Gresiýada 20 sagatlap deňizde galan 44 ýaşly zenan halas edildi

Düýn, 14:264,680

Gäminiň üstünden Ion deňzine böken 44 ýaşly zenan 20 sagatdan soň halas edildi. Bu barada Gresiýanyň kenar gorag gullugynyň duşenbe güni beren hasabatynda aýdylýar.

Zenany gözleg işlerine gatnaşýan «MSC Rossella III» atly ýük gämisi tapypdyr.

Gürrüňi edilýän waka Royal Caribbean kompaniýasyna degişli «Odyssey of the Seas» atly deňiz syýahat gämisi anna güni irden Gresiýanyň Zakinf adasynyň günorta-günbatarynda ýüzüp barýan wagty bolup geçýär.

Kenarýaka gorag gullugynyň wekili AFP habarlar agentligine zenanyň Salwadordan gelendigini aýtdy. Zenan deňze bökmeginiň sebäbini kenara çykmak isländigi bilen düşündirdi. Gullugyň ofiserleriniň biriniň aýtmagyna görä, zenan 20 sagatlap deňizde bolupdyr.

«Gözleg-halas ediş işleriniň dowamynda, ilki bilen, suwuň ýüzünde agdarylyp ýatan tegelek halas ediş halkasy tapyldy. Soňra, ýekşenbe güni ir bilen gözleg işlerine gatnaşýan Madeýra baýdagy astynda ýüzýän «MSC Rossella III» ýük gämisiniň ekipažy şol halkanyň içinde 44 ýaşly zenany gördi» diýlip, kenarýaka gorag gullugynyň beýanatynda aýdylýar.

Şeýlelikde, zenan gözleg-halas ediş gullugynyň gämisine çykarylyp, oňa ilkinji lukmançylyk kömegi berlenden soň, hassahana äkidildi.