Türkmenistanda geljekki lukmanlar üçin rentgenologiýa we onkologiýa gollanmalary neşir edildi

12.10.2026, 19:313,109

Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli lukmançylyk hünärleriniň talyplary we ýaş hünärmenler üçin täze okuw kitaplary neşir edildi. Bu gollanmalary Bilim ministrliginiň görkezmesi bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugy çap etdi.

M.Jumaýew, H.Hydyrow we T.Durdyýewa tarapyndan taýýarlanan täze «Rentgenologiýa» okuw kitabynda radiologiýanyň hem-de rentgenologiýanyň döwrebap gazananlary, ylmyň we tehnikanyň ösüşine esaslanýan innowasion usullar öz beýanyny tapýar. Kitapda keselleri we patologiýalary bejermekde rentgen şöhlelenmesiniň ulanylyşy hakda jikme-jik beýan edilýär. Şeýle-de, şöhle bejergisinde ulanylýan enjamlaryň suratlary we olary ulanmagyň usullary barada giňişleýin maglumatlar hödürlenýär.

Ýaş lukmanlar üçin ýene bir täze neşir «Onkologiýa» okuw kitaby boldy. M.Jumaýew, H.Hydyrow we J.Hojamyradow tarapyndan taýýarlanan bu kitap iki bölümden ybarat. Onuň birinji bölüminde onkologiýanyň umumy meselelerine, täze döremeleriň aýratynlyklaryna, kanserogenez nazaryýetlerine we anyklamagyň döwrebap ýokary tehnologiýaly usullaryna seredilip geçilýär. Ikinji bölüm bolsa bedeniň dürli organlarynyň hem-de ulgamlarynyň täze döremelerine, olaryň toparlara bölünişine, anyklaýyş we bejeriş usullaryna hem-de öňüni alyş çärelerine bagyşlanandyr.

Täze neşirler keselleri ir ýüze çykarmak mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, amaly başarnyklary giňeltmäge we döwrebap bejergi çemeleşmelerini öwrenmäge ýardam berer. Bu okuw kitaplary, ilki bilen, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk mekdebiniň talyplary, şeýle hem ýurduň tejribelik geçýän ýaş lukmanlary üçin peýdaly gollanma bolar.