«Tatar gyzy – 2026» adyna Özbegistanly Amina Mahmudowa mynasyp boldy

Şu gün, 00:50652

7-nji oktýabrda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki «Ruhyýet» köşgünde «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň finaly ilkinji gezek Türkmenistanda geçirilip, oňa Russiýanyň dürli sebitlerinden, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Türkmenistandan we Özbegistandan gelen gyzlar gatnaşdy. Bu barada THP habar berýär.

Bäsleşigiň baş baýragy ugrunda 12 gyz bäsleşdi. Olaryň sekizisi Russiýanyň dürli sebitlerine wekilçilik etdi. Eminler gatnaşyjylaryň ene dilini, milli däp-dessurlary we medeniýeti bilşine, döredijilik ukybyna, milli aýdym-tanslary ýerine ýetirişine, el işlerinde hem-de milli tagamlary taýýarlamakdaky ussatlygyna baha berdiler.

Netijede, «Tatar gyzy – 2026» diýen ada Özbegistandan Amina Mahmudowa mynasyp boldy.

Finalyň öňüsyrasynda «Ruhyýet» köşgüniň foýesinde sergi guraldy. Serginiň merkezinde beýikligi 10 metrden geçýän, Tatarystanyň milli süýjüligi bolan çak-çakdan ýasalan piramida ýerleşdirildi.

Köşge 3 müňden gowrak tomaşaçy — ýerli ýaşaýjylar, daşary ýurtly myhmanlar, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we dürli guramalaryň wekilleri ýygnandy.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde «Dehistan» we «Dagdan» tans toparlary, Tatarystanyň Döwlet tans topary hem-de belli artistler çykyş etdiler. Milli lybaslaryň görkezilişi geçirildi, toparlar bilelikde türkmen halkynyň milli tansy bolan «Küştdepdi» tansyny ýerine ýetirdiler. Şeýle-de bäsleşige gatnaşyjylaryň taýýarlygyny görkezýän wideolar we tatar halkynyň toý däp-dessurlaryndan pursatlar görkezildi.

Bäsleşigiň finalyny Türkmenistanda geçirmek başlangyjy Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda öňe sürüldi. Tatarystanyň wekiliýetine respublikanyň premýer-ministriniň orunbasary Wasyl Şaýhraziýew ýolbaşçylyk etdi.

Tatarystana Kazan federal uniwersitetiniň talyby Dina Zaripowa wekilçilik etdi.

Ýeňijini sylaglamak dabarasy 8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan awtoulag sowgat berler.

Bäsleşigiň düzgünlerine görä, indiki ýylyň jemleýji tapgyry häzirki ýeňijiniň ýaşaýan sebitinde ýa-da ýurdunda geçiriler. Geçen ýyl «Tatar gyzy» diýen ada Daşoguz welaýatynda ýaşaýan himiýa mugallymy Alsu Rafikowa mynasyp bolupdy.