Türkmen okuwçylary Koreýada geçirilen robototehnika ýaryşynyň medallaryny gazandy

Düýn, 09:563,978
1 / 7

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen «FIRST Global Challenge 2026» robot tehnikasy boýunça dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdi. Türkmen ýaşlary «Skills Challenge» ugry boýunça kümüş medala, «Winning Alliance» ugry boýunça bolsa bürünç medala mynasyp boldy.

7-10-njy oktýabr aralygynda geçen bu çempionatda dünýäniň 185 döwletinden gelen toparlar bäsleşdi.

Ýurduň adyndan çykyş eden milli topara Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Myrat Sähetgulyýew hem-de Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Dawut Gurbanow tälim berdi.

Toparyň düzüminde Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp okatmaga ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçylary Suhan Nowbatow, Oraznyýaz Rejepow, Aznawur Çolukow, Daýhan Gurbanow we Arslan Babajyýew dagy ýokary taýýarlyk derejesini görkezdi.

Topar 295 bal toplap, ýarym finala çykmagy başardy.

Her ýyl Olimpiýa oýunlary görnüşinde guralýan robot tehnologiýasy boýunça halkara bäsleşik bu gezek tebigatda döreýän ýangynlara garşy göreşmekde innowasion çözgütleri tapmaga bagyşlandy.

Mugallym Myrat Sähetgulyýewiň belleýşi ýaly, bäsleşikde gazanylan üstünlik ýaşlaryň täzeçil tehnologiýalary öwrenmäge bolan höwesini artdyrmaga ýardam eder.