Hytaýly inženerler kagyz galyňlygyndaky Gün batareýasyny döretdiler

16.01.2026, 10:422,388

Hytaýdaky Suçžou uniwersitetiniň alymlary galyňlygy kagyza deň bolan çeýe Gün batareýasyny döretdiler. Batareýa köp gatlakly gurluşa esaslanýar we TASS-yň Hytaýyň Merkezi Telewideniýesine salgylanyp berýän habaryna görä, özünde kristal kremniýniň we perowskitiň örän inçe gatlaklaryny birleşdirýär.

«Çeýe gatlakly fotoelektrik batareýa özünde kristal kremniý we perowskit ýaly däp bolan materiallary birleşdirýär. Her gatlak bolsa Gün şöhlesiniň belli bir tolkun uzynlyklaryny tutýar» diýip, ylmy-barlag toparyna ýolbaşçylyk eden professor Çžan Sýaohun belledi.

Onuň aýtmagyna görä, bu dizaýn panele bir gatlakly öýjüklere garanyňda, Günüň has ýaýrawly şöhlelenme spektrini siňdirip, ýagtylygy elektrik energiýasyna öwürmekde önjeýli netije  gazanmaga mümkinçilik berýär.
Barlagçylar täze Gün batareýasynyň kosmos gämilerini we maglumat merkezlerini uzak möhletli işlemek üçin ygtybarly energiýa bilen üpjün edip biljekdigine ynanýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.