emeli aň

DeepMind: Adamyňka meňzeş kognitiw ukyply AI ýakyn 5-10 ýylda peýda bolar
09.08.2025 14:51
2.1k+

DeepMind: Adamyňka meňzeş kognitiw ukyply AI ýakyn 5-10 ýylda peýda bolar

Köp sanly kognitiw wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyply güýçli emeli aň (Artificial General Intelligence, AGI) ýakyn 5-10 ýylda işlenip düzülip bilner. Bu barada Google-yň AI bilen meşgullanýan bölümi bolan DeepMind-yň ýerine ýetiriji müdiri Demis Hassabis mälim etdi
Google-yň AI-si açyk programma üpjünçiligindäki gowşaklyklary ilkinji gezek özbaşdak kesgitledi
09.08.2025 14:44
1.7k+

Google-yň AI-si açyk programma üpjünçiligindäki gowşaklyklary ilkinji gezek özbaşdak kesgitledi

Google-yň emeli aňy ilkinji gezek açyk programma üpjünçiliginde (Open Source) özbaşdak 20 gowşaklygy ýüze çykardy. Bu barada Google-yň howpsuzlyk boýunça wise-prezidenti Hizer Adkinsiň X sosial ulgamynda beren beýanyna salgylanýan TechCrunch habar berdi
OpenAI täze we ösen GPT-5 dil modelini hödürledi
08.08.2025 17:17
1.9k+

OpenAI täze we ösen GPT-5 dil modelini hödürledi

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň täze wersiýasyny – GPT-5-i hödürledi. “Biz häzirki günde iň gowy emeli aň ulgamymyz bolan GPT-5-i hödürleýäris. Bu haçan çalt jogap bermelidigini we hünärmen derejesinde jogaplar bilen üpjün etmek üçin haçan köpräk pikirlenmelidigini bilýän ýeke-täk ulgamdyr” – diýlip, kompaniýanyň saýtynda habar berilýär
ChatGPT hepdede 700 mln ulanyja golaýlaýar
08.08.2025 16:22
2.2k+

ChatGPT hepdede 700 mln ulanyja golaýlaýar

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň hepdelik işjeň ulanyjylarynyň sanynyň tiz wagtdan 700 milliona ýetjekdigini habar berdi. 2025-nji ýylyň martynda bu görkeziji 500 milliona deňdi diýip, TechCrunch ýazýar. OpenAI-iň wise-prezidenti Nik Terliniň aýtmagyna görä, hyzmatyň auditoriýasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende dört esse ulaldy
OpenAI täze modelde gowşaklyklary tapanlara $500 müň tölär
08.08.2025 15:13
2.9k+

OpenAI täze modelde gowşaklyklary tapanlara $500 müň tölär

OpenAI açyk parametrler bilen täze pikir ýöredýän EA modellerini – gpt-oss-120b bilen gpt-oss-20b-ni hödürledi. Ulanyjylar olary ýükläp alyp, öz enjamlarynda işledip biler. Modelleriň ikisi-de ädimleýin pikir ýöretme tehnologiýasyny (Chain of Thought) goldaýar
EA “bes ediň” diýer: ChatGPT ulanyjylara arakesme almagy teklip eder
06.08.2025 17:37
2.2k+

EA “bes ediň” diýer: ChatGPT ulanyjylara arakesme almagy teklip eder

OpenAI kompaniýasy ChatGPT çat-botuna täze funksiýany girizdi, indi ol ulanyjylara EA bilen aragatnaşyk uzak dowam eden ýagdaýynda arakesme etmek zerurlygy barada ýatladar. Şeýle ýatlatma ýüzýän penjirelerde peýda bolýar
Terjimeçiler, taryhçylar... Microsoft emeli aň bilen çalşyryljak 40 hünäri atlandyrdy
06.08.2025 15:53
3.9k+

Terjimeçiler, taryhçylar... Microsoft emeli aň bilen çalşyryljak 40 hünäri atlandyrdy

Microsoft korporasiýasy ýakyn 3-8 ýylda neýroulgam tehnologiýalarynyň täsiri astynda ýitip gitjek ýa-da üýtgäp biljek 40 hünäriň sanawyny düzdi. Barlag dokuz aýyň dowamynda geçirildi. Kompaniýanyň hünärmenleri emeli aňyň haýsy ugurlarda işjeň ulanylýandygyny kesgitlemek üçin amerikan ulanyjylary bilen Copilot çat-botunyň arasynda 200 000 sany näbelli gepleşikleri seljerdi
Apple ChatGPT ýaly täze gözleg ulgamynyň üstünde işleýär
05.08.2025 23:29
2.1k+

Apple ChatGPT ýaly täze gözleg ulgamynyň üstünde işleýär

Apple ChatGPT çat-botuna meňzeş täze gözleg ulgamyny döretmegiň üstünde işleýär. Bu barada Bloomberg-iň habarçysy Mark Gurman habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, kompaniýa taslamany işläp taýýarlamagyň irki tapgyrynda bolup, ol internetden maglumat gözlemäge we umumy soraglara jogap bermäge ukyply täze “jogaplar ulgamynyň” peýda bolmagyny göz öňünde tutýar
ChatGPT robot däldigini tassyklaýan testlerden geçmegi öwrendi
04.08.2025 18:19
2.2k+

ChatGPT robot däldigini tassyklaýan testlerden geçmegi öwrendi

OpenAI tarapyndan işlenip düzülen ChatGPT Agent AI guraly botlary tanaýyş werifikasiýa ulgamyndan aýlanyp geçmegi we özüni adam ýaly görkezmegi öwrendi. Bu barada çat-botuň tölegli wersiýalarynda (Pro, Plus we Team) täze funksiýany synagdan geçiren Reddit-iň ulanyjylary habar berdiler
Vogue neşirinde ilkinji gezek AI-model peýda boldy. Ol sosial torlarda işjeň çekişmeleri döretdi
02.08.2025 07:39
5.4k+

Vogue neşirinde ilkinji gezek AI-model peýda boldy. Ol sosial torlarda işjeň çekişmeleri döretdi

Vogue žurnalynyň awgust aýyndaky sanynda emeli aňyň döreden modeliniň ilkinji suratlary ýerleşdirildi. Fotosessiýa Guess brendiniň mahabat kampaniýasy üçin döredildi. Suratlarda uzyn zolakly köýnekli we gülli mawy kombinezon geýen saryýagyz gyz şekillendirilen
Ilon Maskyň Grok çat-boty sähel salymda sesli wideo döredip biler
01.08.2025 15:08
5.2k+

Ilon Maskyň Grok çat-boty sähel salymda sesli wideo döredip biler

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan döredilen Grok çat-boty Aurora modelinde işleýän Imagine wideo döretmek funksiýasyna eýe bolar. Bu barada Grok topary X sosial ulgamynda habar berdi. Imagine funksiýasy ulanyjylara tekst beýanynyň esasynda derrew sesli wideo döretmäge mümkinçilik berer
Bragi we OpenAI nauşnikler üçin ChatAI ses kömekçisini işe girizer
01.08.2025 14:51
1.2k+

Bragi we OpenAI nauşnikler üçin ChatAI ses kömekçisini işe girizer

Ozal akylly nauşnikleri öndüriji hökmünde belli bolan, häzir bolsa audiogajetler üçin platformalary işläp düzýän Bragi nemes kompaniýasy OpenAI bilen hyzmatdaşlyk barada yglan etdi. Bilelikdäki taslama ChatAI adyny aldy – bu GPT 4
OpenAI-iň ýolbaşçysy ChatGPT bilen söhbetiň kazyýetde ulanylyp bilinjekdigini duýdurdy
31.07.2025 13:37
3.1k+

OpenAI-iň ýolbaşçysy ChatGPT bilen söhbetiň kazyýetde ulanylyp bilinjekdigini duýdurdy

OpenAI-iň baş direktory Sem Altman ChatGPT bilen ýazyşylan gürrüňdeşlikleriň kazyýetiň talaby boýunça görkezilip bilinjekdigini aýtdy. Bu barada ol Teo Wonuň podkastynda habar berdi. Altman barha köp ulanyjynyň ChatGPT bilen şahsy aladalaryny we syrlaryny paýlaşyp, ondan maslahat soraýandygyny aýtdy
ABŞ emeli aň pudagynda öňde barýar, Hytaý ikinji orunda
30.07.2025 14:48
3.3k+

ABŞ emeli aň pudagynda öňde barýar, Hytaý ikinji orunda

ABŞ emeli aňyň ösüş derejesi boýunça ýurtlaryň global reýtinginde birinji orunda durýar. Hytaý ikinji orny, Beýik Britaniýa üçünji orny eýeledi. Şeýle maglumatlar Hytaýyň Ylmy we tehnologiki maglumat instituty tarapyndan Pekin uniwersiteti bilen bilelikde hödürlenen EA pudagynda global innowasiýa indeksi baradaky hasabatda getirilýär
YouTube Shorts-da indi suratlardan we tekstden wideo döretmek üçin gurallar peýda boldy
29.07.2025 11:30
1.4k+

YouTube Shorts-da indi suratlardan we tekstden wideo döretmek üçin gurallar peýda boldy

YouTube Shorts gysga dik wideolaryň döredilmegini aňsatlaşdyrmak üçin AI bilen işleýän täze gurallary hödürledi. Bu barada wideo hyzmatynyň blogunda habar berilýär. Täze girizilen gurallaryň arasynda suraty wideo öwürýän funksiýa, AI-animasiýaly wideo effektler, şeýle hem tekst görkezmelerine esaslanyp wideo, şekil we saz döretmäge mümkinçilik berýän AI Playground redaktoryny öz içine alýar
Google DeepMind emeli aňa latyn ýazgylarynyň ýitirilen böleklerini dikeltmegi öwretdi
27.07.2025 20:19
3k+

Google DeepMind emeli aňa latyn ýazgylarynyň ýitirilen böleklerini dikeltmegi öwretdi

Google DeepMind kompaniýasy gadymy latyn ýazgylarynyň ýitirilen böleklerini dikeltmäge ukyply Aeneas atly açyk neýroulgamy döretdi. Maglumat taslamanyň resmi web sahypasynda ýerleşdirildi. Işläp taýýarlama taryhçylara we epigrafistlere Rim ýazuwynyň zeper ýeten ýadygärliklerini düşündirmäge kömek etmegi maksat edinýär
ChatGPT indi synaglara taýýarlanmaga kömek eder
26.07.2025 18:21
3.1k+

ChatGPT indi synaglara taýýarlanmaga kömek eder

ChatGPT web-programmasynda “Bilelikdäki okuw” (Study Together) ady bilen täze funksiýa yglan edildi, ol ýakyn wagtda ulanyjylara elýeterli bolar. Bu barada maglumat “Oka we öwren” bölüminde ýerleşdirildi. Täze funksiýanyň kömegi bilen ulanyjylar synaglara taýýarlanyp, çylşyrymly meseleleri çözüp we öý işlerini ýerine ýetirip biler
Karl III-niň robot tarapyndan çekilen suraty BMG-niň Ženewadaky sammitinde görkezildi
24.07.2025 17:59
8.9k+

Karl III-niň robot tarapyndan çekilen suraty BMG-niň Ženewadaky sammitinde görkezildi

Ženewada BMG-niň ştab-kwartirasynda geçen AI For Good sammitinde Karl III-niň adam şekilli robot Ai-Da tarapyndan döredilen portreti görkezildi. Bu barada Sky News habar berýär. Algorithm King diýlip atlandyrylan surat robotyň “gözünde” oturdylan kameralardan alnan suratlaryň esasynda ýagly reňkler bilen çekildi
Ispaniýanyň futbol federasiýasy eminleriň tehniki komitetine AI boýunça bilermeni belledi. Ol “Realyň” janköýeri
24.07.2025 17:34
10k+

Ispaniýanyň futbol federasiýasy eminleriň tehniki komitetine AI boýunça bilermeni belledi. Ol “Realyň” janköýeri

Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasy (RFEF) emeli aň boýunça hünärmen Çema Alonsony eminleriň tehniki komitetiniň (CTA) AI meseleleri we innowasiýa boýunça geňeşçisi edip belledi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berildi
OpenAI: ChatGPT çat-botuna bir günde 2,5 mlrd gezek ýüzlenilýär
23.07.2025 14:26
2k+

OpenAI: ChatGPT çat-botuna bir günde 2,5 mlrd gezek ýüzlenilýär

OpenAI tarapyndan işlenip taýýarlanan ChatGPT çat-boty ulanyjylaryň arasynda meşhurlyk gazanmagyny dowam etdirýär. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, ulanyjylar her gün bota 2,5 mlrd gezekden köp ýüz tutýar, bu bolsa ýylda, takmynan, 912,5 mlrd ýüzlenmä deňdir
OpenAI-den EA Halkara matematika olimpiadasynda “altyn medal” gazandy
21.07.2025 19:03
3.8k+

OpenAI-den EA Halkara matematika olimpiadasynda “altyn medal” gazandy

OpenAI-iň synag emeli aň modeli Halkara matematika olimpiadasynda (IMO) 42 baldan 35 bal gazandy, bu bolsa altyn medalyň netijesine laýyk gelýär. Bu barada kompaniýada habar berildi. EA dünýäniň iň abraýly matematika ýaryşlarynyň birinde şeýle derejäni ilkinji gezek görkezýär
Mask çagalar üçin Baby Grok çat-botuny döreder
21.07.2025 11:39
2.7k+

Mask çagalar üçin Baby Grok çat-botuny döreder

Ilon Maskyň xAI startapy Grok çat-botunyň çagalar üçin niýetlenen görnüşini döretmek bilen meşgullanar. Bu barada telekeçi X sosial ulgamynda habar berdi. Täze çat-bot Baby Grok adyny alar we çagalar kontentine gönükdiriler
ChatGPT-de EA agenti kompýuterde ýumuşlary ulanyjynyň adyndan ýerine ýetirip başlady
20.07.2025 13:44
2k+

ChatGPT-de EA agenti kompýuterde ýumuşlary ulanyjynyň adyndan ýerine ýetirip başlady

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-de ulanyjynyň adyndan kompýuter ýumuşlaryny ýerine ýetirip bilýän täze EA guralyny döretdi. Bu barada hyzmaty işläp düzüjiler habar berdi. Täze agent awtomatik usulda senenamany dolandyryp, prezentasiýalary döredip we özbaşdak kody işe girizip bilýär
Netflix filmlerinde we seriallarynda käbir sahnalary emeli aň arkaly döredýär
20.07.2025 13:42
2.3k+

Netflix filmlerinde we seriallarynda käbir sahnalary emeli aň arkaly döredýär

Netflix filmleriň we seriallaryň önümçiliginde generatiw emeli aňdan peýdalanyp başlady. Munuň ilkinji mysaly Argentinanyň “Eternawt” (El Eternauta) ylmy-fantastiki serialy boldy. Onuň ahyrky kadrlary doly derejede neýroulgam tarapyndan döredildi
ChatGPT-de şekil döretmek üçin "Stiller" funksiýasy işe girizildi
19.07.2025 17:51
2.8k+

ChatGPT-de şekil döretmek üçin "Stiller" funksiýasy işe girizildi

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-ä täze “Stiller” funksiýasyny goşdy, ol ulanyjylara deslapdan gurnalan dokuz sany görnüşden şekilleriň bezegini saýlamaga mümkinçilik berýär. Täzelenme eýýäm ähli ulanyjylara elýeterlidir
Nokia-nyň eýesi DeepSeek-li düwmeli telefonlary çykardy. Ol emeli aňy nädip ulanmalydygyny düşündirýär
19.07.2025 07:03
7.5k+

Nokia-nyň eýesi DeepSeek-li düwmeli telefonlary çykardy. Ol emeli aňy nädip ulanmalydygyny düşündirýär

Nokia brendine eýeçilik edýän HMD kompaniýasy DeepSeek EA modeliniň esasynda sesli çat-bot bilen HMD 101 we HMD 102 düwmeli telefonlaryny çykardy. Olar, ilkinji nobatda, gartaşan ulanyjylar üçin niýetlenýär. Telefonlaryň esasy aýratynlygy ses kömekçisini çagyrýan merkezi “AI” düwmesi boldy
Adamlaryň ChatGPT-den köplenç näme soraýandyklary belli boldy
18.07.2025 10:56
9.9k+

Adamlaryň ChatGPT-den köplenç näme soraýandyklary belli boldy

Sensor Tower analitik platformanyň berýän maglumatlaryna görä, ChatGPT-niň ulanyjylary, köplenç, çat-bot bilen programma kodunyň işlenip düzülişi boýunça habarlaşýarlar - bu kategoriýa ähli ýüz tutmalaryň 29%-ini düzýär
Windows 11-e operasion ulgam sazlamalary bilen işlemek üçin emeli aň kömekçisi goşuldy
16.07.2025 06:22
1.7k+

Windows 11-e operasion ulgam sazlamalary bilen işlemek üçin emeli aň kömekçisi goşuldy

Microsoft korporasiýasy Windows 11 operasion ulgamyna täze EA kömekçisini goşdy. Ol gönüden-göni “Sazlamalar” programmasyna gurnaldy. Onuň wezipesi ulanyjylara zerur parametrleri tapmaga we meseläni adaty dilde beýan etmek arkaly ulgamy sazlamaga kömek etmekden ybarat
Google-yň Gemini emeli aňy ulanyjynyň messenjerlerindäki ähli habarlara girip biler
15.07.2025 13:27
2.6k+

Google-yň Gemini emeli aňy ulanyjynyň messenjerlerindäki ähli habarlara girip biler

Google-yň Gemini AI modeli, messenjerleri goşmak bilen, smartfonlarda üçünji tarap programmalaryna girip biler. Bu barada korporasiýa ýakynda AI ulgamyna täzelenme hödürlände yglan etdi. Google täze funksiýanyň "ulanyjylar üçin peýdalydygyny" we Gemini-ä göni Android smartfonlaryndan habar ibermek we jaň etmek ýaly, gündelik işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berjekdigini aýdýar
Microsoft millionlarça adama emeli aň başarnyklaryny öwretmek üçin 4 milliard dollar sarp eder
15.07.2025 13:07
2.1k+

Microsoft millionlarça adama emeli aň başarnyklaryny öwretmek üçin 4 milliard dollar sarp eder

Microsoft kompaniýasy Elevate atly bäş ýyllyk başlangyjyň işe girizilendigini habar berdi, onuň çäklerinde korporasiýa millionlarça adama emeli aň başarnyklaryny öwretmek üçin 4 milliard dollar sarp eder. Maliýe serişdeleri pul hemaýatlary, bulut tehnologiýalary we AI gurallary görnüşinde berler
Emeli aň Dubaýdaky täze restoranda şef-aşpez wezipesine bellendi
15.07.2025 12:33
6.7k+

Emeli aň Dubaýdaky täze restoranda şef-aşpez wezipesine bellendi

Sentýabrda Dubaýda WOOHOO restorany öz işine başlar. Bu ýerde menýunyň we umumy konsepsiýanyň taýýarlanmagyna emeli aň jogap berer diýip, Reuters habar berýär. Tagamlar adaty aşpezler tarapyndan taýýarlanar, ýöne
Adamyň derejesinde tagam duýup bilýän emeli dil döredildi
15.07.2025 12:19
3.9k+

Adamyň derejesinde tagam duýup bilýän emeli dil döredildi

Alymlar grafen oksidine we maşyn öwreniş algoritmlerine esaslanýan tagam duýuş datçiginiň täze neslini hödürlediler. Enjam adam duýgusyna ýakyn takyklyk bilen tagam duýmaga ukyply we agyzdaky şertleri gaýtalap, çygly gurşawda işläp bilýär diýip, Phys
Magnus Karlsen ChatGPT bilen küşt oýnap, ýekeje malyny ýitirmän utdy
14.07.2025 18:27
7k+

Magnus Karlsen ChatGPT bilen küşt oýnap, ýekeje malyny ýitirmän utdy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen ChatGPT bilen bir döw küşt oýnap, ony utdy. Küşt boýunça 16-njy dünýä çempiony emeli aň bilen oýnamakdan alan täsirlerini we ekran suratlaryny sosial ulgamlarda paýlaşdy
Spotify-da million diňleýjisi bolan meşhur rok-topary emeliň aňyň önümi bolup çykdy
14.07.2025 17:24
4.6k+

Spotify-da million diňleýjisi bolan meşhur rok-topary emeliň aňyň önümi bolup çykdy

5-nji iýunda ilkinji albomyny çykaran we Spotify-da bir million diňlenme gazanan The Velvet Sundown rok toparynyň dolulygyna emeli aň tarapyndan döredilendigi anyklanyldy. Bu barada The New York Post habar berýär
Google Gemini suratlary sesli gysga wideolara öwürmegi öwrendi. Funksiýa – tölegli
14.07.2025 10:58
2k+

Google Gemini suratlary sesli gysga wideolara öwürmegi öwrendi. Funksiýa – tölegli

Google kompaniýasy Gemini EA çat-botuna suratlary animasiýa öwürmek funksiýasyny goşdy. Onuň kömegi bilen ulanyjylar fon sesleri we sözleýişler bilen sekiz sekuntlyk wideolary döredip biler. Täze funksiýa Veo 3 wideo modeline esaslanýar we eýýäm käbir ýurtlarda Google AI Ultra hem-de Pro nyrhnamalaryna ýazylan ulanyjylar üçin elýeterlidir
OpenAI düýpgöter täze kompýuter döretmek isleýär. Häzirki enjamlar emeli aň üçin döredilmedik
13.07.2025 19:08
3.4k+

OpenAI düýpgöter täze kompýuter döretmek isleýär. Häzirki enjamlar emeli aň üçin döredilmedik

OpenAI kompaniýasynyň baş direktory Sem Altman häzirki kompýuterleriň emeli aňsyz dünýä üçin işlenip düzülendigini, olaryň emeli aň bilen işleşmäge laýyk däldigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, kompaniýa konteksti göz öňünde tutup, esasly kararlary kabul edip bilýän düýbünden täze enjamyň üstünde işleýär
EA Microsoft-a 500 mln dollardan gowrak tygşytlamaga kömek etdi
11.07.2025 19:22
2.4k+

EA Microsoft-a 500 mln dollardan gowrak tygşytlamaga kömek etdi

Emeli aň Microsoft korporasiýasyna soňky bir ýylda koll-merkezleriniň işinde 500 mln dollardan gowrak tygşytlamaga mümkinçilik berdi diýip, Bloomberg habar berýär. Bu barada maglumaty Microsoft-yň baş täjirçilik müdiri Jadson Oltoff aýtdy
YouTube EA tarapyndan döredilen kontentiň üsti bilen gazanç etmegi çäklendirer
11.07.2025 19:17
2.3k+

YouTube EA tarapyndan döredilen kontentiň üsti bilen gazanç etmegi çäklendirer

15-nji iýuldan YouTube emeli aňyň kömegi bilen döredilýän kontentden girdeji gazanmak mümkinçiligini çäklendirmek üçin hyzmatdaşlyk programmasynyň düzgünlerini täzelär. Bu barada kompaniýanyň resminamalaryna salgylanyp, TechCrunch neşiri ýazýar
Ilon Mask ylmy açyşlara ukyply Grok 4 neýroulgamyny hödürledi
11.07.2025 19:15
2.7k+

Ilon Mask ylmy açyşlara ukyply Grok 4 neýroulgamyny hödürledi

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy Grok 4 neýroulgamyny hödürledi. Işläp düzüjileriň nygtamagyna görä, ol öňki wersiýadan on esse kuwwatlydyr. Täze model çylşyrymly meseleleri çözmäge ukyply bolup, PhD derejesinden (ylymlar kandidaty derejesine barabar) ýokary bilim derejesini görkezýär
Emeli aňly robot ilkinji gezek hirurg gatnaşmazdan öt haltany aýyrdy
11.07.2025 19:08
10k+

Emeli aňly robot ilkinji gezek hirurg gatnaşmazdan öt haltany aýyrdy

Lukmançylygyň taryhynda ilkinji gezek emeli aň tarapyndan dolandyrylýan robot hirurgiki operasiýanyň çylşyrymly bölegini özbaşdak amala aşyrdy. Bu barada Jons Hopkins uniwersitetiniň synagy geçiren barlagçylaryna salgylanýan Reuters agentligi ýazýar
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.