Ýewroparlamentiň deputatlary iş planşetlerinde emeli aňsyz galdylar

17.02.2026, 14:352,952

Ýewropa parlamenti howpsuzlyk maksady bilen, deputatlaryň korporatiw planşetlerindäki emeli aň funksiýalaryny öçürdi. Bu barada Euractiv neşiri habar berýär.

Şeýle karar kiberhowpsuzlyk we şahsy maglumatlary goramak boýunça hünärmenleriň maslahaty esasynda kabul edildi. 
Geçirilen barlaglar gurlan EA gurallarynyň maglumatlary gaýtadan işlemek üçin bulut hyzmatlaryny ulanýandygyny görkezdi. Bu bolsa resmi maglumatlaryň enjamdan daşary çykarylmagyna we gizlinligiň bozulmagyna sebäp bolup biler.
Öçürilen hyzmatlar esasan tekstleri taýýarlamaga ýardam berýän gurallary, web-sahypalaryň mazmunyny gysgaça beýan edýän funksiýalary hem-de beýleki wirtual kömekçileri öz içine alýar:
Bellenilmeli tarapy, bu çäklendirme diňe planşetleriň özündäki gurlan mümkinçiliklere degişlidir. Ondan daşgary ulanylýan goşundylar we programma üpjünçilikleri, hatda olar  emeli aňy ulanýan bolsa-da, häzirlikçe gadagan edilmedi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.