Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Awto
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Awto
15.04.2026 11:36
4.6k+
Şu ýyl boljak 6 uly premýera: BMW öz modelleriniň giň gerimli täzelenmesini taýýarlaýar
BMW 2026-njy ýylda alty täze modeli we täzelenmäni, şol sanda Neue Klasse platformasyndaky elektrik awtoulaglary we meşhur krossowerleriň täzelenen görnüşlerini hödürlär.
15.04.2026 10:47
2.7k+
Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar
Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder.
14.04.2026 20:19
3.4k+
Nissan kompaniýasy rowaýata öwrülen Xterra-ny we X-Trail-iň, Juke-yň we Skyline-yň täze nesillerini yzyna getirýär
Nissan kompaniýasy öz ösüş strategiýasyny täzeledi, global modelleriniň sanawyny 56-dan 45-e çenli azaltjakdygyny we awtoulaglarynyň 90% -inde emeli aňyň ornaşdyryljakdygyny yglan etdi.
14.04.2026 14:41
1.8k+
Stellantis täze Opel we Alfa Romeo modellerini işläp düzmegi hytaýlylara tabşyrar
Stellantis konserni Opel we Alfa Romeo markalarynyň täze elektromobillerini işläp düzmek boýunça Hytaýyň Leapmotor kompaniýasy bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Reuters agentligi pudakdaky çeşmelerine...
14.04.2026 00:04
2.9k+
Ford awtoulaglary sürüjä sözsüz – ýüzüniň we dodaklarynyň hereketlerinden düşüner
Ford kompaniýasy sürüjiniň dodaklarynyň hereketi boýunça buýruklaryny okap bilýän innowasion ses dolandyryş ulgamyny işläp düzýär. Bu tehnologiýa kabrioletlerde we üsti açyk wnedorožniklerde sesiň tanalmagyna...
13.04.2026 15:33
2.8k+
Aston Martin 1 million dollarlyk täze Valhalla superkaryny hödürleýär
Aston Martin kompaniýasy ilkinji elektrik toguna birikdirilýän gibrid awtoulagyny – Valhalla modelini tanyşdyrdy. Bu täze ulag kompaniýanyň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak üçin uly ähmiýete eýedir.
13.04.2026 00:35
7.6k+
Mercedes-Benz EQS modelinde rula derek şturwal bolar
Mercedes-Benz kompaniýasy özüniň flagman elektrokary bolan EQS modeli üçin täzelemeleri tanyşdyrdy. Bu model brendiň taryhynda ruly bilen tekerleriniň arasynda mehaniki baglanyşyk bolmadyk, ýagny «sim arkaly»...
12.04.2026 21:17
3.5k+
Tesla kompaniýasy bahasy 30 müň dollardan pes bolan täze kiçi krossoweri işläp düzýär
Tesla kompaniýasy meşhur Model Y-den kiçi we arzan boljak täze elektrik krossowerini işläp düzmäge başlady diýip, Reuters agentligi bu ýagdaýdan habarly insaýderlere salgylanyp habar berýär.
11.04.2026 11:57
8k+
Toyota-nyň inženerleri Land Cruiser 250 ulagyny ogurlap bolmaz ýaly etdiler
Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250 (Prado) wnedorožnigini täzeledi we ogurlykdan goragyny güýçlendirmäge ünsi jemledi. Model birnäçe goşmaça wariantlary, şeýle hem ogurlanmak töwekgelçiligini azaltmaga...
10.04.2026 20:27
3.3k+
BMW-niň Mýunhendäki iň köne zawody elektrokar önümçiliginiň merkezine öwrüler
BMW kompaniýasy özüniň Mýunhendäki 104 ýyllyk taryhy bolan iň köne zawodyny düýpli üýtgedip gurmaga başlady. 2027-nji ýyla çenli bu kärhana diňe elektromobilleri öndürip başlar.
08.04.2026 18:35
6.3k+
Toyota Corolla 5 ýyldan soň hem ikinji el bazarynda öz gymmatyny saklaýar
Toyota Corolla Hatchback bazarda öz bahasyny iň gowy saklaýan awtomobilleriň biridir. Analitikleriň maglumatlaryna görä, bu model bäş ýylyň dowamynda öz bahasynyň, takmynan, 23%-ini ýitirýär, bu bolsa...
06.04.2026 16:59
4.2k+
BMW konserni 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini tamamlaýar
BMW kompaniýasy 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini şu ýylyň aprelinde bes eder. Bu barada kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan CarBuzz neşiri habar berýär.
04.04.2026 21:33
4.5k+
Tesla kompaniýasy BYD-dan öňe geçip, elektromobil ibermek boýunça liderligini yzyna gaýtardy
Ilkinji üç aýyň jemleri boýunça Tesla kompaniýasy 2024-nji ýylyň ahyryndan bäri ilkinji gezek Hytaýyň BYD kompaniýasyndan elektromobil üpjünçiliginiň möçberi boýunça öňe geçmegi başardy.
04.04.2026 13:20
2.4k+
Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy
Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini...
03.04.2026 14:50
3.6k+
0,4 sekuntlyk dawa «Mercedes» toparyny meselä uçradyp biler
Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) «Ferrari» toparynyň şikaýatyndan soňra, Formula-1-de bäsleşýän «Mercedes» bolidini barlagdan geçirer. Bu barada AutoRacer neşiri habar berýär.
02.04.2026 19:44
5.8k+
Nýu-Ýorkdaky awtoulag sergisinde BMW iX3 World Car Awards tarapyndan “Ýylyň awtoulagy” diýlip yglan edildi
BMW iX3 elektrik krossoweri World Car Awards baýragy tarapyndan “2026-njy ýylyň awtoulagy” diýlip yglan edildi. Sylaglamak dabarasy Nýu-Ýorkda geçirilen awtoulag sergisiniň çäginde geçirildi.
01.04.2026 16:47
3.7k+
Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar
Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,...
01.04.2026 14:15
3.7k+
Üç tigirli Formula-1-iň stilindäki sport awtoulagy jemgyýetçilik ýollarynda ulanmak üçin taýýarlanýar
Amerikanyň Ryn Motors kompaniýasy “Formula 1” awtoulaglarynyň stilinde dizaýn edilen FP3 sport ulagyny işläp düzýär. Awtoulagy jemgyýetçilik ýollarynda ulanmaga rugsat bermek meýilleşdirilýär.
31.03.2026 22:22
5.3k+
Hyundai geljekki täze önüminiň geň tizerini görkezdi: onda daş howada gaýyp dur
Hyundai kompaniýasy «uly bir zadyň gelýändigini» habar berýän tizer suratlaryny çap etdi, bu bolsa ähtimal täze modeliň ýakyn wagtda boljak tanyşdyrylyşyna yşarat edýär. Suratlaryň özünde awtoulag ýok — diňe...
31.03.2026 09:18
4.9k+
Toyota oturgyçlaryndaky kemçilik sebäpli ýarym milliondan gowrak ulagyny yzyna çagyrýar
Toyota kompaniýasy yzky oturgyçlaryndaky kemçilik sebäpli Hytaýda ýarym milliondan gowrak awtoulagyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Bu barada Hytaýyň kadalaşdyryjy edarasyna salgylanyp, Reuters agentligi...
30.03.2026 15:52
4.4k+
Toýota, Ford we Volkswagen: golaýlap gelýän Nýu-Ýork awtosalonynyň esasy premýeralary
Nýu-Ýork şäheri birnäçe günläp awtoulag dünýäsi üçin özüne çekiji merkeze öwrüler. 3-12-nji aprel aralygynda Jacob K. Javits Convention Center sergi merkezinde Demirgazyk Amerikanyň iň gadymy we iri awtoulag...
29.03.2026 20:51
6k+
Mercedes ýolagçylaryň rahatlygy üçin niýetlenen kaşaň Maybach VLS miniwenini anons etdi
Mercedes-Benz uly premium miniwenler segmentinde flagman model boljak täze Mercedes-Maybach VLS-iň tanyşdyrylyşyny yglan etdi. Awtomobil ozal hödürlenen we indi yzygiderli önümçilige geçýän «Vision V»...
29.03.2026 11:16
9.5k+
Toyota ýolsuz ýerler we şäher üçin Land Cruiser 250-niň täze görnüşlerini hödürledi
Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250-niň iki sany täze ýokary wersiýasyny — VX we VX-L modellerini hödürledi. Olar ýolsuz ýerler we gündelik rahat sürüş üçin sazlandy.
28.03.2026 13:56
2.4k+
Sony we Honda «Afeela» elektrokaryndan ýüz öwürdiler: onuň üçin eýýäm deslapky töleglerem alnyp başlanypdy
Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasy «Afeela» elektromobil taslamasynyň ýapylýandygyny yglan etdi. Bu karar Honda-nyň elektrokar ösdürmek baradaky meýilnamalaryna täzeden seretmegi bilen baglanyşyklydyr.
26.03.2026 20:58
3.8k+
Dünýäniň onlarça awtobrendi Melburn awtosalony – 2026 üçin öz täze modellerini taýýarlaýar
2026-njy ýylyň 10-12-nji apreli aralygynda Melburnda (Awstraliýa) abraýly awtosalon geçiriler. Şäheriň Halkara sergi merkeziniň meýdançasynda ýigrimä golaý awtomobil brendi we awtomobillere hyzmat ediş...
26.03.2026 15:57
2.4k+
Renault işçileriniň bir bölegini kellesiz robotlara çalyşýar
Renault kompaniýasy öz zawodlarynda agyr fiziki işleri ýerine ýetirmek üçin robotlary ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Garaşylmagyna görä, 2027-nji ýyla çenli bu enjamlar önümçiligiň käbir bölümlerinde adamlaryň...
25.03.2026 14:51
6.2k+
Awtoulag senagaty üzül-kesil üýtgeýär: awtoulaglary diňe maşynlar ýygnar
Awtoulaglaryň adam gatyşmazdan ýygnaljak ilkinji doly awtomatlaşdyrylan zawodlary 2030-njy ýylda ABŞ-da ýa-da Hytaýda peýda bolup biler. Gartner we Warburg Research seljerijileriniň baha bermegine görä, doly awtomatlaşdyrmaga geçmek - geljek ýyllaryň meselesi
24.03.2026 13:27
7.4k+
Lexus täze nesil gibrid ES300h modeli üçin sargytlary kabul etmäge başlady
Lexus kompaniýasy Hytaýyň bazarynda täze nesil ES sedany üçin sargytlary kabul edip başlady. Häzirki wagtda alyjylara diňe gibrid görnüşindäki ES300h modeli hödürlenýär. Esasy komplektasiýanyň bahasy 309 müň ýuandan (46 350 dollar) başlanýar
24.03.2026 09:33
2.6k+
Seýrek duş gelýän Ferrari FXX K giperkary €5 mln baha bilen auksionda satylar
RM Sotheby's 2018-nji ýyldaky Ferrari FXX K giperkaryny auksionda satmagy meýilleşdirýär. Awtoulagyň deslapky satuw bahasy 5,2–5,7 million ýewro aralygynda kesgitlenýär. Bu awtoulaglardan diňe 40 sanysy öndürilipdir
23.03.2026 21:23
6.8k+
Tesla Model Y sökülen görnüşde görkezildi: ine, awtoulagyň skeleti
Tesla kompaniýasy Model Y elektrik ulagyny doly sökülen görnüşde görkezdi. Kompaniýa onuň gurluşynyň we esasy tehnologik çözgütleriniň syryny açdy. Bu ädimi bilen Tesla gigakasting tehnologiýasyna üns çekýär — ol uly iri galyplaýjy maşynlary ulanýar, bu bolsa kuzowyň uly böleklerini birgiden böleklerden ýygnamagyň ýerine, bir bitewi görnüşde öndürmäge mümkinçilik berýär
23.03.2026 16:58
5.5k+
Rolls-Royce islegiň ýoklugy zerarly dolulygyna elektromobillere geçmekden ýüz öwürdi
Rolls-Royce kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz modeller hataryny doly elektrik hereketlendirijä geçirmek meýilnamasyndan dändi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Braunrij habar berdi diýip, "Motor1" neşiri ýazýar
23.03.2026 07:08
2.1k+
Xiaomi 902 km çenli ýol ätiýajy we lidary bolan täze nesil SU7 modelini hödürledi
Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy birnäçe kämilleşdirmeler bilen täzelenen SU7 elektromobilini resmi taýdan hödürledi. Indi CLTC sikli boýunça ulagyň geçýän ýoly 902 km ýetýär, LiDAR ulgamy ähli wersiýalaryň adaty üpjünçiligine goşuldy, Max wersiýasynda bolsa zarýad kuwwaty 897 wolta çenli ýokarlandy
22.03.2026 16:09
2.3k+
Infiniti kompaniýasy Nýu-Ýork awtosalonynda täze QX65 krossower kupesini görkezer
Infiniti kompaniýasy QX60-yň kupe görnüşindäki täze QX65 krossowerini tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Täze model 26-njy martda ilkinji gezek görkeziler we aprel aýynyň başynda Nýu-Ýork awtosalonyna çykarylar. ABŞ-da satuw iýun aýynda başlar
22.03.2026 04:10
2.3k+
Nissan Toyota-nyň mysalyna eýerip, öz Murano modellerini Ýaponiýa ABŞ-dan getirip başlar
Nissan kompaniýasy Amerikanyň Tennessi ştatyndaky zawodda öndürilýän Murano krossowerini Ýaponiýanyň bazaryna ibermek meýilnamasyny yglan etdi. Häzirki wagtda bu model bu ýurtda satylmaýar. Mundan ozal Toyota we Honda kompaniýalary hem meňzeş ädimler barada habar beripdiler
22.03.2026 03:37
1.5k+
Tesla Roadster modeli üçin rewolýusion sport oturgyjyna patent aldy: onuň nämesi üýtgeşik?
Tesla kompaniýasy geljekki Roadster superkarynda ulanylyp bilinjek täze sport oturgyjy üçin patent aldy. Patent arzasynda monolit karkas — esasy bölegi, arkalygy, kellesindäki söýeg we gapdal diregleri özünde jemleýän bitewi kompozit gabyk beýan edilýär
22.03.2026 03:14
6.4k+
Kirpileriň tas üçden biri ýolda ulag astyna düşýär: Ýewropalylar bu meseläni çözdüler
Geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, Ýewropadaky ýerli kirpileriň üçden bir bölegine çenlisi her ýyl awtoulaglaryň astyna düşüp ölýär. Barlagçylar ýollarda bu haýwanlaryň ölmegini azaltmak üçin awtoulaglary üýtgetmegi teklip etdiler diýip, Popular Science ýazýar
21.03.2026 00:08
5.7k+
Toyota täze Tundra TRD Hammer pikapyny taýýarlaýar: ol Ford F-150 Raptor-yň bäsdeşi
Toyota kompaniýasy Tundra pikapynyň täze, has ekstremal görnüşini taýýarlaýar. Ol TRD Hammer diýlip atlandyrylar. Bu barada ABŞ-nyň Patent we söwda belgileri edarasynyň maglumatlaryna salgylanýan The Drive neşiri habar berdi
20.03.2026 12:30
4.3k+
Toyota ýene yzda galdy: Tesla Model Y bassyr üç ýyl bäri dünýäniň iň köp satylýan awtoulagy boldy
Tesla Model Y yzygiderli üç ýyl bäri dünýäde iň köp satylýan awtoulag bolmagynda galýar. Bu barada Tesla kompaniýasy habar berdi. Modeliň umumy satuwy 4 million awtoulagdan geçdi. 2023-nji ýylda Model Y bir ýylda takmynan 1,223 million sany satylmak bilen, ilkinji gezek Toyota RAV4 we Corolla modellerinden öňe geçmegi başardy
19.03.2026 14:00
2.7k+
Täze BMW i3-iň üçden bir bölegi gaýtadan işlenen çig maldan taýýarlandy. Ol bir zarýadda 900 km ýol geçýär
BMW kompaniýasy «Neue Klasse» platformasynda döredilen täze i3 elektrik sedanyny tanyşdyrdy. Modeliň önümçiligi Mýunhendäki zawodda ýola goýlar, ilkinji seriýaly awtoulaglar awgust aýynda konweýerden çykar, satuwlar bolsa güýzde başlanar
19.03.2026 04:19
2.6k+
Mazda täze CX-5 modelini bäş sany gysga metražly film arkaly tanyşdyrdy
Mazda kompaniýasy Demirgazyk Amerikada geçirilen Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymy wagtynda täze CX-5 krossowerini kino treýleri görnüşinde tanyşdyrdy. Bu premýera «5 Sides of the All-New CX-5» («Täze CX-5-iň bäş tarapy») diýlip atlandyryldy
«
1
…
5
6
7
…
86
»
«
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
…
86
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.