Riganyň şäher geňeşiniň ýadygärlikler boýunça komissiýasy häzirki zaman jinsi balaklaryny oýlap tapanlaryň biri hasaplanýan, Latwiýanyň paýtagty Rigada doglan tikinçi Jeýkob Dewisiň (doglan wagtyndaky ady Ýakob Joşua Ýofis) hormatyna ýadygärlik oturtmak baradaky teklibi makullady.
Bürünçden ýasalan heýkeli Daugawa derýasynyň kenarynda, Merkezi bazaryň golaýyndaky «Spikeri» döredijilik mähellesinde ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.
Ýadygärligi heýkeltaraş Gleb Panteleýew döreder. Onuň taslamasyna görä, kompozisiýa iki reňkli bolar: heýkeliň ýokarky bölegi Dewisiň Rigadaky durmuşyny, aşaky bölegi bolsa onuň Amerikadaky ömrüni alamatlandyrar. Aşaky bölegi reňklenen jinsi matanyň görnüşinde ýerine ýetiriler.
Taslama hemaýatkärleriň maliýe goldawy bilen amala aşyrylar.
Jeýkob Dewis 1831-nji ýylda Rigada ýewreý maşgalasynda dünýä inýär. Ol ýaşlygyndan tikinçilik bilen meşgullanyp başlaýar. 1854-nji ýylda ABŞ-a göçüp barandan soň, ol Ýakob Joşua Ýofis adyny resmi ýagdaýda Jeýkob Dewis diýip üýtgedýär.

1870-nji ýylda Dewis Newada ştatynyň Reno şäherinde tikinçi bolup işlän döwründe işçileriň balaklarynyň has çalt ýyrtylýan ýerlerini mis berçinler bilen berkitmäge başlaýar. Egin-eşik tikmek üçin zerur bolan galyň matany Dewis Levi Strauss & Co. kompaniýasyndan satyn alýardy.

1872-nji ýylda Dewis öz oýlap tapan berçinli pikirini bilelikde patentleşdirmek we hyzmatdaşlyk etmek teklibi bilen telekeçi Lewi Straussa ýüz tutýar. 1873-nji ýylyň 20-nji maýynda olar jübüleriň berkligini ýokarlandyrmak üçin metal berçinleri ulanmak boýunça ABŞ-nyň 139 121 belgili patentini alýarlar. Hut şu sene häzirki zaman jinsi balaklarynyň taryhynyň başlangyjy hasaplanýar.
Soňra Dewis San-Fransisko göçüp barýar we Straussyň kärhanasynda egin-eşik önümçiligine ýolbaşçylyk edýär. Ol 1908-nji ýylda aradan çykýar. 2006-njy ýylda Renoda onuň öňki ussahanasynyň ýerleşen ýerinde ýadygärlik ýazgyly tagta oturdyldy.