Gül açmagyň çagy geldi: Louis Vuitton öz döreden gülüni nepis sagada öwürýär

29.08.2026, 20:204,016
1 / 5

Louis Vuitton brendi Color Blossom sagady bilen tanyşdyrdy. Munda ol öz döreden Monogram Flower motiwini kiçijik siferblata öwürdi. 

Toplumda goşar sagadynyň dört görnüşi bar.

Monogram Flower motiwi Louis Vuittonyň wizual kodunda 1896-njy ýylda peýda bolupdy. Täze toplumda oňa göwrümli şekil berlip, diametri 26 mm bolan korpusyň esasyny düzdi. Sagadyň aýnasy sapfirden ýasaldy.

Siferblat üçin ak reňkli we gülgüne öwüşginli sadap, ýaşylymtyl-gök amazonit ulanyldy. Bularyň üstüni gülüň suduryny gaýtalaýan demir ýol görnüşli jähek (şkala) ýetirýär.

Adaty görnüşiniň gabarasy polatdan, siferblaty ak sadapdan, sagatbagy bolsa goňras gaýyşdan ýasalandyr. Sagadyň ýene bir görnüşi gülgüne altyny gülgüne sadap bilen utgaşdyrýar. Üçünji görnüşi sary altyndan ýasalyp, ol amazonit we pöwrize reňkli gaýyş sagatbagy bilen üsti ýetirilen. Iň gymmat görnüşiniň gabarasy gülgüne altyndan ýasalyp, ony jemi 0,91 karatly 103 sany göwher bezeýär.

Louis Vuitton çylşyrymly mehanizmiň ýerine sagady we minuty görkezýän sada, ýöne takyklygy ýokary kwars kalibrini ulanypdyr. Öndüriji Color Blossom-y öz nepis önümleriniň dowamy hasaplap, ony toplumdaky beýleki bezeg şaýlary bilen utgaşdyrmagy maslahat berýär.

Polat görnüşiniň bahasy, takmynan, 4600 ýewrodan başlaýar. Gülgüne altyndan we göwherden ýasalan modeli satyn almak üçin bolsa 19 000 ýewro harç etmeli bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.