Kirpileriň tas üçden biri ýolda ulag astyna düşýär: Ýewropalylar bu meseläni çözdüler

21.03.2026, 22:146,377
1 / 2

Geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, Ýewropadaky ýerli kirpileriň üçden bir bölegine çenlisi her ýyl awtoulaglaryň astyna düşüp ölýär. Barlagçylar ýollarda bu haýwanlaryň ölmegini  azaltmak üçin awtoulaglary üýtgetmegi teklip etdiler diýip, Popular Science ýazýar.

Alymlar ýol ulgamynyň ösüşiniň kirpileriň sanynyň azalmagynyň sebäpleriniň biridigini belleýärler. Olaryň köpüsi gijelerine ýoldan geçip barýarkalar awtoulaglaryň astyna düşüp heläk bolýar.

Bu meseläni çözmek üçin Oksford uniwersitetiniň doktory Sofi Rasmussen haýwanlary ürküzmäge niýetlenen ultrases enjamlarynyň üstünde işläp başlady. Şeýle enjamlar awtoulaglara, bag trimmerlerine we ot orýan maşynlara gurnalyp bilner.

Daniýadaky haýwanlaryň saglygyny dikeldiş merkezinde geçirilen barlaglar mahalynda alymlar kirpileriň ultrasesi eşidip bilýändigini anykladylar. Bu haýwanlaryň orta gulagynda has berk süňk zynjyry bar, bu bolsa örän ýokary ýygylykly sesleri geçirmäge kömek edýär. Şeýle hem olaryň eşidiş süňklerini titremeleri geçirýän eşidiş perdesi bilen birleşdirýän üzeňňi süňkjagazy bar.

Şeýle enjamlar häzirki wagtda entek işlenip düzüliş tapgyrynda. Rasmussen awtoulag öndürijileriniň taslama gyzyklanma bildirjekdigine we alymlar bilen bilelikde ylmy-barlag işlerini geçirip biljekdigine umyt edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.