«Barselona» «Real» bilen boljak oýun üçin ýörite eşik toplumyny gözkezdi

20.10.2023, 15:4320,568

Katalon «Barselonasy» ýetip gelýän «El-klasiko» üçin ýörite eşik toplumyny hödürledi. Şeýlelikde, “Barselona” Ispaniýanyň La Ligasynyň 11-nji tapgyrynyň «Real» bilen boljak oýnuna meşhur Rolling Stones aýdym-saz toparynyň nyşany goýlan eşikde çykar.

Öň metbugatda «Barselonanyň» «Spotify» akym hyzmaty bilen hyzmatdaşlygyň çäginde sazandalaryň we toparlaryň nyşanlary bilen «El-Klassiko» gatnaşýandygy barada maglumatlar peýda bolupdy. Toparyň 20-nji oktýabrda meýilleşdirilýän Hackneys Diamonds albomynyň çykmagyna gabatlanylan eşik toplumynda Rolling Stones-iň nyşany basylar. Bu toparyň 18 ýylyň içinde ilkinji albomy.
La Liganyň 11-nji tapgyrynyň «Barselona» — «Real» oýny 28-nji oktýabrda geçiriler. Oýun Aşgabat wagty bilen 19:15-de başlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.