Saint Laurent brendi Iw Sen-Loranyň şahsy hatlaryndan ylham alyp döreden torbasyny tanyşdyrdy

Şu gün, 11:33651
1 / 3

Saint Laurent moda öýi esaslandyryjysy Iw Sen-Loranyň şahsy hatlaryndan ylham alnyp döredilen Simone atly täze torbasyny köpçülige hödürledi. Bu modeliň daşky görnüşi hat bukjasyna meňzeýär. Onuň sada dizaýny 1970–1980-nji ýyllarda meşhur bolan agşamky kiçi torbalaryň görnüşini hem ýatladýar.

Dizaýnerler hat bukjasynyň şekilini gündelik ulanmaga niýetlenen aksessuar görnüşinde döredipdirler. Torba göni çyzyklary, ýumşak deri materialy we uzyn goşa tutawaçy bilen tapawutlanýar. Onuň öň tarapynda biri-birine dikligine sepleşip gidýän YSL harplaryndan ybarat göwrümli «Double Cassandre» nyşany ýerleşdirilipdir.

Simone torbasy iki ölçegde — Medium we Large görnüşlerinde öndürilýär. Onuň içki böleginde iki sany bölüm we syrmaly jübi bolup, torbanyň magnitli ýapgyjy hem daşky görnüşiniň adatylygyny saklaýar. Model ýumşak deriden we zamşadan tikilip, ol gara, goňur we zeýtun reňklerinde çykarylýar.

Saint Laurent brendiniň Ýewropadaky resmi internet dükanynda Simone torbasynyň ýumşak gara deriden taýýarlanan uly görnüşiniň bahasy 3 800 ýewro. Torba Italiýada öndürilýär.

Täze model brendiň özboluşly dizaýn ýörelgelerini dowam edip, onda sada görnüş, göze ilginç bezeg şaýy we nusgawy hem-de häzirki zaman stilleriniň sazlaşygy öz beýanyny tapýar.