Dior we Lýuis Hemilton täze egin-eşik kolleksiýasyny hödürledi

13.07.2025, 13:423,088
1 / 2

Dior moda öýi “Formula-1-iň” meşhur ýaryşa gatnaşyjysy Lýuis Hemilton bilen bilelikde täze egin-eşik kolleksiýasyny hödürledi.

Ol Marokkonyň, Senegalyň, Mozambigiň, Beniniň we Madagaskaryň medeniýetlerinden ylham alyp döredildi. Hemilton ýaryş bilen bagly syýahatlarynyň dowamynda bu ýurtlara baryp görüpdi.
Bu kolleksiýa dürli garderob elementleri: kurtkalar, paltolar, trikotažlar, sport kostýumlary, klassyky köýnekler, şeýle-de krossowkalar we aksessuarlar girýär. Her bir predmet agzalyp geçilen afrikan ýurtlarynyň özboluşly däp-dessurlaryny we aýratynlyklaryny görkezmek bilen, olary Dior-yň döwrebap stili bilen utgaşdyrýar.
“Patyşalyk ýaryşlarynyň” ýedi gezek çempiony Hemilton geçen ýylyň iýunynda moda öýüniň ilçisi boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.