Gucci ilkinji gezek «Made in China» bellikli aýakgap çykardy

Düýn, 17:103,170

Italiýanyň lýuks harytlary öndürýän Gucci brendi ilkinji gezek «Made in China» («Hytaýda öndürildi») bellikli krossowkalary satuwa çykardy. Köp ýyllaryň dowamynda aýakgaplaryny  diňe Italiýada öndüren kompaniýa bu ýörelgesinden ilkinji gezek el çekdi.

Täze modeller Hytaýda öndürilýär we brendiň beýleki köp sanly krossowkalary bilen deňeşdirilende arzan bahadan satylýar.

Reuters agentliginiň habar bermegine görä, bu ädim pudagyň käbir bilermenlerini alada goýdy. Olar önümçiligiň Hytaýa geçirilmeginiň Gucci-niň kaşaň italýan brendi hökmünde kabul edilmegine ýaramaz täsir edip bilmeginden howatyr edýär.

Gürrüň «Drip» atly model barada gidýär. Gucci bu krossowkany brendiň täze çeperçilik müdiri Demna Gwasaliýanyň döreden ilkinji krossowkasy hökmünde görkezýär. Model geçen aý Primavera toplumynyň düzüminde satuwa çykaryldy. Onuň bahasy Ýewropada, takmynan, 800 ýewro, ABŞ-da bolsa 1000 dollara durýar.

«Drip» krossowkalarynyň bagjyklary ýok. Olar neýlondan, dokma materialyndan, şeýle-de mahmaldan öndürilýär. Şol toplumdaky ýene bir bagjyksyz, deriden öndürilen modelde hem «Made in China» diýen bellik bar. Şol bir wagtyň özünde, Gucci-niň resmi saýtynda gelip çykan ýurdy görkezilen beýleki ähli aýakgap modelleri Italiýada öndürilýär.

Kompaniýa hytaýly öndürijiniň saýlanmagyny täze modelleriň tehniki aýratynlyklary bilen delillendirdi. Gucci-niň wekili kompaniýanyň üpjün edijisiniň zerur tehnologiýalara we önümleriň talap edilýän aýratynlyklaryny hem-de hilini üpjün etmäge ýeterlik mümkinçilige eýedigini aýtdy.

Bu karar Gucci üçin çylşyrymly döwre gabat geldi. Kering toparynyň düzümine girýän brendiň soňky üç ýylda satuw möçberi iki esse azaldy. Bu ýagdaý kompaniýanyň girdejililigine täsir etdi we onlarça dükanyň ýapylmagyna getirdi.

Kompaniýa Italiýanyň «hemişe Gucci brendiniň we önümçilik modeliniň merkezinde boljakdygyny» nygtady. Şeýle-de kompaniýa önümçiligiň uly möçberde Italiýadan başga ýerlere geçirilmegini meýilleşdirmeýändigini mälim etdi.