Ýylyň başyndan bäri Ýewropanyň 6 sany iň iri lýuks haryt öndüriji kompaniýalarynyň umumy bazar gymmaty €251 milliard peseldi. Bu barada Financial Times habar berýär.
Neşir bu pese gaçyşy Hytaýda islegiň gowşamagy we gazna bazarlaryndaky durnuksyzlyk bilen baglanyşdyrýar.
Bazar gymmaty peselen kompaniýalaryň hataryna LVMH, Hermès, Kering, Richemont, Prada we Moncler girýär. Iň köp ýitgini LVMH bilen Hermès çekdi: olaryň bazar gymmaty, degişlilikde, €131,6 milliard we €93,3 milliard azaldy.
FT-niň belleýşi ýaly, on ýyldan gowrak wagt bäri Hytaý dünýäniň kaşaň harytlar bazarynyň ösmeginde esasy hereketlendirijileriň biri bolup gelýärdi. Muňa garamazdan, häzirki wagtda ýurtda isleg haýallady. Bu ýagdaý hem kompaniýalaryň maliýe görkezijilerine we paýnamalarynyň bahasyna öz täsirini ýetirdi.
«Hytaýda kaşaň harytlara bolan sarp edijilik isleginiň gaýtadan dikelişi wagtlaýynça togtady. Bu bolsa kompaniýalaryň görkezijileriniň ýaramazlaşmagyna, paýnamalaryň bahasyna basyş etmegine we kompaniýalaryň bazar bahalarynyň ep-esli üýtgemegine getirdi» diýip, Bernstein kompaniýasynyň seljerijisi Luka Solka belleýär.
Şeýle-de ABŞ-nyň bazarlarynda hem kynçylyklar ýüze çykýar. Citi bankynyň maglumatlaryna görä, iýul-sentýabr aýlarynda amerikan bazarynda kaşaň harytlara edilen çykdajylar, azyndan, 4% peseldi.