Türkmenistan Ýakyn Gündogarda ýüze çykan ýagdaý sebäpli daşary ýurt awiakompaniýalaryna howa giňişligini açdy

14.06.2025, 20:3134,681

Türkmenistan soňky 24 sagadyň dowamynda Ýakyn Gündogarda ýüze çykan ýagdaý sebäpli öz ugurlaryny üýtgetmäge mejbur bolan daşary ýurt awiakompaniýalarynyň ähli howa gämilerine öz howa giňişliginden päsgelçiliksiz peýdalanmak üçin şertler tizden-tiz üpjün etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, içinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Ýakyn Gündogaryň, Hindistanyň, Russiýanyň we başga-da birnäçe döwletleriň raýatlary bolan FlyDubai (BAE), Jazeera Airways (Kuweýt), S7Airlines (RF) we beýleki awiakompaniýalaryň uçarlaryna Aşgabadyň Halkara howa menziline gonmaga dessin mümkinçilik döredildi.
Ýolagçylaryň ählisi üç wagtyna gyzgyn nahar hem-de lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterlik bilen üpjün edildi.
Howa gämileriniň ekipažlarynyň agzalaryna halkara raýat awiasiýasynyň kadalaryna laýyklykda talabalaýyk dynç almak üçin şertler döredildi.
Türkmenistan ynsanperwer meselelerinde özüniň mäkäm garaýyşyny iş ýüzünde tassyklaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.