Hermès ilkinji gezek dünýäniň iň gymmat moda brendi boldy

Düýn, 19:491,625
Hermès fransuz moda öýi ilkinji gezek FashionUnited neşiri boýunça dünýäniň iň gymmat moda brendleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Brendiň bahasy 45,2 milliard dollara ýetdi we bir ýylyň dowamynda 40%-den gowrak ýokarlandy. Bazar görkezijileri we biržadaky kapitallaşma boýunça Hermès öňki lider Louis Vuitton-dan hem öňe geçdi.
Louis Vuitton 36,7 milliard dollarlyk baha bilen ikinji orny eýeledi. Üçünji orunda 29 milliard dollar bilen Chanel, dördünji orunda bolsa 26,7 milliard dollar bilen Nike ýerleşdi. Çalt moda segmentinde iň gymmat brend bolan Zara 20,4 milliard dollarlyk baha bilen bäşinji orny eýeledi.
Ilkinji onluga geçen ýylky brendlerden şu sanalanlar girdi, ýöne olaryň sanawdaky orunlary üýtgedi. Cartier 14 milliard dollarlyk baha bilen dokuzynjy orundan ýedinji orna geçdi. Rolex bolsa 11,6 milliard dollar bilen ýedinji orundan dokuzynjy orna düşdi. Dior 9 milliard dollarlyk baha bilen yzly-yzyna ikinji ýyl ilkinji onlugy jemledi.
Ilkinji onlukda Hermès, Louis Vuitton, Chanel, Cartier, Rolex we Dior, jemi alty sany kaşaň moda öýi bar. Sport geýimleriniň segmentine Nike bilen Adidas, köpçülikleýin bazara bolsa Zara we Uniqlo wekilçilik edýär. Ilkinji onluga giren brendleriň bäşisi fransuzlaryňkydyr.
Iň gymmat on brendiň umumy bahasy 222,3 milliard dollara ýetdi. Bu görkeziji ähli 100 brendiň 451 milliard dollarlyk umumy bahasynyň tas ýarysyna deňdir.
Sanawdaky esasy meýilleriň biri, arzanladyş bilen haryt satýan söwda torlarynyň ornunyň güýçlenmegidir. Ross Dress for Less 14-nji orny eýeledi. TJ Maxx 34-nji orundan 17-nji orna çykdy. Burlington bolsa ilkinji gezek sanawa girip, 60-njy orunda ýerleşdi. Şonuň ýaly-da Şweýsariýanyň sport brendi On hem sanawdan orun almagy başaryp, 23-nji ýeri eýeledi.
Aziýa brendleriniň sany hem artdy. Hytaýyň iň gymmat brendi Gonkongda ýerleşýän şaý-sep öndüriji Chow Tai Fook boldy. Ol 26-njy orny eýeledi. Sanawa Hytaýyň başga-da birnäçe brendi, şeýle hem Uniqlo topary bilen baglanyşykly Ýaponiýanyň GU brendi girizildi.
Bu sanaw kompaniýalaryň eýeçilik edýän umumy toparlarynyň däl-de, aýratyn brendleriň bahasyny kesgitleýär. Şonuň üçin bir toparyň düzümine girýän Bershka, Stradivarius, Pull & Bear we Massimo Dutti ýaly brendleriň her biri sanawda aýratyn hasaba alynýar.