Sen-Loranyň «Mondrian» köýnegi, Makkuiniň we Galýanonyň lybaslary auksiona çykarylar

Şu gün, 15:24416
1 / 6

The Impossible Couture Collection auksionynda Yves Saint Laurent brendiniň 1965–1966-njy ýyllaryň güýz-gyş toplumyna degişli meşhur «Mondrian» köýnegi satuwa çykarylar.

Medeni mirasa öwrülen bu lybas 200–500 müň dollar aralygynda bahalandyrylýar. Söwdany Fair Warning onlaýn auksion öýi Kerry Taylor Auctions bilen hyzmatdaşlykda gurnaýar.

Auksionda esasy orunlaryň ýene birini Aleksandr Makkuiniň 2010-njy ýylyň ýaz-tomus toplumyndan «sowutly» lybas eýelär. Naomi Kempbelliň şahsy kolleksiýasyna degişli bolan bu eşigiň bahasynyň 600 müň dollardan 1 million dollara çenli bolmagyna garaşylýar.

Şeýle hem söwdada Elsia Skiaparelliniň mör-möjek şekilli altyn ezenek-kolýesi hem hödürlener. Onuň bahasy 15–30 müň dollar aralygynda kesgitlenýär. Mundan başga-da, Azzedin Alaýanyň we Pako Rabannyň döreden lybaslary we beýleki önümleri satuwa çykarylar.

Bu toplum kolleksioner we neşirýatçy Piter Brant bilen supermodel Stefani Seýmuryň ogly, sungat kolleksioneri Piter Brant-kiçi tarapyndan taýýarlanyldy.

Metropoliten muzeýiniň Lybas institutynda geçirilmegi meýilleşdirilen Jon Galýanonyň hatyra sergisiniň ýatyrylmagy bilen bagly jedellere garamazdan, dizaýneriň bäş köýnegi, bir suraty we üç zergärlik önümi hem auksiona çykarylar. Olaryň hemmesi Galýanonyň Dior-yň döredijilik müdiri wagty, 2010-njy ýylda antisemitizm beýanatlary edendigi üçin heniz işden çykarylmanka döredilipdi. 2011-nji ýylda Fransiýanyň kazyýeti dizaýneri milletara duşmançylygy öjükdirmekde günäli tapypdy.

Auksion 17-nji sentýabrda, London moda hepdeliginiň ilkinji gününde geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.