Huawei Apple ýaly frontal kameralar üçin kwadrat sensorlary synagdan geçirýär

05.02.2026, 11:451

​Huawei geljekki smartfonlarynyň frontal kameralary üçin taraplarynyň gatnaşygy 1:1 bolan kwadrat sensorynyň synaglaryna başlady diýip, Weibo jemgyýetçilik torunda insaýder Digital Chat Station habar berýär.

​Täze tehniki çözgüt şekiliň deňagramly meýdanyny surata düşürmäge mümkinçilik berýär we programma üpjünçiligine suratyň hilini ýitirmezden kadirlemek (cutting), öwürmek ýa-da ugruny üýtgetmek üçin has köp mümkinçilik berýär.

​1:1 matrisasynyň ulanylmagy jemgyýetçilik torlary üçin kontent döretmegi we wideojaňlary geçirmegi ýeňilleşdirýär. Standart gönüburçly komponentlerden tapawutlylykda, kwadrat sensory kadry gyrkanyňda jikme-jikligi (detail) saklap galýar. Şuna meňzeş tehnologiýany mundan ozal Apple kompaniýasy iPhone 17 seriýasynda Center Stage funksiýasyny durmuşa geçirmek üçin ulanypdy. Bu funksiýa obýekti awtomatiki yzarlamagy we surata düşürmek tertipleriniň arasynda ýumşak geçişi üpjün edýär.
​Häzirki tapgyrda Huawei bu işläp düzmäniň artykmaçlyklaryna baha berýär. Optikanyň durulygy, enjamlaryň anyk modelleri we köpçülikleýin önümçiligiň möhletleri baradaky maglumatlar aýan edilmeýär. Häzirki wagtda kompaniýa tarapyndan bu tehnologiýanyň seriýaly smartfonlara ornaşdyrylmagy barada resmi tassyklama ýok.