Italiýaly dizaýner Dario Witale Emporio Armani hem-de Giorgio Armani Accessories brendleriniň täze döredijilik müdiri boldy. Onuň bu wezipä bellenilmegi Milanda bolup geçdi.
Bu barada dizaýneriň geljekki meýilnamalary babatda birnäçe aý dowam eden gepleşiklerden soň WWD habar berdi.
2025-nji ýylyň martynda Witale Versace brendiniň döredijilik direktory wezipesine bellenipdi. Emma dokuz aýdan soň, ýagny Prada Group kompaniýasynyň bu italýan brendini Capri Holdings-den 1,25 milliard ýewro satyn almak baradaky geleşiginiň tamamlanmagy bilen, ol wezipesinden gitdi. Şondan soň Donatella Versace brendiniň esasy ilçisi boldy we 30 ýyla golaý wagtlap eýelän döredijilik direktory wezipesini terk etdi.
Witale Versace geçmezinden öň Miu Miu brendinde taýýar geýim toplumlarynyň dizaýn boýunça müdiri bolup işledi. Ol 15 ýyl işländen soň, 2025-nji ýylyň ýanwarynda bu wezipeden gitdi.
Witale 2025-nji ýylyň dekabrynda Versace-den gitdi. Şol döwre çenli ol brend üçin bary-ýogy bir toplum hödürläp ýetişdi. Şondan soň onuň Kenzo we Saint Laurent brendleri bilen gepleşik geçirýändigi hakda habarlar peýda boldy. Ondan biraz wagt geçiribräk bolsa, onuň Emporio Armani bilen gepleşik geçirýändigi barada maglumatlar ýaýrady.
Ýöne, näme üçindir, iýun aýynyň ahyrynda Armani Group kompaniýasynda erkek lybasy ugruna jogap berýän Leo Del’Orko Milandaky erkekler modasynyň hepdeliginde bu gepleşikler baradaky täzeligi inkär etdi.