«Ýylgyryp, dişiniň arasynda göwher gysyp dur…»: Tilda Swinton Cartier-iň täze ýüzi boldy

Şu gün, 07:03990
1 / 7

Britaniýaly aktrisa Tilda Swinton Cartier zergärlik brendiniň global ilçisi boldy. Onuň gatnaşmagyndaky ilkinji kampaniýa gaplaňlaryň, totuguşlaryň, balyklaryň, krokodilleriň, kerkleriň we panteralaryň keşbi şekillendirilen şaý-sepler toplumyna bagyşlanan «Into The Wild» taslamasy boldy.

Aktrisanyň seslendirmeginde taýýarlanan gysga filmler toplumynda Cartier senetçiler we däp bolan senetçilik görnüşleri barada gürrüň berýär. Olaryň arasynda altyn lak bilen işlemek, inkrustasiýa, mozaika we kagyz barelýeflerini döretmek ýaly işler bar. Bu hekaýalar gymmatbaha materiallardan ýasalan haýwan şekilli zergärlik önümleri bilen utgaşyp gidýär.

«Olar diýseň janly ýaly görünýär. Her biri bu dünýä öz hekaýasy bilen gelip, ony paýlaşmak isleýän ýaly» diýip, Swinton Vogue žurnalyna beren interwýusynda aýtdy.

Aktrisa, esasan, krokodili halandygyny belledi.

«Men oňa öwrenişip gidipdirin. Ýüzi dagy gülüp duran ýaly. Dişiniňem arasynda göwher gysyp dur».

Swinton döredijilik işine bolan özboluşly çemeleşmesi bilen tanalýar. Ol Kembrij uniwersitetinde bilim alyp, «Oskar» baýragyna, iki gezek BAFTA baýragyna we Wenesiýa kinofestiwalynyň «Wolpi kubogyna» mynasyp boldy. Şeýle-de bolsa, aktrisanyň aýtmagyna görä, baýraklar hiç wagt esasy höweslendiriji güýç bolmandyr. Onuň işini waka gürrüň bermäge höwesi we döredijilik prosesiniň özüne bolan gyzyklanmasy kesgitleýär.

«Into The Wild» kolleksiýasy barada gürrüň bermek bilen, aktrisa şekillendirilen haýwanlaryň häsiýetine we garaşsyzlygyna aýratyn üns berýändigini belledi.

«Özüne çekijilik, sowukganlylyk, abraý, ýalňyzlyk, tekepbir gözellik hem-de mertebe» diýip, Swinton Cartier-iň panterasynyň özi üçin nähili häsiýetleri alamatlandyrýandygyny beýan etdi.