Hytaý

Täze BMW Neue Klasse Hytaýda ýerli Momenta-dan awtopilot alar
19.07.2025 14:20
6.6k+

Täze BMW Neue Klasse Hytaýda ýerli Momenta-dan awtopilot alar

BMW konserni Hytaýyň şertlerine uýgunlaşdyrylan elektrik ulaglary bolan Neue Klasse maşgalasy üçin ýarym awtonom dolandyryş ulgamyny işläp taýýarlajak Hytaýyň Momenta başlangyjy bilen şertnama baglaşdy. Hytaýda modelleriň satuwy 2026-njy ýylda başlamaly diýip, Tencent News neşiri habar berýär
Hytaýyň Hebeý welaýatynda gös-göni balyk howuzlarynyň üstünde Gün fermasy işe girizildi
18.07.2025 12:59
10k+

Hytaýyň Hebeý welaýatynda gös-göni balyk howuzlarynyň üstünde Gün fermasy işe girizildi

Pekiniň Dajin Heavy Industry kompaniýasy Hebeý welaýatynyň Tanşan şäherinde özboluşly energetika desgasyny işe girizdi. Taslama 250 megawattlyk Gün elektrik stansiýasyny balyk hojalygy bilen utgaşdyrýar. 353 gektar meýdanda 370 000 sany ikitaraplaýyn Gün panelleri işläp başlady
Hytaý “Týangun” orbital stansiýasyna rekord 6,5 tonna ýük iberdi
18.07.2025 06:48
2.8k+

Hytaý “Týangun” orbital stansiýasyna rekord 6,5 tonna ýük iberdi

Hytaýyň kosmos agentligi (CNSA) “Týangun” orbital stansiýasyna “Týançžou-9” ýük gämisini rekord 6,5 tonna agyrlykdaky ýük bilen üstünlikli iberdi. Bu öňki ýük missiýalaryndan 100 kg köpdür. Taýkonawtlara azyk, tejribe üçin enjamlar we materiallar iberildi
Hytaýly hünärmenler HNGU-da Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdylar
18.07.2025 06:21
5.2k+

Hytaýly hünärmenler HNGU-da Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdylar

Hytaý Halk Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň professor-mugallymlary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Ban ussahanasynyň işini ýola goýmak we ugurdaş ýokary okuw mekdepleri hökmünde özara tejribe alyşmak üçin Türkmenistana iş sapary bilen geldiler
Turşudan süýjä: Hytaýda kömürturşy gazyny şekere öwürmegi öwrendiler
17.07.2025 14:28
3.2k+

Turşudan süýjä: Hytaýda kömürturşy gazyny şekere öwürmegi öwrendiler

Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Týanszin senagat biotehnologiýa institutynyň alymlary kömürturşy gazyny çylşyrymly uglewodlara netijeli öwürmegiň usulyny işläp taýýarladylar. CO₂-ni üýtgetmegiň netijesinde olara fruktoza, glýukoza, amiloza, amilopektin we azyk hem himiki senagatda ulanmak üçin ýaramly bolan beýleki birleşmeleri almak başardýar
Aziýanyň infrastruktura maýa goýum banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek meýlini beýan etdi
16.07.2025 07:00
6.6k+

Aziýanyň infrastruktura maýa goýum banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek meýlini beýan etdi

15-nji iýulda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi P.Durdyýew Aziýanyň infrastruktura maýa goýum bankynyň (AIIB) prezidenti, direktorlar geňeşiniň başlygy Szin Liçun bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
Hytaýda arynyň beýnisini dolandyrmagy öwrendiler. Ol diýleni 90% ýerine ýetirýär
16.07.2025 06:27
6.3k+

Hytaýda arynyň beýnisini dolandyrmagy öwrendiler. Ol diýleni 90% ýerine ýetirýär

Pekin tehnologiýa institutynyň alymlary beýnä täsir edýän dolandyryjy arkaly dolandyryp bolýan dünýäde ilkinji kiborg aryny döretdi. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär. Enjamyň agramy 74 milligram bolup, bu arylaryň göterýän şireli haltasynyň agramyndan hem azdyr
DIM-nde Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk geçirildi
15.07.2025 14:24
5.3k+

DIM-nde Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk geçirildi

14-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Çžun Huan bilen duşuşdy. Türkmenistanyň
Hytaýyň ýollarynda Xiaomi YU9 wnedorožniginiň nusgasy göze ildi: ol gibrid bolar
15.07.2025 12:22
8.4k+

Hytaýyň ýollarynda Xiaomi YU9 wnedorožniginiň nusgasy göze ildi: ol gibrid bolar

Hytaýyň ýollarynda doly göwrümli gibrid Xiaomi YU9 wnedorožniginiň prototipi göze ildi. Awtoulag meýdan synaglaryndan geçýär. CarNewsChina-nyň berýän habaryna görä, modeliň 2026-njy ýylyň ýazynda hödürlenmegine garaşylýar
Hytaý robot iti Black Panther II 13 sekuntda 100 metr aralyga ylgady
14.07.2025 11:06
4.6k+

Hytaý robot iti Black Panther II 13 sekuntda 100 metr aralyga ylgady

Mirror Me hytaý startapynyň Black Panther II robot iti 13 sekuntda 100 metr aralygy ylgap geçdi. Bu robotlaryň arasynda iň gowy netijedir diýip, South China Morning Post habar berýär. Model sekuntda 9,7 metr tizligi görkezip, sekuntda 8,8 metre çenli tizligini artdyryp bilýän WildCat amerikan robotynyň görkezijilerinden geçdi
“Çane-6” Aýyň asteroid bilen çaknyşmagynyň netijeleri barada täze maglumatlary aldy
14.07.2025 10:59
3.2k+

“Çane-6” Aýyň asteroid bilen çaknyşmagynyň netijeleri barada täze maglumatlary aldy

Hytaýyň “Çane-6” missiýasy tarapyndan Aýyň arka tarapyndan getirilen toprak nusgalarynyň seljermesi alymlara, takmynan, 4 mlrd ýyl ozal uly asteroid bilen çaknyşmagyň Aý mantiýasynyň çuň gatlaklarynyň düzümini üýtgedip bilendigini anyklamaga mümkinçilik berdi
Volkswagen SAIC konserni bilen Hytaýyň Nankin şäherindäki bilelikdäki zawodyny ýapýar
13.07.2025 19:43
5.4k+

Volkswagen SAIC konserni bilen Hytaýyň Nankin şäherindäki bilelikdäki zawodyny ýapýar

Hytaýyň SAIC awtokonserni bilen Germaniýanyň Volkswagen kompaniýasynyň bilelikdäki kärhanasy 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda Hytaýyň Nankin şäherindäki zawodyny doly ýapmagy meýilleşdirýär. Handelsblatt neşiriniň habar bermegine görä, zawodda önümçilik eýýäm togtadyldy
Hytaýda Jeep öndürýän kompaniýa batdy
13.07.2025 19:24
9.8k+

Hytaýda Jeep öndürýän kompaniýa batdy

Hytaý kazyýeti ýerli bazarda Jeep awtomobillerini öndürmek üçin döredilen GAC Fiat Chrysler Automobiles (GAC FCA) kompaniýasyny batdy diýip yglan etdi. Stellantis konserni bilen hytaý GAC-yň bilelikdäki kärhanasy 2009-njy ýylda esaslandyrylypdy
Hytaý wizasyz düzgünini 75 ýurda çenli artdyrdy
12.07.2025 19:18
14k+

Hytaý wizasyz düzgünini 75 ýurda çenli artdyrdy

Hytaýyň Milli immigrasiýa administrasiýasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda ýurda wizasyz 20 milliondan gowrak adam gelip gördi – bu gelenleriň umumy sanynyň tas üçden biri we bir ýyl ozalkydan iki esse köpdür
BYD-niň täze akkumulýatorlary tiz zarýad bermegi we 1000 km-den gowrak ýol ätiýaçlygyny üpjün edýär
11.07.2025 01:43
3.7k+

BYD-niň täze akkumulýatorlary tiz zarýad bermegi we 1000 km-den gowrak ýol ätiýaçlygyny üpjün edýär

BYD hytaý kompaniýasy 2027-nji ýylda aşa berk (solid-state) akkumulýatorly elektromobilleriň köpçülikleýin önümçiligine başlajakdygyny mälim etdi. Täze tehnologiýa bilen ulaglar 1000 km-den gowrak ýol aralygyny geçer hem-de 12 minutdan az wagtda doly zarýadlanar
Hytaýda kosmos jümmüşini öwrenmek boýunça dünýäde ilkinji assosiasiýa döredildi
10.07.2025 20:55
2.9k+

Hytaýda kosmos jümmüşini öwrenmek boýunça dünýäde ilkinji assosiasiýa döredildi

Hytaýyň Hefeý şäherinde (Anhoý welaýaty) Kosmos jümmüşini öwrenmegiň halkara assosiasiýasy (International Deep Space Exploration Association, IDSEA) resmi taýdan işe başlady. Ol doly derejede bu ugra ünsi gönükdirýän dünýäde ilkinji ylmy gurama boldy
Gonkongda Kriştianu Ronaldunyň wagtlaýyn muzeýi açyldy
09.07.2025 20:06
7.1k+

Gonkongda Kriştianu Ronaldunyň wagtlaýyn muzeýi açyldy

Gonkongda saud “Al-Nasrynyň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronalduwa bagyşlanan wagtlaýyn muzeý açyldy. Bu barada Blooloop habar berýär. Muzeý K11 çeperçilik-medeni merkezinde ýerleşýär
Hytaýyň täze lazerli enjamy çybynlary üç millisekuntda ýok edýär
09.07.2025 13:33
10k+

Hytaýyň täze lazerli enjamy çybynlary üç millisekuntda ýok edýär

Hytaýda Photon Matrix atly enjam döredildi. Bu enjam çybynlary üç millisekundyň dowamynda tapyp, aralygy kesgitläp, lazer arkaly ýok edýär diýip, «New Atlas» neşiri habar berýär. Işläp düzüjileriň maglumatlaryna görä, enjam bir sekuntda 30-a çenli çybyny ýok edip bilýär
Hytaýly türgen bir elde turnik çekmekde Ginnesiň rekordyny goýdy
08.07.2025 17:49
17k+

Hytaýly türgen bir elde turnik çekmekde Ginnesiň rekordyny goýdy

Hytaýly türgen Li Szeçuan bir eli bilen minutda 35 gezek turnik çekip, Ginnesiň rekordyny goýdy. Mundan başga-da, ol şol bir wagtda 40 funt (18 kg-dan gowrak) agyrlyk bilen 44 gezek turnik çekip, ýene bir üstünlik gazandy
Lexus Hytaýda täze zawodynyň gurluşygyna başlady
02.07.2025 11:34
12k+

Lexus Hytaýda täze zawodynyň gurluşygyna başlady

Lexus kompaniýasy elektromobil önümçiligi boýunça Hytaýdaky ilkinji zawodynyň gurluşygyna başlady. Kärhana Şanhaý şäheriniň golaýynda ýerleşer we ilkinji awtoulaglar konweýerden 2027-nji ýylda çykyp başlar diýip, CarNewsChina neşiri habar berýär
Louis Vuitton Şanhaýda kruiz gämisiniň şekilinde dükan açdy
02.07.2025 11:27
8k+

Louis Vuitton Şanhaýda kruiz gämisiniň şekilinde dükan açdy

Şanhaýyň işewürlik merkezinde The Louis ady bilen Louis Vuitton-yň binasy açyldy. Ol kruiz gämisiniň şekilinde gurlup, şäheriň merkezi köçeleriniň biriniň gapdalynda ýerleşdi. Onuň içinde brendiň dükany, Le Café Louis Vuitton kafesi we Visionary Journeys sergi zaly bar
Pekinde gumanoid robotlaryň arasynda ilkinji futbol ýaryşy geçirildi
01.07.2025 19:01
5.4k+

Pekinde gumanoid robotlaryň arasynda ilkinji futbol ýaryşy geçirildi

Hytaýyň paýtagtynda gumanoid robotlaryň gatnaşmagynda özboluşly futbol ýaryşy geçirildi. Olar diňe emeli aň tarapyndan dolandyrylmak bilen, hiç hili daşarky gatyşyk bolmazdan meýdançada özbaşdak hereket edip, topy alyp, derwezä depdi
Tramp TikTok üçin alyjy tapandygyny aýtdy – ol «örän baý adamlardan» ybarat topar
30.06.2025 17:28
15k+

Tramp TikTok üçin alyjy tapandygyny aýtdy – ol «örän baý adamlardan» ybarat topar

Donald Tramp TikTok üçin mümkin bolan alyjynyň – «örän baý adamlardan ybarat toparyň» bardygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu geleşigiň amala aşmagy üçin Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň razyçylygy gerek bolar diýip, Reuters agentligi habar berýär
Xiaomi Sony-nyň kamerasy oturdylan 40 gramlyk AI Glasses akylly äýneklerini hödürledi. Bahasy 278 dollar
30.06.2025 10:53
4.3k+

Xiaomi Sony-nyň kamerasy oturdylan 40 gramlyk AI Glasses akylly äýneklerini hödürledi. Bahasy 278 dollar

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda geçirilen uly tanyşdyryş dabarasynda AI Glasses atly akylly äýneklerini hödürledi. Enjamda wizual interfeýs ýok, diňe ses arkaly dolandyrylýar. Sensor panel sag tutaryň üstünde ýerleşýär
Hytaýda deňze barýan ýoly 560 km gysgaltjak «superkanal» gurulýar
30.06.2025 10:49
10k+

Hytaýda deňze barýan ýoly 560 km gysgaltjak «superkanal» gurulýar

Hytaýyň günortasyndaky Guansi-Çžuan awtonom sebitinde iki ýyl mundan ozal gurlup başlanan Pinlu kanalynyň gurluşygy dowam edýär. Bu taslama içerki suwlary deňiz bilen birleşdirýän ilkinji iri suw ýoly bolar. Uzynlygy 134,2 kilometre barabar bolan kanal Hençžou şäherindäki Siszin suw howdanyndan başlap, Sinçžou şäheriniň Linşan etrabynyň Lou obasynda tamamlanýar
Xiaomi ilkinji krossoweri üçin 3 minutda 200 müň sargyt aldy
29.06.2025 14:39
6.4k+

Xiaomi ilkinji krossoweri üçin 3 minutda 200 müň sargyt aldy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýyň bazarlary üçin niýetlenen ilkinji krossoweri bolan YU7 modeliniň satuwyna başlady. Elektromobil dürli herekete getiriş ulgamlary we akkumulýatorlary bilen üç görnüşde hödürlenýär. Bahalary 253 500-den 329 900 ýuana çenli aralykda (takmynan, 35400-den 46000 dollara çenli) üýtgeýär
Hytaýda alty tonnalyk konwertoplan ilkinji gezek synag edildi: bir wagtyň özünde hem dikuçar, hem uçar
27.06.2025 11:19
9.2k+

Hytaýda alty tonnalyk konwertoplan ilkinji gezek synag edildi: bir wagtyň özünde hem dikuçar, hem uçar

Hytaýda täze "Zhang Ying R6000" konwertoplanynyň ilkinji ýerüsti synaglary geçirildi. Synaglaryň suratlary United Aircraft tarapyndan çap edildi. Alty tonnalyk apparat pilotly we pilotsyz dolandyrylýan görnüşlerde döredildi
Hytaýyň ilçisi Sýan Naýçen Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar
27.06.2025 10:38
2.1k+

Hytaýyň ilçisi Sýan Naýçen Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar

26-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzda özüniň diplomatik missiýasyny tamamlaýan Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşdy
Üç müň awtoulagly gämi Ýuwaş ummanynda üç hepdeläp ýanandan soň suwa çümdi
25.06.2025 11:44
28k+

Üç müň awtoulagly gämi Ýuwaş ummanynda üç hepdeläp ýanandan soň suwa çümdi

3048 awtoulagy alyp barýan "Morning Midas" gämisi, üç hepdeläp dowam eden ýangyndan soň, Ýuwaş ummanynda suwa çümdi. Ekipaž agzalarynyň hiç biri zyýan çekmedi, ýöne 70 sany elektromobil we 681 sany gibrid awtoulagy hem öz içine alýan ähli ulaglar gämi bilen bilelikde suwuň düýbüne gitdi
Hytaýda 11 787 sany dron ulanylyp geçirilen şüweleň Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
24.06.2025 00:22
8.9k+

Hytaýda 11 787 sany dron ulanylyp geçirilen şüweleň Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Hytaýyň Çuňsin şäherinde dünýäde iň uly dronly ýagtylyk şüweleňi geçirildi. 17-nji iýunda Ýanszy derýasynyň üstünde bir wagtyň özünde 11 787 dron asmana galdy — bu görkeziji öňki dünýä rekordyny (10 197 dron) täzeledi
Hytaý inženerleri ilkinji gezek habary buzuň içinde kodlamagy başardy
23.06.2025 16:10
5.9k+

Hytaý inženerleri ilkinji gezek habary buzuň içinde kodlamagy başardy

Pekiniň politehniki institutynyň inženerleri Aziýanyň we Ýewropanyň beýleki uniwersitetlerinden kärdeşleri bilen bilelikde maglumatlary saklamagyň we ibermegiň usulyny oýlap tapdy. Olara howa köpürjiklerini ulanyp, buzuň içinde maglumat ýazmak başartdy
Hytaýda kung-fu hakyndaky nusgawy filmleri emeli aň tehnologiýalarynyň kömegi bilen dikeltmek isleýärler
23.06.2025 13:26
8.5k+

Hytaýda kung-fu hakyndaky nusgawy filmleri emeli aň tehnologiýalarynyň kömegi bilen dikeltmek isleýärler

Hytaýyň kino gaznasy we onuň hyzmatdaşlary emeli aň tehnologiýasy arkaly söweş sungaty baradaky 100 nusgawy filmi dikeltmek boýunça giň gerimli işe başladylar. Bu barada 27-nji Şanhaý halkara film festiwalynda yglan edildi diýip, Variety ýazýar
Hytaýda seýilgähdäki abatlaýyş işleri wagtynda hazynadan doly gadymy aramgähler tapyldy
22.06.2025 11:49
7.7k+

Hytaýda seýilgähdäki abatlaýyş işleri wagtynda hazynadan doly gadymy aramgähler tapyldy

Žiçžao şäher okrugynda (Şandun welaýaty, Hytaý) seýilgähdäki abatlaýyş işleri wagtynda arheologlar üç gadymy aramgähiň üstünden bardy. Bu barada Hytaýyň jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň Arheologiýa institutyna salgylanyp, Independent habar berýär
Labubu öndürijisi hytaý gazetindäki ýiti tankyt sebäpli $4 mlrd ýitirdi
22.06.2025 11:33
4.9k+

Labubu öndürijisi hytaý gazetindäki ýiti tankyt sebäpli $4 mlrd ýitirdi

Meşhur Labubu oýnawaçlaryny çykarýan Pop Mart kompaniýasynyň eýesi “Ženmin žibao” gazetindäki ýiti tankytdan soň tas 4 mlrd dollar ýitirdi. Kompaniýanyň paýnamalary Gonkong biržasynda birden arzanlady diýip, South China Morning Post habar berýär
Hytaýyň magnitli otlusynyň nusgasy täze tizlik rekordyny goýdy
21.06.2025 17:21
9k+

Hytaýyň magnitli otlusynyň nusgasy täze tizlik rekordyny goýdy

Hytaý magnit lewitasiýaly otlynyň (maglew) prototipiniň tizligini bary-ýogy ýedi sekuntda sagatda 650 kilometre ýetirdi. Bu üstünlik Hubeý prowinsiýasynda gurlan täze 1000 metrlik ýokary tizlikli synag ýolunda gazanyldy diýip, «CGTN» habar berýär
Hytaýda rekord täzelenme ýygylygy bolan oýun monitory döredildi
20.06.2025 10:13
3.4k+

Hytaýda rekord täzelenme ýygylygy bolan oýun monitory döredildi

Hytaýly öndüriji HKC dünýäde ilkinji bolup 800 Gs täzelenme ýygylygy bolan oýun monitoryny hödürledi. Kompaniýa miniLED yşyklandyryşy we kwant nokat tehnologiýasy bilen FSA VA matrisasyny ulanypdyr. «ITHome» portalynyň habaryna görä, mundan ozal TN panellerde ýetilen iň ýokary täzelenme ýygylygy 750 Gs, OLED panellerde bolsa 720 Gs-dir
2028-nji ýyla çenli Hytaýyň robototehnika bazary iki esse ýokarlanyp biler: $108 mlrd çenli
20.06.2025 10:04
2.5k+

2028-nji ýyla çenli Hytaýyň robototehnika bazary iki esse ýokarlanyp biler: $108 mlrd çenli

Morgan Stanley analitikleriniň hasaplamalaryna görä, Hytaýyň robototehnika bazary 2023-nji ýyldaky 47 mlrd dollardan 2028-nji ýyla çenli 108 mlrd dollara çenli ýokarlanar. Ortaça ýyllyk ösüş 23% bolar. Geçen ýyl Hytaý dünýäniň robototehnika bazarynyň eýýäm 40%-ini eýeledi diýip, South China Morning Post habar berýär
“Ýönekeý” kompaniýasy Hytaýda okamak isleýänleriň arzalaryny 30-nji iýuna çenli kabul edýär
19.06.2025 16:34
9.7k+

“Ýönekeý” kompaniýasy Hytaýda okamak isleýänleriň arzalaryny 30-nji iýuna çenli kabul edýär

Ýurdumyzda isleg bildirilýän ugurlar boýunça Hytaýyň öňdebaryjy uniwersitetlerine okuwa ugratmak bilen meşgullanýan “Ýönekeý” kompaniýasy hasaba almak möhletiniň tamamlanyp barýandygyny ýatladýar. Okuw üçin hasaba almagyň möhleti 2025-nji ýylyň 30-nji iýunyna çenli süýşürildi
Hytaý ýertitremesiniň alamatlaryny gije-gündizleýin öwrenmek üçin hemra uçurdy
18.06.2025 14:32
7.5k+

Hytaý ýertitremesiniň alamatlaryny gije-gündizleýin öwrenmek üçin hemra uçurdy

Hytaý ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Szýusýuan kosmos merkezinden CSES-2 (China Seismo-Electromagnetic Satellite-2) hemrasyny üstünlikli uçurdy. Apparat orbita Long March 2D (“Beýik ýöriş-2D”) raketasy bilen uçuryldy diýip Space News habar berýär
Hytaýyň «Mençžou» atly täze nesil uçarmanly kosmos gämisi synagdan üstünlikli geçdi
18.06.2025 14:13
4k+

Hytaýyň «Mençžou» atly täze nesil uçarmanly kosmos gämisi synagdan üstünlikli geçdi

Hytaý «Mençžou» («Arzuw gaýygy») atly täze nesil uçarmanly kosmos gämisinde synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Nol beýiklikde geçirilen synag uçuşy geljekki Aý missiýasyna taýýarlygyň möhüm tapgyry boldy diýip, «South China Morning Post» habar berýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.