Dior moda öýi sport äheňini, retro dizaýny we ýokary hilli kaşaň materiallary özünde utgaşdyrýan, Roadie täze erkek sport aýakgaplaryny hödürledi. Bu modeli taýýarlan brendiň erkekler üçin niýetlenen ugruna ýolbaşçylyk edýän Jonatan Andersondyr.
Täze görnüşde aýakgabyň tegelek şekiline, özboluşly sütükli derä we nubuk materiallaryna, şeýle hem fransuz moda öýüniň baý taryhyny ýada salýan beýleki bezeg böleklerine aýratyn üns berilýär.

Aýakgabyň ýokarky bölegi zamşadan we ýumşak nubukdan bolup, reňk utgaşmasynda sypaýydan has açyk reňkler ulanylypdyr. Şeýle-de onuň gapdal bölegine hem-de ýüzüne Dior nyşany ýerleşdirilipdir. Aýakgabyň oltaňy bolsa brendiň meşhur elementleriniň biri bolan «Cannage» atly güberçek nagyş bilen bezelipdir.

Andersonyň döredijiligine öňki stillere ýüzlenmek, adaty däl ölçegleri ulanmak we dürli döwürleriň modasyny utgaşdyrmak mahsus. Dior-yň 2026-njy ýylyň güýz möwsümine niýetlenen erkek lybas toplumynda hem bu çemeleşme egin-eşikleriň biçüwinde we geýim elementleriniň täzeçe hödürlenmeginde has-da ýiti duýulýar.
«Roadie» hem hut şol ugry dowam etdirýär: ol diňe bir sport aýakgaby däl-de, eýsem özbaşdak dizaýner eseri ýaly görünýär.
Täze model Dior-yň söwda öýlerinde we resmi onlaýn dükanynda satuwa çykaryldy.