň çykarjak ilkinji enjamy Dime atly gulaklyk bolar

GSMArena neşiriniň berýän habaryna görä, OpenAI kompaniýasy özüniň ilkinji enjam görnüşli önümini hödürlemäge taýýarlanýar. Özi-de bu smartfon ýa-da kulon däl-de, eýsem, emeli aň bilen işleýän gulaklykdyr. Başda kompaniýa emeli aň oturdylan kulon ýa-da ruçka diýen ýaly, has delräk enjamlary çykarmagy göz öňünde tutupdy
Amazon emeli aňyň kömegi bilen kino edýän çykdajylaryny azaltmak isleýär
09.02.2026 07:35
836

Amazon emeli aňyň kömegi bilen kino edýän çykdajylaryny azaltmak isleýär

Amazon kompaniýasy filmleri döretmekde emeli aňy ulanmak arkaly önümçilik möhletlerini gysgaltmagy hem-de onuň bahasyny arzanlatmagy göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň nygtaýşy ýaly, elbetde täze tehnologiýa döredijilik hünärmenleriniň ornuny tutmaz, ýöne onuň has köp taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edip biljekdigine welin, bil baglamak mümkin
Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar
08.02.2026 21:15
1k+

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy
Kompaniýanyň ýolbaşçysy işlerini EA-ekiztaýyna ýükläp, indi çagalaryna köp wagt bagyş edip bilýär
08.02.2026 18:12
3.7k+

Kompaniýanyň ýolbaşçysy işlerini EA-ekiztaýyna ýükläp, indi çagalaryna köp wagt bagyş edip bilýär

Extreme Networks kompaniýasynyň tehniki direktory we emeli aň ugrunyň ýolbaşçysy Nabil Buhariniň ähli duşuşyklara ýetişmek üçin öz ýene bir nusgasynyň gerekdigi hakyndaky aýdan degişmesi işgärleri tarapyndan derrew durmuşa geçirildi
Emeli aň adamlary işe alyp başlady: munuň nämesi erbet?..
08.02.2026 10:36
6k+

Emeli aň adamlary işe alyp başlady: munuň nämesi erbet?..

Ýakynda peýda bolan RentAHuman.ai hyzmaty internetde kän jedel döretdi. Ol emeli aň agentlerine neýroulgamlaryň ýerine ýetirip bilmeýän meselelerini çözmek üçin adamlary işe almaga mümkinçilik berýär. 2-nji fewralda işe başlan bu meýdança algoritmleriň eýeleri bilen iş gözleýjileriň arasynda baglaýjy halka bolup hyzmat edýär
ChatGPT yzyňa gara: Gemini ýetip gelýär
07.02.2026 20:27
3.7k+

ChatGPT yzyňa gara: Gemini ýetip gelýär

Google Gemini emeli aň (EA) kömekçisiniň auditoriýasy aýda 750 mln işjeň ulanyja ýetdi. Bu maglumatlar kompaniýanyň nobatdaky çärýekleýin hasabatynda görkezildi. Google geçen çärýekde Gemini-iň her aýda 650 mln işjeň ulanyjysynyň bardygyny habar beripdi
Google golda baryny gaýgyranok: kompaniýa EA üçin şu ýyl 185 mlrd dollar çykdajy etmekçi
07.02.2026 12:51
1.4k+

Google golda baryny gaýgyranok: kompaniýa EA üçin şu ýyl 185 mlrd dollar çykdajy etmekçi

Google kompaniýasy emeli aňy ösdürmek üçin düýpli maýa goýumlaryny ep-esli artdyrmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Muny Business Insider neşiri habar berýär. Gözleg gigantynyň enelik kompaniýasy bolan Alphabet geljek ýyl çykdajylaryň 175–185 milliard dollar boljakdygyny çaklaýar
Emeli aň işçi eliniň ýetmezçiliginden kösenýär
07.02.2026 00:23
5.4k+

Emeli aň işçi eliniň ýetmezçiliginden kösenýär

Emeli aň industriýasynyň çalt depginler bilen ösmegi, maglumat merkezlerini gurmak we olara hyzmat etmek üçin zerur bolan işçi hünärmenleriniň ýiti ýetmezçiligini ýüze çykardy diýip, WIRED neşiri ýazýar. Netijede elektriklere, gurluşykçylara, howalandyryş we sowadyş ulgamlaryny gurnaýan işgärlerine bolan isleg birden ýokarlandy
YouTube-da wideolaryň awtomatik EA-dublýažy ähli ulanyjylar üçin elýeterli boldy
06.02.2026 23:24
1.6k+

YouTube-da wideolaryň awtomatik EA-dublýažy ähli ulanyjylar üçin elýeterli boldy

YouTube wideo hyzmaty emeli aňyň esasynda awtomatik dublýaž funksiýasy üçin birnäçe täzelenmeleri yglan etdi. Indi bu hyzmat ähli ulanyjylar üçin elýeterli we 27 dili goldaýar. YouTube 2024-nji ýylda emeli aň arkaly awtomatik ses bermek funksiýasyny tanyşdyryp, ony diňe synag toparyndaky awtorlar üçin elýeterli edipdi
Adamlar biri-birine ynanmaýan syrlaryny emeli aňa ynanýarlar
04.02.2026 00:51
2.9k+

Adamlar biri-birine ynanmaýan syrlaryny emeli aňa ynanýarlar

Täze barlaglar adamlaryň biri-birek bilen paýlaşýan, hatda kähalatda biri-birilerine aýtmaga-da dözmeýän syrlaryny emeli aňa ynanýandyklaryny ýüze çykardy. Fraýburg we Geýdelberg uniwersitetleriniň alymlary tarapyndan geçirilen şeýle barlagyň netijeleri Communications Psychology žurnalynda çap edildi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.