Türkmen dizaýnerleri Parižde geçirilen halkara moda sergisinde öz önümlerini hödürledi

Düýn, 17:442,725
1 / 6

Türkmenistanyň Desert Heritage, Binaym, Mukaddes we AyMahri brendleri 2026-njy ýylyň 5-7-nji sentýabrynda Parižde geçirilen «Who’s Next» halkara moda sergisinde öz önümlerini hödürledi. Olaryň sergä gatnaşmagy Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistan: Söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa» taslamasynyň çäklerinde Halkara söwda merkezi tarapyndan guraldy.

Sergä gatnaşmak türkmen önüm öndürijilerine özboluşly kolleksiýalaryny halkara hünärmenlerine görkezmäge we brendleriň bazardaky ornuny kesgitlemegiň, alyjylar bilen işleşmegiň häzirkizaman usullaryny öwrenmäge mümkinçilik berdi. Türkmenistandan gatnaşyjylaryň diwarlygy Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, Gresiýanyň, Zambiýanyň we Ermenistanyň hünärmenleriniň ünsüni çekdi. Daşary ýurtly alyjylar täjirçilik hyzmatdaşlygyna uly gyzyklanma bildirdi.

2-5-nji sentýabr aralygynda türkmen telekeçileri üçin Pariže tanyşlyk sapary hem guraldy. Olar Texworld, Première Vision we Who’s Next ýaly öňdebaryjy dokma we moda sergilerine baryp gördi. Alnan tejribeler hünärmenlere Ýewropa bazarynyň talaplaryna düşünmäge, önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we täze halkara bazarlaryna çykmaga uly ýardam berer.

Sergä gatnaşmak we halkara tejribäni öwrenmek Halkara söwda merkeziniň Türkmenistanyň moda hem-de dokma pudagyndaky kärhanalaryny ählumumy söwda zynjyrlaryna goşmak boýunça alyp barýan yzygiderli işleriniň amaly dowamy boldy.