Met Gala 2027-niň mowzugy gündelik egin-eşikler boldy

Düýn, 19:252,576

Metropoliten muzeýi Kostýum institutynyň 2027-nji ýyldaky ýazky sergisiniň hem-de Met Gala balynyň mowzugyny yglan etdi. Ol «extraORDINARY: Fashion and the Poetics of the Everyday» («ADATY däl: moda we gündelik durmuşyň poeziýasy») temasyna bagyşlanar diýip, «Vogue» ýazýar.

Sergi we Met Gala 2027 gündelik geýimlere hem-de olara täzeçe seredilmegine üns çeker. Endrýu Boltonyň kuratorlygyndaky ekspozisiýa dizaýnerleriň nädip adaty zatlary we gündelik materiallary sungat eserlerine öwürýändiklerini öwrener.

Sergi iki bölege bölüner. Birinjisi, «Familiar Forms», dizaýnerleriň tanyş egin-eşiklere nädip täzeçe çemeleşýändigini, ikinji bölek, «Common Matter» bolsa kagyzdan, alýuminden we beýleki «bir gezeklik materiallardan» geýim döredilişini görkezer.

Sergide jinsler, trençler, köýnekçeler, perli gyş eşikleri, Comme des Garçons brendiniň 1992-nji ýyldaky kolleksiýasyndan kagyz köýnek, şeýle hem Maison Margiela we beýleki dizaýnerleriň tapan-tupan zatlaryndan döreden işleri hödürlener.

Ilkibaşda sergi 1996-njy ýyldan 2011-nji ýyla çenli Christian Dior brendiniň döredijilik müdiri wezipesini eýelän hem-de öz nesliniň iň zehinli dizaýnerleriniň biri hökmünde ykrar edilen Jon Galýanonyň döredijiliginiň retrospektiwasy hökmünde meýilleşdirilipdi. Ýöne onuň geçmişdäki antisemitik çykyşlary sebäpli hemaýatkärler we syýasatçylar tarapyndan tankyt bildirilenden soň, taslama ýatyryldy.

Met Gala 2027 3-nji maýda geçiriler. Sergi myhmanlar üçin 9-njy maýda açylar we 2028-nji ýylyň 9-njy ýanwaryna çenli dowam eder.

Met Gala Nýu-Ýorkdaky Kostýum institutyny goldamak üçin haýyr-sahawat agşamy hökmünde geçirilýär. Bu çäre her ýyl muzeýiň täze moda sergisini açýar. Ilkinji bal 1948-nji ýylda geçirildi.