Türkmen halysynyň milli muzeýinde milli lybaslaryň görkezilişi guraldy

Düýn, 21:453,292
1 / 10

Aşgabatda guralan «Ene-Tebigat» atly halkara sungat sergisiniň çägindäki giň möçberli medeni maksatnama Türkmen halysynyň milli muzeýinde dowam etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Administrasiýasynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa bilelikde Türkmen halysynyň milli muzeýine bardy.

Bu ýerde muzeý işgärleri myhmanlara türkmen halylarynyň taryhy, olaryň dokalyş aýratynlyklary we reňk sazlaşygy barada gürrüň berdi. Dünýäde uly meşhurlyk gazanan türkmen halylarynyň owadanlygy hem-de nepisligi myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Şeýle hem çäräniň çäginde türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi guraldy. Onda lybaslaryň bezeg aýratynlyklaryna, olaryň özboluşly biçüwine we gelşiklilik derejesine aýratyn üns berildi.

Ýokary derejeli myhmanlar Leýla Aliýewa we Saida Mirziýoýewa ak mermerli Aşgabatda geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Prezidentine, türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdi.

Saparyň ahyrynda Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Oguljahan Atabaýewa Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidentini we Özbegistanyň Prezidentiniň Administrasiýasynyň ýolbaşçysyny uly hormat bilen ugratdy.

Myhmanlar Türkmenistandan ýakymly ýatlamalar bilen gidýändiklerini belledi.