Raşid Meredow Aziýa ösüş bankynyň wekili bilen duşuşdy: haýsy meselelere seredildi?

Şu gün, 09:32282

13-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aziýa ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa departamentiniň baş direktory Lea Gutiýerresiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Aziýa ösüş banky bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdy. Söhbetdeşler özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha berip, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň hem-de pugtalandyrmagyň täze mümkinçiliklerine garady.

Şeýle-de hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna, sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça tejribe alyşmaga hem-de özara gyzyklanma bildirilýän bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi. Taraplar häzirki zaman ykdysady meýilleri we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge we netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklady.