Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Hytaý
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Hytaý
21.01.2026 10:08
5.2k+
Illýuminatory çat açan hytaý kosmos gämisi Ýere ekipažsyz gaýdyp geldi
Hytaýyň «Şençžou-20» kosmos gämisi 2026-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda Ýere ekipažsyz üstünlikli gaýdyp geldi – kapsula Içki Mongoliýanyň Dunfen sebitinde boş gondy. Bu barada South China Morning Post habar berýär
20.01.2026 11:44
4.8k+
Hytaýyň ýokary okuw mepdepleri Garwardy iň gowy uniwersitetleriň reýtinginde üçünji orna düşürdi
Hytaýyň birbada sekiz uniwersiteti her ýyl Niderlandlarda Leýden uniwersiteti tarapyndan düzülýän dünýäniň on sany iň gowy ýokary okuw mekdebiniň sanawyna girdi. Täze reýtingde birinji orny Hançžoudaky Çžeszýan uniwersiteti eýeledi
18.01.2026 23:32
5.3k+
Hytaýda ilkinji gezek Huawei awtopilotly uzyn Audi A6L görkezildi
Täzelenen Audi A6L sedany Hytaýda resmi taýdan tanyşdyryldy. Ol täze platforma, intellektual dolandyryş ulgamy we täzelenen hereketlendiriji düzümi bilen tapawutlanýar. Tehniki aýratynlyklar modeliň ilkinji görkezilişinde yglan edildi
18.01.2026 20:02
6k+
Hytaý bir günüň içinde iki sany kosmos raketasyny ýitirdi
Hytaýyň kosmos maksatnamasy üçin garaşylmadyk şowsuz gün boldy. Bir günüň dowamynda ýurduň iki sany raketa göterijisi heläkçilige uçrady. Bu barada Hytaýyň esasy habarlar serişdeleri bolan «Sinhua» we «China Daily» agentlikleri habar berýärler
18.01.2026 15:07
4.2k+
“Ýönekeý” Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänler üçin amatly şertleri hödürleýär
“Ýönekeý” kompaniýasy Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänler üçin amatly tekliplerini hödürleýär. Ýurdumyzda isleg bildirilýän ugurlar boýunça dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetlerine okuwa girmek isleýänleri hasaba almak işleri dowam edýär
17.01.2026 16:51
10k+
Hytaý dünýä bazaryny polat bilen doldurdy: Eksportda täze rekord goýuldy
Söwda päsgelçilikleriniň bardygyna garamazdan, Hytaý geçen ýyly polat eksportynyň taryhy rekordy bilen tamamlady. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, diňe dekabr aýynda Hytaý daşary ýurtlara 11,3 million tonna polat iberip, 2015-nji ýyldaky iň ýokary görkezijisinden hem öňe geçdi
17.01.2026 14:43
2.4k+
Prada Alawly Atyň keşbindäki mahabat kampaniýasyny Hytaý Täze ýylyna bagyşlady
Prada Hytaý Täze ýyly mynasybetli mahabat kampaniýasyny yglan etdi. Mahabatda esays üns taslamanyň merkezindäki moda öýüniň üçburç logotiplerinden düzülen Alawly Ata gönükdirilýär diýip WWD habar berýär. Suratlar malaýziýaly suratçy Çžun Lin tarapyndan düşürildi
17.01.2026 14:38
4k+
Huawei Apple-den öňe geçip, 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjy boldy
Huawei 2025-nji ýylyň jemi boýunça soňky bäş ýylda ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjylygy gaýdyp aldy. Muny South China Morning Post-a salgylanýan IDC analitiki kompaniýasynyň maglumatlary delillendirýär
16.01.2026 22:23
5.6k+
Türkmenistanyň «Kämil» awtosport klubunyň türgenleri Hytaýda motokross ýaryşynda çykyş etdiler
Türkmenistanyň «Kämil» awtosport klubunyň türgenleri Hytaýyň Çunsin şäheriniň Sýanszin etrabynyň Hab-Port senagat sebitinde dekabr aýynda geçirilen motokross boýunça Hytaýyň çempionatynyň (CMX) halkara tapgyryna gatnaşdylar
16.01.2026 15:42
2.4k+
Hytaýly inženerler kagyz galyňlygyndaky Gün batareýasyny döretdiler
Hytaýdaky Suçžou uniwersitetiniň alymlary galyňlygy kagyza deň bolan çeýe Gün batareýasyny döretdiler. Batareýa köp gatlakly gurluşa esaslanýar we TASS-yň Hytaýyň Merkezi Telewideniýesine salgylanyp berýän habaryna görä, özünde kristal kremniýniň we perowskitiň örän inçe gatlaklaryny birleşdirýär
14.01.2026 10:40
4.2k+
Huawei-iň sedany Hytaýyň premium awtoulag bazarynda Porsche, BMW we Maybach-dan öňe geçdi
Huawei we JAC tarapyndan bilelikde işlenip düzülen Maextro S800 sedany, 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň netijelerine görä, bahasy 700 000 ýuandan (100 000 dollardan gowrak) ýokary bolan awtoulaglaryň arasynda Hytaýyň bazarynda birinji orny eýeledi
12.01.2026 22:54
5.3k+
Hytaýda tozan sorujy öndürýän kompaniýa elektronika sergisinde kuwwatly superkaryny görkezdi
Tozan sorujylaryň we beýleki öý tehnikalarynyň öndürijisi hökmünde meşhur bolan Hytaýyň Dreame kompaniýasy, Las-Wegasda geçirilen CES 2026 sarp ediş elektronikasy sergisinde dört gapyly elektrikli Nebula Next 01 superkarynyň prototipini hödürledi
12.01.2026 16:31
3.2k+
AUDI E5 Sportback Hytaýda «Ýylyň awtomobili» diýlip ykrar edildi
AUDI E5 Sportback elektrik ulagy «Hytaýda ýylyň awtomobili 2026» adyny aldy. Ýeňiji awtomobil KHBS-iniň hünärmenler komissiýasy tarapyndan kesgitlendi. Audi AG-yň täze golçur markasy bolan AUDI üçin bu hytaý bazarynda şeýle derejeli ilkinji baýrak boldy – brend hytaý bazaryna geçen ýyl çykypdy
11.01.2026 11:42
2.8k+
Hytaýly taýkonawtlar Aýa uçmak üçin Ýerdäki gowaklarda türgenleşik geçdiler
Hytaýyň kosmonawtlar topary geljekde Aýa amala aşyryljak adamly uçuşlara taýýarlyk görmek maksady bilen, gowaklarda bir aýlyk ýörite okuw-türgenleşik geçdiler. Space News neşiriniň habar bermegine görä, bu maksatnama adamyň ekstremal şertler bilen özara gatnaşygyny öwrenmäge we Aýyň üstüni ýatladýan gurşawda hereket etmegi öwrenmäge gönükdirilendir
10.01.2026 10:21
4.8k+
Täze Toyota RAV4 Hytaýyň bazaryna çykdy: bahasy 21 700 dollardan başlaýar
9-njy ýanwarda Hytaýda AX60 kuzowly täze Toyota RAV4 krossoweriniň resmi satuwlary başlandy. Modeliň bahasy 169 800 ýuandan 228 800 ýuana çenli (takmynan 24 300 – 32 800 dollar) aralygynda üýtgeýär. Emma ilkinji satyn alyjylar üçin ýörite arzanladylan baha — 151 800 ýuandan (takmynan 21 700 dollar) başlaýan nyrhlar hödürlenýär
09.01.2026 11:28
6.6k+
Hytaý dünýäniň iň çalt otlusyny jemleýji synaglara taýýarlaýar
2026-njy ýylda dünýäniň iň çalt elektrik otlusy bolan CR450 ýolagçy gatnawlaryna rugsat almak üçin iň soňky "ulanylyş bahalandyrmasyndan" geçer. Hytaýyň China Railway Rolling Stock Corporation (CRRC) korporasiýasy demir ýol infrastrukturasyna 520 milliard ýuan maýa goýmagy we 2000 kilometrden gowrak täze ýoly işe girizmegi meýilleşdirýär
08.01.2026 21:30
7.3k+
Hytaýda Nils Bor bilen Eýnşteýniň arasyndaky belli jedel tejribede çözüldi
Hytaý fizikleri Albert Eýnşteýn tarapyndan tas ýüz ýyl ozal öňe sürlen pikir tejribesini iş ýüzüne geçirip, Nils Boruň goşmaçalylyk ýörelgesini tassykladylar. Bu barada Physical Review Letters žurnaly ýazýar. 1927-nji ýylda Solweý kongresinde Eýnşteýn bilen Boruň arasynda jedel döreýär
08.01.2026 14:45
5k+
Hytaýda has kämilleşen we köne baha bilen täze Hyundai Santa Fe 2026 çykdy
Hyundai Hytaýda 2026-njy model ýylynyň Santa Fe krossowerini resmi taýdan hödürledi. Awtomobil 195,8 müň ýuandan 268,8 müň ýuana çenli (takmynan, 28,1 müň dollardan 38,5 müň dollara çenli) baha bilen dört wersiýada satuwa çykdy
07.01.2026 12:54
6.1k+
Kia baha bäsdeşligi sebäpli Hytaýda öz awtoulaglarynyň bahasyny arzanlatdy
Kia Hytaýda öz awtomobilleriniň bahalaryny arzanladandygyny mälim etdi. Uly arzanladyşlar ýanwar aýynyň ahyryna çenli hereket edýär we kompaniýanyň ýurtda satylýan ähli model hataryna degişlidir. Şol bir wagtyň özünde, täze bahalar modelleriň ähli wersiýalaryna däl-de, üpjünçilik derejesi ortaça bolan awtomobillere degişlidir
06.01.2026 14:26
8.8k+
BMW Hytaýda awtoulaglaryň bahalaryny arzanlatdy: bir model 43 müň dollar arzanlady
BMW China kompaniýasy birnäçe esasy modelleriniň hödürlenýän bölek satuw bahalarynyň (MSRP) düýpli peseldilendigini resmi taýdan yglan etdi. Täzelenen baha sanawy 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. Bu üýtgeşme jemi 31 sany esasy modele täsir etdi
06.01.2026 14:14
5.9k+
Täze Toyota RAV4 Hytaýyň bazaryna çykýar: satuw 9-njy ýanwarda başlar
9-njy ýanwarda FAW Toyota bilelikdäki kärhanasy altynjy nesil Toyota RAV4 XA60 krossowerini hytaý bazaryna ibermäge başlar. Model täzelenen daşky görnüşe, gaýtadan işlenen interýere we güýç enjamynyň üç görnüşine – arassa benzine we iki gibride eýe boldy
03.01.2026 23:09
5.1k+
2000 ýyllyk hytaý dokma stanogy iň gadymy programmirlenýän enjam diýlip atlandyryldy
Hytaý alymlary dünýäde iň gadymy programmirlenýän mehanizmi tapandyklaryny aýtdy. Ol ýaşy, takmynan, 2000 ýyl bolan ýüpek matalar üçin dokma stanogy boldy. Häzire çenli şeýle enjam astronomiýa üçin ulanylan Antikitera mehanizmi hasaplanypdy diýip, South China Morning Post habar berýär
02.01.2026 11:07
8.2k+
Hytaý 2027-nji ýyldan başlap gapy tutawaçlary gizlenýän elektromobilleri gadagan eder
2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Hytaýda gapy tutawaçlary çykýan (gizlenýän) täze elektromobilleriň satuwy gadagan ediler. Gürrüň gapyny açyş mehanizmleri doly elektrik energiýasyna bagly bolan modeller barada gidýär
31.12.2025 09:09
13k+
Hytaý Türkmenistanyň raýatlary üçin gysga möhletli wizalary almagyň tertibi ýeňilleşdirdi
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy wiza resmileşdirilende barmak yzlaryny tabşyrmakdan boşadylýan raýatlaryň sanawyny giňeltdi. Täze düzgünler eýýäm güýje girdi we 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket eder
31.12.2025 09:05
7.9k+
Hytaýda dünýäde ilkinji alty tonnalyk konwertoplan uçuryldy
Hytaýda alty tonnalyk «Lanying R6000» konwertoplanynyň ilkinji uçuşy amala aşyryldy. «Sinhua» habar agentliginiň maglumatyna görä, synag uçuşy ýurduň günorta-günbataryndaky Siçuan welaýatynda geçirildi. Bu howa gämisi Hytaýyň «United Aircraft» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi, onuň hereketlendirijisini bolsa «AERO Engine Corporation» kärhanasy öndürdi
31.12.2025 08:46
9k+
Hytaýda ýurtda iň uzyn awtomobil tuneli açyldy
Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýurduň iň uzyn awtomobil tuneli boýunça hereket açyldy. «Sinhua» agentliginiň habar bermegine görä, gürrüň Urumçi — Ýuýli ýokary tizlikli awtomagistralynda gurlan, uzynlygy 22,13 kilometre ýetýän «Týanşan Şenli» tuneli barada barýar
31.12.2025 08:10
3.7k+
Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy
Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar
29.12.2025 11:36
5k+
Hytaýyň o diýen meşhur bolmadyk brendi Las-Wegasda 1900 at güýjüne eýe bolan giperkaryny görkezer
Hytaýyň az tanalýan Kosmera markasy ýanwar aýynda Las-Wegasda geçiriljek CES sergisinde iki sany elektrik awtoulagynyň prototipini tanyşdyrar. Olaryň arasynda 1900 at güýjündäki giperkar aýratyn gyzyklanma döredýär
28.12.2025 12:45
11k+
“Ýönekeý” kompaniýasy Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänleriň resminamalaryny kabul edip başlady
“Ýönekeý” kompaniýasy hemmeleri Täze – 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürek gutlaýar hem-de Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýa okamak isleýänleriň resminamalaryny kabul edip başlandygyny habar berýär. Okuw ugurlarynyň arasynda dil taýýarlygy (padkurs), bakalawr, magistrlik okuw maksatnamalaryndan başlap, jemi 150-den gowrak ugur saýlap bolýar
26.12.2025 11:55
7.8k+
Hytaýyň robotlary konsertinde deň salto aşyp hemmeleri haýran galdyrdy
Hytaýyň "Unitree Robotics" kompaniýasynyň "G1" modelli alty sany adamşekilli (antropomorf) roboty aýdymçy Wan Lihunyň çykyşy wagtynda sinhronlykda (deň) öňe tarap salto aşyp görkezdiler. Gonkongyň "South China Morning Post" (SCMP) gazetiniň ýazmagyna görä, Çendu şäherinde geçen şüweleňde "Open Fire" aýdymy ýerine ýetirilende, robotlar tans toparynyň agzalary hökmünde çykyş etdiler
26.12.2025 09:16
7.8k+
Hytaýly inženerler magnitli platformany 2 sekuntda 700 km/s tizlige çykardylar
Hytaýda geçirilen synaglaryň barşynda köp tonnalyk elektromagnit dartyş güýji bilen işleýän wagon-platformany bary-ýogy iki sekundyň içinde 700 km/s tizlige çykarmak başartdy. CCTV-niň habar bermegine görä, bu görkeziji şeýle gurluşlar üçin dünýä rekordy boldy
24.12.2025 14:12
21k+
Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi
Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical
23.12.2025 18:57
5.9k+
Ruldan eliňi aýryp sürmek: Hytaý 3-nji derejeli awtonom ulaglar üçin ýollary açdy
Hytaý häkimiýetleri ilkinji gezek umumy ulanylýan ýollarda 3-nji derejeli awtonom dolandyryş ulgamly awtoulaglary ulanmaga rugsat berdiler. Bu ygtyýarnamany Changan konserniniň Deepal SL03 we BAIC kompaniýasynyň Arcfox Alpha S elektromobilleri aldy
21.12.2025 12:55
4.1k+
Hytaýyň Exlantix ES elektrik sedany ýolda öwrümli hereket etmek boýunça rekord goýdy
Pan-Aziýa halkara synag meýdançasynda Exeed Exlantix ES BEV seriýaly elektrik sedany dünýä rekordyny goýdy we resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu üstünlik 30 sekundyň içinde hereket edip barýan iň köp ulaglaryň arasyndan geçmek" diýlip hasaba alyndy
20.12.2025 19:38
14k+
Pekiniň muzeýinde çaga tötänden 320 müň dollarlyk eksponaty döwdi
Pekindäki "X Muzeýinde" bir çaga tötänden bahasy 320 000 dollardan gowrak bolan altyn täje zeper ýetirdi. "Need to Know" neşiriniň habar bermegine görä, waka oglan aýna witrina degenden soň ol gaçyp, içindäki täç döwlüpdir
20.12.2025 18:32
7.4k+
Döwlet energetika institutynyň iki talyby Hytaýda nazary mehanika boýunça halkara olimpiadada ýeňiş gazandylar
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň iki talyby – Dursunjemal Ataýewa hem-de Mähriban Azadowa 4 – 8-nji dekabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Nankin şäherinde ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda geçirilen nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
20.12.2025 16:33
5.2k+
TikTok Amerikadaky bölümçesini satmak barada resmi taýdan şertnama gol çekdi
TikTok öz amerikan bölümçesini amerikan maýadarlary tarapyndan dolandyrylýan bilelikdäki kärhana satmak barada şertnama gol çekdi. Alyjylaryň düzümine Oracle korporasiýasy, Silver Lake we MGX kompaniýalary girdi diýip, TikTok-yň baş direktory Şou Szy Çuwuň içerki resminamasyna salgylanyp, Axios we Bloomberg ýazýar
20.12.2025 10:20
3.5k+
Daşary ýurtly dalaşgärler Hytaýda okamak üçin bitewi giriş synagyny tabşyrmaly bolar
2026-njy ýyldan başlap, Hytaýda bakalawr maksatnamalaryna okuwa girýän daşary ýurtly raýatlar üçin bitewi milli giriş synagy girizilýär. Bu barada Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrligine salgylanyp habar berdi
19.12.2025 10:02
10k+
Hytaýly alymlar Ýeriň aşaky mantiýasynda "superummanyň" bardygy baradaky çaklamany öňe sürdüler
Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň (CAS) Guançžou Geohimiýa institutynyň professory Du Çžisýueniň ýolbaşçylyk edýän ylmy-barlag topary Ýeriň aşaky mantiýasynyň içinde ägirt uly ilkinji suw howdanynyň ýerleşip biljekdigini tejribe arkaly tassyklady
18.12.2025 22:16
7.8k+
Hytaýly mekdep okuwçysy bir minutda 422 gezek ýüpde böküp, rekord goýdy
Hytaýyň Guandun welaýatyndan orta mekdebiň gyz okuwçysy bir minutda 422 gezek ýüpde böküp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada «Beýszin žibao» hytaý gazeti habar berýär. Üstünlik Uly aýlagyň Guandun-Gonkong-Makao sebitinde ýetginjekleriň arasynda açyk ýaryşyň deslapky tapgyrynyň dowamynda hasaba alyndy
«
1
…
6
7
8
…
42
»
«
1
…
3
4
5
6
7
8
9
10
11
…
42
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.