Adamlaryň ChatGPT-den köplenç näme soraýandyklary belli boldy

18.07.2025, 10:569,971
1 / 2

Sensor Tower analitik platformanyň berýän maglumatlaryna görä, ChatGPT-niň ulanyjylary, köplenç, çat-bot bilen programma kodunyň işlenip düzülişi boýunça habarlaşýarlar - bu kategoriýa ähli ýüz tutmalaryň 29%-ini düzýär. Gözlegiň temalar boýunça bölünen infografikasyny Visualcapitalist portaly neşir etdi.

Emeli aň kodlaşdyrmak meselelerini ýönekeýleşdirmekde, dürli programmirleme dillerinde düzedişleri düzmekde we awtomatlaşdyrmakda işjeň ulanylýar.
Meşhurlykda ikinji ýerde soraglaryň 15%-ini düzýän taryh we jemgyýeti öwreniş boýunça gözlegler durýar. Emeli aň we maşyna öwretmek bilen baglanyşykly temalar üçünji orny eýeledi (14%).
Ykdysadyýet, maliýe we salgyt boýunça soraglar dördünji orunda durýar (13%). Ulanyjylar bazarlar, paýnamalar we makroykdysady tendensiýalar bilen gyzyklanýar.
Galan kategoriýalar aşakdaky ýaly paýlandy:

  • güýmenje soraglary - 8%
  • okuw materiallary - 7%
  • tehniki temalar - 5%
  • hukuk - 4%
  • syýasy - 3%
  • daşky gurşaw we howa - 2%.

Iki ýyldan hem az wagtyň içinde ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany 500 milliona ýetdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.