Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ýerli
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ýerli
19.06.2025 14:42
4.8k+
Türkmenistan Parižde Halkara sergiler býurosynyň mejlisine gatnaşdy
17-nji iýunda Parižde Halkara sergiler býurosynyň (BIE) agza ýurtlarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Guramanyň Baş Assambleýasynyň 176-njy sessiýasy geçirildi. Mejlisiň gün tertibine halkara we ýöriteleşdirilen sergileri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi
19.06.2025 14:30
8.8k+
Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew Sankt-Peterburgda Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SPIEF-2025) çäklerinde Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilişiniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
19.06.2025 14:15
9.7k+
Kabulda Türkmenistan bilen ulag-üstaşyr hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikler geçirildi
Owganystanyň ulag we raýat awiasiýasy ministrligi Türkmenistan bilen ulag-üstaşyr gatnawlary babatyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny habar berdi. Orient agentliginiň
19.06.2025 13:02
2.8k+
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça 17-nji dialog geçirildi
17-nji iýunda Brýusselde (Belgiýa) Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Mejlisiň çäginde adam
19.06.2025 11:36
18k+
Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin 24 sagatlyk ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edýär
Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin 24 sagatlyk ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Häzirki wagtdaky ýagdaýa görä, Hindistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan ýüzlerçe adam barlag-goýberiş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçdi
19.06.2025 11:34
6.7k+
Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryşyň umumy medal hasabynda Türkmenistan birinji orny eýeledi
18-nji iýunda Aşgabatda üç gün dowam eden küşt boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Bu akyl-paýhas bäsleşigine Ýewropanyň, Aziýanyň 11 ýurdundan 8, 10 we 12 ýaşlaryndaky türgenleriň 129-sy gatnaşdy. Arkadag şäherindäki
18.06.2025 10:04
4.4k+
Türkmenistan Gonduras bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy
Türkmenistan Gonduras Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki komýunike gol çekişdi. Gol çekmek dabarasy 12-nji iýunda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
18.06.2025 09:52
5k+
«Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi
17-nji iýunda Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Hususan-da, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk
18.06.2025 09:46
4.3k+
Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitinde birnäçe teklipleri öňe sürdi
17-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitinde çykyş edip, tagallalary utgaşdyrmak arkaly sebitara hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi
18.06.2025 06:57
6.9k+
Serdar Berdimuhamedowyň Astanada “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitindäki çykyşy
Hormatly jenap Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti! Hormatly Hytaý Halk Respublikasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary! Hormatly wekiliýet agzalary! Ilki bilen, bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe minnetdarlygymy beýan etmäge rugsat ediň
17.06.2025 20:42
14k+
Sabiana, Airwell we GRAD kompaniýalarynyň Türkmenistandaky distribýuteri amatly bahadan sowadyş ulgamlaryny hödürleýär
Italiýanyň "Sabiana", Fransiýanyň "Airwell" we Hytaýyň "Grad" kompaniýalarynyň Türkmenistandaky distribýuteri bolan "Mylaýym şemal" hususy kärhanasy öýlerde we ofislerde mylaýym howa gurşawyny döretmek üçin kondisionerleri, fankoýllary we VRV sowadyş ulgamlaryny hödürleýär
17.06.2025 20:11
10k+
Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitinde Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow 17-nji iýunda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitinde çykyş edip, altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatda ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi. Bu barada "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri habar berýär
17.06.2025 19:52
10k+
Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky ikinji sammite gatnaşýar
Astanada «Garaşsyzlyk» köşgünde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky ikinji sammit öz işine başlady. Oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy we Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Liderleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar diýip, "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri habar berýär
17.06.2025 14:34
7.2k+
Serdar Berdimuhamedow Astanada Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi
17-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda geçiriljek ikinji sammite gatnaşmagynyň çäklerinde Astana şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi
17.06.2025 12:40
1.4k+
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýany milli baýramy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Islandiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Halla Tomasdottire we ýurduň ähli halkyna Islandiýanyň milli baýramy — Respublikanyň jar edilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi
17.06.2025 11:07
11k+
Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana bardy
17-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar
17.06.2025 11:00
3.4k+
R.Meredow BMG-niň wekili bilen Türkmenistanyň amala aşyrýan ynsanperwer işlerini maslahatlaşdy
16-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, häzirki wagtda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirýän Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi
17.06.2025 10:54
1.5k+
Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-slowen syýasy geňeşmeleri geçirildi
16-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Sloweniýanyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň Döwlet sekretary Marko Ştusin bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda
17.06.2025 00:14
6.3k+
Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda oba hojalyk işleriniň barşy boýunça iş maslahatyny geçirdi
16-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
16.06.2025 18:42
5.2k+
Alenka Suhadolnik Sloweniýanyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine girişdi
16-njy iýunda Sloweniýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Alenka Suhadolnik Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berýär
16.06.2025 18:16
23k+
Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin serhetlerini açdy
Türkmenistan Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda Eýranyň çäginde bolan daşary ýurtly diplomatlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem beýleki raýatlaryň çykmagy üçin öz çäginiň berilmegi boýunça dessin çäreler görýär
16.06.2025 18:06
3.4k+
Türkmen biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini mälim etdi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 283 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 48-si hasaba alyndy. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär
16.06.2025 17:48
5.8k+
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry "Gurbannazar Ezizow" sazly sahnasynyň ilkinji görkezilişine taýýarlanýar
Mahtumguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda beýik türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan “Gurbannazar Ezizow” atly sahna eseriň ilkinji görkezilişine taýýarlyk görülýär
16.06.2025 12:06
14k+
Türkmenistanyň Kazyýetleriniň kararlary esasynda gozgalmaýan emläkler satylýar
Türkmenistanyň Kazyýetleriniň kararlary esasynda jemagat öňünde söwda etmek arkaly ýaşaýyş jaýlary, öýler we beýleki desgalaryň görnüşleri satylýar. Satlyga çykarylan jaýlar we beýleki desgalar, olaryň bahalary, umumy meýdany we ş
16.06.2025 07:43
12k+
+44 gradusa çenli yssy bolar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser
15.06.2025 22:40
4.5k+
Raşid Meredow we Kaha Imnadze BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy
14-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (UNRCCA) ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi
14.06.2025 21:42
25k+
BAE Aşgabatda mejbury gonan ýolagçylaryna beren kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi
14-nji iýunda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna resmi hatlaryny iberdi
14.06.2025 20:48
9.7k+
R.Meredow RF-niň daşary işler ministriniň Türkmenistana saparyna taýýarlyk meseleleri maslahatlaşdy
14-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýanyň ýurdumyzdaky ilçisi Iwan Wolynkin bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar S
14.06.2025 20:38
17k+
Eýran ynsanperwer meseleleriň dessin çözülmegine berýän hemaýatlary üçin Türkmenistana hoşallygyny bildirdi
14-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehan bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, duşuşygyň barşynda daşary işler ministri
14.06.2025 20:31
34k+
Türkmenistan Ýakyn Gündogarda ýüze çykan ýagdaý sebäpli daşary ýurt awiakompaniýalaryna howa giňişligini açdy
Türkmenistan soňky 24 sagadyň dowamynda Ýakyn Gündogarda ýüze çykan ýagdaý sebäpli öz ugurlaryny üýtgetmäge mejbur bolan daşary ýurt awiakompaniýalarynyň ähli howa gämilerine öz howa giňişliginden päsgelçiliksiz peýdalanmak üçin şertler tizden-tiz üpjün etdi
14.06.2025 20:13
7.4k+
Türkmen küştçüleri Günbatar Aziýanyň çempionatynda 3 medal gazandylar
4 — 12-nji iýun aralygynda Şri-Lanka Respublikasynyň Kolombo şäherinde sportuň küşt görnüşi boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Günbatar Aziýanyň çempionaty geçirildi. Dünýäniň
14.06.2025 14:23
4k+
Aşgabatda parahatçylyk, durnukly ösüş we migrasiýa boýunça halkara maslahat geçirildi
12-nji iýunda Aşgabatda parahatçylyk, durnukly ösüş hem-de migrasiýa meseleleri boýunça halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekillerini bir ýere jemlän çäre Türkmenistanyň başlangyjy esasynda guraldy
14.06.2025 14:16
2.8k+
ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy surat çekmek bäsleşigini yglan etdi
BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy her ýylyň 11-nji iýulynda bellenýän Bütindünýä ilat güni we BMG-niň Ilat gaznasynyň dünýä ilaty hakynda ählumumy Hasabatynyň goýberilmegi mynasybetli akwarel işleriniň bäsleşigini yglan etdi
14.06.2025 14:11
5.1k+
Türkmenistanyň ilçisi Filippinlerde birnäçe duşuşyklary geçirdi
12-nji iýunda Türkmenistanyň Filippinlerdäki ilçisi A.Baýramow (oturýan ýeri Tokio ş.) Filippinler Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Manilada Malakanang köşgünde geçirilen dabaraly kabul edişlige gatnaşdy
14.06.2025 14:05
2.7k+
Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasynda ýerli telekeçiler bilen duşuşyk geçirildi
12-nji iýunda Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasynda bu ýurduň orta telekeçilik kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Duşuşyga Malaýziýanyň orta telekeçilik kompaniýalarynyň konsorsiumynyň Prezidenti Martin Ang, şeýle hem «Intelligent PIE Consulting Sdn Bhd», «Marrybrown», «Julie's Manufacturing Sdn
14.06.2025 13:39
2.1k+
Aşgabatda Türkmenistanyň we Wenesuelanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
13-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistan bilen Wenesuelanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Wenesuelanyň wekiliýetine bu ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Tatýana Pýu Morena ýolbaşçylyk etdi
14.06.2025 12:18
19k+
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna gutlag iberdi
14.06.2025 12:00
6.1k+
Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
12-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow russiýaly kärdeşi Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydyklaryny nygtap, dürli ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň wajyp meselelerine garadylar
14.06.2025 11:38
3.3k+
Serdar Berdimuhamedow «Sanly çözgüt — 2025» atly bäsleşigi yglan etmek baradaky teklibi goldady
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2025” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M
14.06.2025 11:10
2.1k+
R.Meredow Türkmenistanyň halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça teklipleri beýan etdi
13-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taýýarlanan birnäçe maglumatlary we teklipleri beýan etdi
«
1
…
55
56
57
…
160
»
«
1
…
52
53
54
55
56
57
58
59
60
…
160
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.