Dubaýda dünýäniň iň uly we iň agyr altyn gulakhalkasy döredildi

26.10.2026, 20:257,296
1 / 5

Dubaýda agramy 16,5 kilogramdan geçýän altyn gulakhalka görkezildi. Ol birbada iki rekord bilen — dünýäniň iň agyr we iň uly tylla ysyrgasy diýen derejeler bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Mayura Sahasra («Müň tawus») atly bu şaý-sepi Joyalukkas Jewellery zergärlik kompaniýasy tarapyndan 22 karatlyk altyndan ýasalypdyr. Onuň uzynlygy 1,215 metre, diametri bolsa 68,2 santimetre deň. Gulakhalkany taýýarlamak üçin 55 ussa jemi 5 840 sagatlap işläpdir.

Şaý-sepiň dizaýny hindi medeniýetinde gözelligiň, buýsanjyň we nepisligiň nyşany hasaplanýan tawus guşundan ylham alnyp döredilipdir. Bezegiň esasy hökmünde Günorta Aziýanyň zergärlik däplerinde giňden ýaýran jaň şekilli gulakhalkalaryň görnüşi — jhumka ulanylypdyr. Önümiň ýüzüne bolsa guşuň ýeleklerini ýada salýan nagyşlar çekilipdir.

Gulakhalka Dubaýyň Gold District altyn söwda zolagyndaky Jewel of Joy by Joyalukkas dükanynda hemişelik sergä çykaryldy. Ony islendik adam her gün sagat 10:00-dan 22:00-a çenli mugt görüp biler.