Hublot amerikan suratkeşi Jeff Kuns bilen bilelikde taýýarlan iki görnüşli çäkli mukdardaky sagadyny tanyşdyrdy. Täze modelleriň iň ýokary bahasy 488 müň dollara ýetýär.

"Classic Fusion Balloon Dog by Jeff Koons" modeliniň diametri 42 mm bolan korpusy polatdan ýa-da gyzyl we gök reňkli anodlaşdyrylan alýuminiden ýasalan. Sagadyň daşky halkasy, siferblaty we sapfir aýnasy güberçek görnüşe eýe. Onuň tow düwmesi şaryň klapanyny ýatladýar. Şeýle-de onuň korpusynyň gapdalyndan maýşgak rezin «guýruk» çykyp dur. Sekunt peýkamyny bolsa kiçijik Balloon Dog şekili bezeýär.
Bu sagadyň her reňkinden 200 sanysy öndüriler.

"MP-14 Origin by Jeff Koons Sapphire Titanium" modeliniň diametri 44 mm bolup, ol sekizburç görnüşli açyk sapfir korpusdan ybarat. Onuň diňe bir korpusyny taýýarlamak üçin 534 sagatdan gowrak wagt gerek bolupdyr. Korpus ak altyn halkalar, 202 sany göwher we sapfir bilen bezelipdir.
Sagatda aýlanýan gyzyl we çal kub görnüşli sagat hem-de minut peýkamlary bar. Mundan başga-da, onda Hublot kompaniýasynyň ilkinji merkezi awtomatik turbillon mehanizmi ulanyldy.

"Bu sagadyň dizaýny sagat mehanizminiň üsti bilen älemiň ýaradylyşyny we Uly partlamanyň bolup geçişini görkezýär. Merkezi turbillon ilkinji hereketi aňladýar, beýleki bölekleriň hereketi bolsa älem giňelmesini ýatladýar" diýip, Jeff Kuns aýdýar.

Model bary-ýogy 30 sany nusgada öndüriler. Onda 594 bölekden düzülen HUB9014 mehanizmi ulanylýar we onuň energiýa toplumy 60 sagada ýetýär.
Hublot bilen Jeff Kunsuň hyzmatdaşlygy sagatçylyk sungaty bilen häzirki zaman sungatyny birleşdirmäge gönükdirilendir. Kuns kompaniýanyň ilçisi hökmünde hem çykyş edýär.