Hytaýyň ilçisi Sýan Naýçen Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar

27.06.2025, 05:382,102

26-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzda özüniň diplomatik missiýasyny tamamlaýan Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, R.Meredow ilçä ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine goşan goşandy üçin minnetdarlygyny bildirdi hem-de geljekki işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Öz gezeginde ilçi özüniň diplomatik missiýasynyy amala aşyrmakda beren ählitaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. 

Şeýle hem duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine we geljekki mümkinçiliklerine baha berildi. Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Hytaýyň halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki üstünlikli özara gatnaşyklary barada nygtaldy.

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.