Donatella Wersaçe ýene-de lybas älemine gaýdyp gelýär we öz şahsy brendini ýola goýmaga taýýarlanýar. Britaniýanyň Vogue neşiriniň habar bermegine görä, dizaýner Amerikanyň Revolve Group kompaniýasy bilen ylalaşyk baglaşdy. Bilelikdäki taslama moda we gözellik senagatyny birleşdirer.
Markanyň ady we ilkinji önümleri 2027-nji ýylda köpçülige hödürlener. Brendi ABŞ-da, Latyn Amerikasynda, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde we Ýakyn Gündogarda ýaýratmak meýilleşdirilýär.
«Biz täze ses, täze keşp we täze energiýa bilen bu baglanyşygy bilelikde döretmek isleýäris» diýip, Donatella Revolve bilen hyzmatdaşlyk barada belledi.
Los-Anjeles şäherinde ýerleşýän Revolve Group meşhur «Revolve» we «Fwrd» onlaýn-platformalaryny dolandyrýar. Dizaýner üçin bu taslama öz döredijilik garaýyşlaryny durmuşa geçirmegiň hem-de ýaş nesil bilen gatnaşygy ýola goýmagyň usuly bolar.
Ýatladyp geçsek, 2025-nji ýylyň mart aýynda Wersaçe 28 ýyllyk işinden soň Versace modalar öýüniň çeper ýolbaşçysy wezipesinden gidip, soňra Prada Group tarapyndan satyn alnan moda öýüniň baş ilçisi wezipesine geçipdi. 2026-njy ýylda Versace kompaniýasynyň çeper ýolbaşçysy wezipesini Piter Mýulýe eýeledi.