Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň häkimliginde wezipe üýtgeşmeleri baradaky Kararlara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutanynyň Karary bilen, Tawus Meýlisowna Amanowa welaýatyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Bu wezipä ozal Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesini eýelän Gyzylgül Berkeliýewna Ýollyýewa bellenildi.