Hytaýyň Çžençžou we Awstraliýanyň Adelaida uniwersitetleriniň alymlary Günüň astynda gyzmaýan hem-de yssy howada sowuklygy adaty ak pagtadan has gowy saklaýan melewşe mata işläp taýýarlady. Bu barada «Popular Science» neşiri habar berdi.
Adatça, tomusda açyk reňkli eşikleri geýmek maslahat berilýär. Sebäbi olar goýy reňkli eşiklere garanyňda, Gün şöhlesiniň köp bölegini yzyna serpikdirýär we az gyzýar. Ýöne alymlar goýy reňkli bolsa-da, Günüň astynda az gyzýan matany döretmegi barlap görmek kararyna geldiler.
Munuň üçin ZIF-67 melewşe metal-organik karkasynyň we sink oksidiniň nanobölejikleriniň esasynda material döredildi. Ondaky birinji komponent ýaşyl şöhläni özüne siňdirip, mata doýgun melewşe reňk berýär, ikinjisi bolsa Gün şöhlesini yzyna serpikdirip, ýylylygyň mata siňmegine päsgel berýär.

Geçirilen tejribeleriň dowamynda täze mata Gün şöhlesiniň 87,6%-ini yzyna gaýtaryp, adaty ak pagta matadan 4,2 dereje, adaty melewşe pagta matadan bolsa 6,2 dereje az gyzdy.
Şol bir wagtyň özünde, mata çeýeligi, süýnmäge durnuklylygyny we howa geçirijiligini saklap galdy hem-de 50 gezek ýuwlandan we ultramelewşe şöhleleriň täsirinden soň hem reňkini we häsiýetlerini ýitirmedi.
Alymlar bu tehnologiýany diňe bir gündelik eşiklerde däl, eýsem, gurluşykçylar we fermerler üçin ýörite zähmet geýimlerini döretmekde hem ulanyp boljakdygyny belleýär. Olaryň pikiriçe, bu tehnologiýa sowuklygy saklaýan eşikleriň hökman ak reňkde bolmalydygy baradaky düşünjäni üýtgedip biler.
Şol bir wagtyň özünde, eşigiň näderejede gyzýandygyny diňe onuň reňki kesgitlemeýär. Munda matanyň görnüşi, eşigiň biçüwi we howa geçirijiligi hem möhüm ähmiýete eýedir.