Nike we Cactus Plant Flea Market kompaniýalary Flea 1 krossowkasynyň Cave Purple reňkli täze görnüşini satuwa çykarmaga taýýarlanýar. Täze modeliň ýokarky bölegi goýy melewşe reňkli zamşadan edilipdir, ýöne aýratyn üýtgeşik tarapy – oltaňynyň palçyga batyp, soňra gatap galan ýaly görnüşde bolmagydyr.
Bu krossowkany köpçülige ilkinji bolup geýip çykanlaryň biri Lebron Jeýms boldy. Meşhur basketbolçynyň täze model bilen peýda bolmagy krossowka bolan ünsi has-da artdyrdy.

Flea 1 köp gatlakly gurluşy, güberçek bezegleri we inli dili bilen tapawutlanýar. Cactus Plant Flea Market-iň dizaýnerleri Nike-niň adaty krossowkalaryna mahsus ölçegleri ep-esli özgerdip, modele ýörite üýtgeşik sudur beripdirler.
Gatap galan laýy ýada salýan güberçek relýef krossowkanyň ýokarky böleginde hem bar. Şonuň üçin tutuş model adaty sport aýakgabyna däl-de, kiçijik özboluşly heýkeljige çalym edýär.
Cave Purple krossowkasy Cave Purple/Dark Raisin-Purple Dynasty reňk öwüşginlerinde taýýarlanypdyr.
Krossowkalaryň 2026-njy ýylyň baýramçylyk möwsüminde satuwa çykarylmagyna garaşylýar, emma takyk senesi heniz yglan edilmedi. Olaryň bahasy, takmynan, 180 dollar bolar.