«Barselonanyň» futbolçylary «Real Madrid» bilen geçiriljek «El-Klasikoda» amerikaly repçi Tyler, The Creator-yň GOLF WANG egin-eşik brendiniň nyşany ýerleşdirilen köýnekçelerde oýnar.
Bu hyzmatdaşlyk klubuň Spotify bilen bilelikdäki taslamasynyň bir bölegi bolup, diňe bir futbol lybaslaryny däl, eýsem çäkli mukdarda öndüriljek egin-eşikleriň we esbaplaryň toplumyny hem öz içine alýar.

GOLF WANG brendiniň nyşany «Barselonanyň» öý köýnekçeleriniň öň tarapynda ýerleşdiriler. Futbolçylar bu köýnekçeleri 26-njy oktýabra geçilýän gije, Aşgabat wagty bilen sagat 01:00-da «Spotify Kamp Nou» stadionynda geçiriljek duşuşygynda geýer. Duşuşykdan bir gün öň bolsa, klubuň zenanlar topary hem şol kysmy köýnekçelerde meýdança çykar.
Spotify kompaniýasy mahabatynyň çeperçilik işlerini aýdymça we onuň brendine birinji gezek dolulygyna ynandy. Kampaniýanyň umumy görnüşini we grafiki bezeglerini hem Tyler, The Creator-yň özi taýýarlady.

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde «Barselonanyň» döredilen ýylynyň şanyna 1899 sany ýörite köýnekçe öndüriler. Olaryň 22-sine erkekler we zenanlar toparlarynyň futbolçylary gol çeker. 11 köýnekçede Tyler, The Creator-yň öz goly bolar.
GOLF WANG toplumyna penjekler, türgenleşik eşikleri, hudiler, şortylar, şarflar, joraplar, başgaplar we beýleki esbaplar girýär. Bu önümler 15-nji oktýabrdan başlap, Los-Anjelesde, Nýu-Ýorkda, Tokioda, Sidneýde we Londonda ýerleşýän brend dükanlarynda, şeýle hem GOLF WANG-yň we «Barselonanyň» resmi söwda kanallary arkaly satuwa çykaryldy.

Mundan ozal Spotify bilen «Barselonanyň» hyzmatdaşlygynyň çäklerinde klubuň futbol köýnekçelerine Oliwiýa Rodrigo, Ed Şiran, Trewis Skott, Coldplay, Karol G, The Rolling Stones, Rosalía we Dreýk ýaly meşhur aýdymçylaryň hem-de aýdym-saz toparlarynyň nyşanlary ýelmenipdi.