Huawei kompaniýasy Pura 80 we Pura 80 Pro smartfonlarynyň global wersiýalaryny tanyşdyrdy
13.07.2025 19:10
4.9k+

Huawei kompaniýasy Pura 80 we Pura 80 Pro smartfonlarynyň global wersiýalaryny tanyşdyrdy

Huawei kompaniýasy Pura 80 we Pura 80 Pro smartfonlarynyň halkara wersiýalaryny hödürledi. Enjamlar displeý aýratynlyklary we kamera konfigurasiýasy bilen biri-birinden tapawutlanýar. Esasy modeliň ekrany 6,6 dýuým, Pro wersiýasynyňky bolsa 6,8 dýuým
OpenAI düýpgöter täze kompýuter döretmek isleýär. Häzirki enjamlar emeli aň üçin döredilmedik
13.07.2025 19:08
3.4k+

OpenAI düýpgöter täze kompýuter döretmek isleýär. Häzirki enjamlar emeli aň üçin döredilmedik

OpenAI kompaniýasynyň baş direktory Sem Altman häzirki kompýuterleriň emeli aňsyz dünýä üçin işlenip düzülendigini, olaryň emeli aň bilen işleşmäge laýyk däldigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, kompaniýa konteksti göz öňünde tutup, esasly kararlary kabul edip bilýän düýbünden täze enjamyň üstünde işleýär
«2025-nji ýylyň astronomik suratçysy» baýragynyň finalçylary yglan edildi
13.07.2025 19:01
4.3k+

«2025-nji ýylyň astronomik suratçysy» baýragynyň finalçylary yglan edildi

Grinwiç patyşalyk obserwatoriýasy bilen «BBC Sky at Night» žurnaly her ýyl geçirilýän «Astronomik suratçy» atly halkara bäsleşigiň gysga sanawyny yglan etdiler. 2025-nji ýylda bu bäsleşige 69 ýurtdan höwesjeň we professional suratçylar tarapyndan 5500-den gowrak ýüzlenme gelip gowuşdy
Mum güýeleriniň gurçuklarynyň plastigi iýip, ýag görnüşinde öz organizminde toplaýandyklary ýüze çykaryldy
13.07.2025 18:57
4.4k+

Mum güýeleriniň gurçuklarynyň plastigi iýip, ýag görnüşinde öz organizminde toplaýandyklary ýüze çykaryldy

Alymlar uly mum güýeleriniň (Galleria mellonella) gurçuklarynyň polietileni metabolik taýdan işläp (siňdirip), ony birnäçe günüň dowamynda öz bedeninde lipid (ýag) görnüşinde toplap bilýändiklerini ýüze çykardylar
Dior we Lýuis Hemilton täze egin-eşik kolleksiýasyny hödürledi
13.07.2025 18:42
3.1k+

Dior we Lýuis Hemilton täze egin-eşik kolleksiýasyny hödürledi

Dior moda öýi “Formula-1-iň” meşhur ýaryşa gatnaşyjysy Lýuis Hemilton bilen bilelikde täze egin-eşik kolleksiýasyny hödürledi. Ol Marokkonyň, Senegalyň, Mozambigiň, Beniniň we Madagaskaryň medeniýetlerinden ylham alyp döredildi
BYD ulaglaryndaky awtomatik parkowkada ýüze çykjak islendik zyýanyň öwezini dolmagy wada berýär
13.07.2025 18:37
4.4k+

BYD ulaglaryndaky awtomatik parkowkada ýüze çykjak islendik zyýanyň öwezini dolmagy wada berýär

Hytaýyň BYD kompaniýasy öz ulaglarynyň eýelerine God's Eye ulgamynyň işiniň netijesinde ýetip biljek islendik zyýanyň öwezini dolmaga taýýardygyny aýtdy. Bu ulgam eýýäm milliondan gowrak elektromobilde gurnalan bolup, ulaglary awtomatik taýdan awtoduralga ýerleşdirýär
Ispaniýada bir aýal ýumurtga goýmak üçin bulgurlaryň iň uly kolleksiýasyny ýygnady
13.07.2025 18:34
13k+

Ispaniýada bir aýal ýumurtga goýmak üçin bulgurlaryň iň uly kolleksiýasyny ýygnady

Ispaniýanyň ýaşaýjysy Mariýa Hose Fuster ýumurtga goýmak üçin niýetlenen bulgurlaryň dünýäde iň uly kolleksiýasyny ýygnady. Ginnesiň rekordlar kitabynyň maglumatlaryna görä, onuň kolleksiýasynda 15 485 sany şeýle predmet bar
ABŞ-dan Merck derman öndüriji ägirdi $10 mlrd-a Britaniýanyň Verona Pharma-syny satyn alýar
13.07.2025 18:32
6k+

ABŞ-dan Merck derman öndüriji ägirdi $10 mlrd-a Britaniýanyň Verona Pharma-syny satyn alýar

Amerikanyň Merck derman öndüriji kompaniýasy Britaniýanyň dem alyş ýollarynyň keselleriniň dermanlaryny öndüriji Verona Pharma-ny satyn alýar. Merkiň metbugat beýanatynda geleşigiň bahasynyň takmynan 10 milliard dollar töweregi boljakdygy habar berilýär
Lucid Air sedany bir gezeklik zarýad bilen rekord 1205 km ýol geçdi
13.07.2025 18:21
3.7k+

Lucid Air sedany bir gezeklik zarýad bilen rekord 1205 km ýol geçdi

Lucid Air elektrik sedany bir gezeklik zarýad bilen 1205 km ýol geçip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan bellige alyndy. Rekord Sankt-Moris şäherinden (Şweýsariýa) Mýunhen şäherine (Germaniýa) çenli aralykda, Ýewropanyň umumy ýollarynda goýuldy
6:0, 6:0 – “Uimbldonda” zenanlaryň finaly 1911-nji ýyldan bäri ilkinji gezek gury ýeňliş bilen tamamlandy
13.07.2025 11:55
5.9k+

6:0, 6:0 – “Uimbldonda” zenanlaryň finaly 1911-nji ýyldan bäri ilkinji gezek gury ýeňliş bilen tamamlandy

Polşaly tennisçi Iga Swýontek “Uimbldonyň” zenanlaryň arasyndaky finalynyň taryhynda iň uly ýeňişleriň birini gazandy. Dünýäniň dördünji raketkasy ýaryşda amerikaly Amanda Anisimowany (№ 12 WTA) 6:0, 6:0 hasabynda utdy
Britaniýalylar 89 ýyldan soň ilkinji gezek “Uimbldonda” erkekleriň jübüt ýaryşynda ýeňiji boldy
13.07.2025 11:51
3.9k+

Britaniýalylar 89 ýyldan soň ilkinji gezek “Uimbldonda” erkekleriň jübüt ýaryşynda ýeňiji boldy

Julian Keş we Lloýd Glasspul iki türgenden ybarat toparlaryň arasynda geçirilen “Uimbldonyň” çempionlary bolup, bu kategoriýada Beýik Britaniýa 1936-njy ýyldan bäri ilkinji ýeňşi getirdi. Finalda olar awstraliýaly Rinki Hidzikata bilen gollandly Dawid Peli utdy – 6:2, 7:6 (7:3)
Emirates awiakompaniýasynyň biletlerini bitkoin töläp satyn alyp bolar
12.07.2025 19:34
8.2k+

Emirates awiakompaniýasynyň biletlerini bitkoin töläp satyn alyp bolar

Emirates awiakompaniýasy (BAE) kriptowalýuta töleglerini girizmek barada Crypto.com kriptobiržasy bilen şertnama baglaşdy. Bu barada awiakompaniýanyň ýolbaşçysy şeýh Ahmed bin Said Al Maktum sosial ulgamlarda habar berdi
Bir köpek Hindistanda süýşgün wagty onlarça adamyň halas bolmagyna kömek etdi
12.07.2025 19:29
23k+

Bir köpek Hindistanda süýşgün wagty onlarça adamyň halas bolmagyna kömek etdi

Hindistanyň Himaçal-Pradeş ştatyndaky Siýathi obasynda bäş aýlyk güjük süýşgün wagty 67 adamy ölümden halas etdi. Gahrymana öwrülen itiň taryhyny The Independent gürrüň berdi. 30-njy iýun gijesi birnäçe hepde ozal obada öý tapynan it gaty ses bilen üýrüp, hojaýynyny ukudan oýardy
Kanadadan içi hatly çüýşe Atlantikany geçip, Irlandiýa bardy. Ol 13 ýyldan soň tapyldy
12.07.2025 19:27
20k+

Kanadadan içi hatly çüýşe Atlantikany geçip, Irlandiýa bardy. Ol 13 ýyldan soň tapyldy

Irlandiýadan är-aýal Jon we Keýt Geý Atlantik ummanynyň günbatar kenarynda 2012-nji ýylda kanadaly jübüt tarapyndan Bell-Aýlend adasyndan iberilen içi hatly çüýşäni tapdy. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär
Germaniýada arheologlar ýaşy 125 000 ýyl bolan gadymy ýag “fabrikasyny” tapdy
12.07.2025 19:24
13k+

Germaniýada arheologlar ýaşy 125 000 ýyl bolan gadymy ýag “fabrikasyny” tapdy

Arheologlar Germaniýadaky Noýmark-Nord diýen ýerde 172 haýwanyň – atlaryň, sugunlaryň we öküzleriň 2000-den gowrak süňk bölegini tapdy. Süňkler döwlüp, ýag almak üçin gaýnadylypdyr. Bu 125 müň ýyl ozal neandertallar tarapyndan ýagyň işlenmeginiň subutnamasydyr diýlip, Science Advances žurnalynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar
Gizadaky Sfinksiň aşagynda 1200 m çenli çuňlukda ýerasty gurluşlaryň yzlary tapyldy
12.07.2025 19:23
9.5k+

Gizadaky Sfinksiň aşagynda 1200 m çenli çuňlukda ýerasty gurluşlaryň yzlary tapyldy

Müsüri öwrenmek bilen meşgullanýan italiýaly alymlaryň topary Giza belentliginiň aşagynda ýerasty desgalaryň yzlarynyň tapylandygyny habar berdi. Daily Mail-iň ylmy gözlege gatnaşyjylara salgylanyp ýazmagyna görä, alymlar, esasan, Uly Sfinks heýkeliniň töwereklerine ünsi jemledi
ESA köp gezeklik we köpugurly Space Rider kosmos gämisini üstünlikli synady
12.07.2025 19:19
2k+

ESA köp gezeklik we köpugurly Space Rider kosmos gämisini üstünlikli synady

Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) köp gezeklik Space Rider kosmos enjamynyň paraşýut ulgamynyň synaglaryny üstünlikli geçirdi. Synaglar italýan harbylarynyň gatnaşmagynda we taslamanyň baş potratçysy bolan Thales Alenia Space kompaniýasynyň inženerleriniň ýolbaşçylygynda Sardiniýada geçirildi
Hytaý wizasyz düzgünini 75 ýurda çenli artdyrdy
12.07.2025 19:18
14k+

Hytaý wizasyz düzgünini 75 ýurda çenli artdyrdy

Hytaýyň Milli immigrasiýa administrasiýasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda ýurda wizasyz 20 milliondan gowrak adam gelip gördi – bu gelenleriň umumy sanynyň tas üçden biri we bir ýyl ozalkydan iki esse köpdür
Jeýn Birkine degişli bolan Hermès ýantorbasy rekord 10 mln dollara satyldy
12.07.2025 19:16
4.9k+

Jeýn Birkine degişli bolan Hermès ýantorbasy rekord 10 mln dollara satyldy

Asly Britaniýadan bolan fransiýaly aýdymçy we aktrisa Jeýn Birkine degişli bolan ilkinji Hermès Birkin ýantorbasy Sotheby’s auksionynda komissiýa tölegleri bilen birlikde rekord 10 mln dollara (8,6 mln ýewro) satyldy
Gün ilkinji gezek Ýewropa Bileleşiginde elektrik energiýasynyň esasy çeşmesi boldy
12.07.2025 19:12
3.6k+

Gün ilkinji gezek Ýewropa Bileleşiginde elektrik energiýasynyň esasy çeşmesi boldy

2025-nji ýylyň iýun aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary ilkinji gezek Gün stansiýalarynyň kömegi bilen has köp elektrik energiýasyny öndürdi. Bu barada Ember analitiki kompaniýasyna salgylanyp, Reuters agentligi habar berýär
“Kristal Pelas” eýeçilik meselesi sebäpli Ýewropa ligasyna gatnaşmakdan mahrum edildi
12.07.2025 19:10
5.6k+

“Kristal Pelas” eýeçilik meselesi sebäpli Ýewropa ligasyna gatnaşmakdan mahrum edildi

Ýewropa Futbol Assosiasiýalary Bileleşigi (UEFA) Londonyň “Kristal Pelas” klubuny onuň eýeçilik gurluşy bilen bagly bähbitleriň ters gelýändigi sebäpli, Ýewropa ligasyndan Konferensiýalar ligasyna düşürdi. Bu karar amerikaly telekeçi Jon Tekstoryň iňlis toparynda-da, Fransiýanyň “Lion” klubunda-da paýynyň bardygy bilen baglanyşykly kabul edildi
“Liwerpul” Diogu Žotanyň hatyrasyna 20-nji belgini hemişelik dolanyşykdan aýyrdy
12.07.2025 19:04
9.3k+

“Liwerpul” Diogu Žotanyň hatyrasyna 20-nji belgini hemişelik dolanyşykdan aýyrdy

“Liwerpul” futbol kluby toparyň aradan çykan hüjümçisi Diogu Žotanyň hatyrasyna 20-nji belgini dolanyşykdan aýyrýandygyny habar berdi. Bu barada klubuň saýtynda ýerleşdirilen resmi beýanda aýdylýar. “Bu onuň buýsanç we mertebe bilen göteren, köp sanly ýeňişlere getiren belgisidi
Baffetden hem baý: Nvidia-nyň ýolbaşçysy iň baý adamlaryň ilkinji ýediligine girdi
12.07.2025 19:02
4.5k+

Baffetden hem baý: Nvidia-nyň ýolbaşçysy iň baý adamlaryň ilkinji ýediligine girdi

Nvidia-nyň baş direktory Jensen Huang dünýäniň iň baý adamlarynyň ilkinji ýediligine girip, Uorren Baffetden we Stiw Balmerden öňe geçdi. Bu barada Fortune reýtingine salgylanyp, CNBC habar berýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, Huangyň baýlygy 143,6 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar
Samsung eplenýän üç ekranly smartfonynyň ýylyň ahyryna çenli çykjakdygyny tassyklady
12.07.2025 18:50
3.1k+

Samsung eplenýän üç ekranly smartfonynyň ýylyň ahyryna çenli çykjakdygyny tassyklady

Samsung 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde eplenýän üç ekranly smartfony çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada sarp ediş elektronikasy bölümçesiniň başlygy Ro The Mun The Korea Times neşiri bilen söhbetdeşlikde habar berdi
Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa agentligi ýatyrylyp, ýerine 5 sany täze düzüm döredildi
12.07.2025 18:20
22k+

Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa agentligi ýatyrylyp, ýerine 5 sany täze düzüm döredildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ýatyryldy.  Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, ýatyrylan Türkmenistanyň
Türkmenistanyň Hökümet ýolbaşçylary 1-nji awgustdan dynç alşa çykar
12.07.2025 16:44
10k+

Türkmenistanyň Hökümet ýolbaşçylary 1-nji awgustdan dynç alşa çykar

Türkmenistanyň Prezidenti 1-nji awgustdan başlap, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara dynç almaga rugsat berdi. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda aýtdy
Gallaçylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine haly sowgat berildi
12.07.2025 16:34
6.3k+

Gallaçylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine haly sowgat berildi

11-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň galla tabşyrmak baradaky ýyllyk borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi, gallaçy kärendeçileriň gazanan ýeňişleri mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdy
2025-nji ýylyň 6 aýynda Türkmenistanda 269,7 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi
12.07.2025 12:42
19k+

2025-nji ýylyň 6 aýynda Türkmenistanda 269,7 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde eden çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi
12.07.2025 12:34
7.3k+

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi

Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Degişli resminama 11-nji iýulda giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekildi
19-njy iýulda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar
12.07.2025 12:24
7.3k+

19-njy iýulda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar

19-njy iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar
“Uimbldonyň” finalynda Alkaras bilen Sinner oýnar. Jokowiç soňky 8 ýylda ilkinji gezek finala çykmady
12.07.2025 12:17
2.8k+

“Uimbldonyň” finalynda Alkaras bilen Sinner oýnar. Jokowiç soňky 8 ýylda ilkinji gezek finala çykmady

Ispaniýaly Karlos Alkaras bilen italiýaly Ýannik Sinner “Uimbldonyň” finalynda duşuşar. Ozal “Rolan Garrosyň” hem aýgytly oýnunda şeýle bolupdy. Alkaras üçin bu ýaryşyň yzygider üçünji finaly, Sinner üçin bolsa “Uimbldonyň” otly kortunda karýerasynda ilkinji bolar
Serdar Berdimuhamedow Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerini çalyşdy
12.07.2025 10:18
23k+

Serdar Berdimuhamedow Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerini çalyşdy

11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerini wezipesinden boşatdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Maksat Kowusowiç Annanepesow Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly
Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça wise-premýer wezipesi girizildi
12.07.2025 08:51
17k+

Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça wise-premýer wezipesi girizildi

11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesini girizmek barada karara gelendigini aýtdy
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary bellenildi
12.07.2025 08:34
15k+

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary bellenildi

Myratberdi Kuwatmyradowiç Gaýypow saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary wezipesine bellenildi. Degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi
2025-nji ýylyň alty aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy
12.07.2025 08:27
7.6k+

2025-nji ýylyň alty aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden ÇYKYŞY: Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Hormatly adamlar! Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär
Türkmenistanda Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri we talyplary kabul etmegiň tertibi tassyklanyldy
12.07.2025 08:20
10k+

Türkmenistanda Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri we talyplary kabul etmegiň tertibi tassyklanyldy

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri we talyplary okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny we giriş synaglaryny guramagyň tertibini tassyklady
14-nji iýuldan Türkmenistanda 2025-nji ýylda ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek möwsümi başlanýar
12.07.2025 08:10
18k+

14-nji iýuldan Türkmenistanda 2025-nji ýylda ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek möwsümi başlanýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy
Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin maksatnama rejelendi
12.07.2025 08:01
9.7k+

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin maksatnama rejelendi

“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy” tassyklanyldy
Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäher, welaýat we etrap häkimliklerinde wezipe üýtgeşmelerini geçirdi
12.07.2025 07:53
28k+

Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäher, welaýat we etrap häkimliklerinde wezipe üýtgeşmelerini geçirdi

11-nji iýulda giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Aşgabat şäheriniň, käbir welaýatlaryň we etraplaryň häkimliklerinde wezipe üýtgeşmelerini geçirdi. Hususan-da, Röwşen Orazmyradowiç Işanow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy
Ýokary okuw mekdepleriniň prorektorlaryny wezipä bellemek we boşatmak hakynda resminamalara gol çekildi
12.07.2025 07:45
22k+

Ýokary okuw mekdepleriniň prorektorlaryny wezipä bellemek we boşatmak hakynda resminamalara gol çekildi

11-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň käbir ýokary okuw mekdepleriniň prorektorlaryny wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakynda Kararlara gol çekdi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.