Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Bilim
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Bilim
03.02.2026 16:05
2.8k+
Ýaş türkmen alymlary Bangkokda geçirilen Bütindünýä ylmy bäsleşiginde ýokary baýraklara mynasyp boldy
29-njy ýanwar — 2-nji fewral aralygynda Tailandda ylym we tehnologiýa dünýäsinde iň abraýly halkara çäreleriniň biri bolan «Ýaşlaryň arasynda ylmy açyşlar we innowasiýalar» bäsleşigi (WYSII 2026) geçirildi. Bäsleşige Malaýziýa, Tailand, Indoneziýa, Filippinler, Italiýa, Gazagystan, Meksika ýaly ýurtlardan, şeýle-de Türkmenistandan 715 talyp we 232 ylmy iş topary gatnaşdy
02.02.2026 02:12
2.9k+
Türkmen talyplary BIMO-2026 we BIChO-2026 olimpiadalarynda 46 medal gazandy
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary BIMO-2026 we BIChO-2026 halkara olimpiadalarynda 17 altyn, 17 kümüş we 12 bürünç baýraga mynasyp boldy diýip, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti habar berýär
02.02.2026 00:48
2.9k+
Türkmen talyplary Buharada geçirilen matematika we himiýa boýunça olimpiadalarda bäş medal gazandy
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary 2026-njy ýylyň 24-29-njy ýanwary aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilen matematika we himiýa boýunça halkara olimpiadalarynda bäş sany baýraga mynasyp boldy
01.02.2026 23:35
3.2k+
2026-njy ýylyň başyna görä IQ derejesi boýunça dünýä döwletleriniň reýtingi çap edildi
International IQ Test guramasynyň täze hasabatyna görä, Günorta Koreýa ortaça intellekt koeffisienti boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Hasabat 137 ýurtdan we çäkden 1,2 million adamyň gatnaşmagynda geçirilen testleriň netijelerine esaslanýar
31.01.2026 20:10
4.7k+
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy Kataryň Atçylyk federasiýasy bilen ähtnama gol çekdi
2026-njy ýylyň 29-31-nji ýanwary aralygynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň wekiliýetiniň Katar Döwletine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Kataryň Atçylyk federasiýasy bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
31.01.2026 18:16
2.6k+
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Kembrije okuw saparyny amala aşyrdy
25-31-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Angliýanyň Kembrij şäherine okuw saparyny amala aşyryp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy işgärleri üçin niýetlenen hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşdy
31.01.2026 18:12
2.9k+
D. Azady adyndaky TMDDI ýokary synp okuwçylary üçin dil olimpiadalaryny geçirer
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň orta umumybilim berýän mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary üçin dil olimpiadalaryna gatnaşmak barada arzalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi
31.01.2026 03:36
1.5k+
Türkmenistanda talyplaryň arasynda «IT-Zehin: Sanly Synag – 2026» hakaton bäsleşigi geçiriler
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 20–21-nji aprel aralygynda onlaýn formatda «IT-Zehin: Sanly Synag – 2026» atly talyplar hakatonyny geçirer. Bu barada maglumaty ýokary okuw mekdebiniň metbugat gullugy berýär
31.01.2026 01:38
1.2k+
Magtymguly adyndaky TDU-nyň «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» elektron žurnaly dörediler
30-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly täze ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalyny döretmek baradaky teklibi hödürledi
29.01.2026 12:32
2.7k+
Türkmen talyplary Seulda we Çhunçhonda «Feel Korea! with KNU» maksatnamasyna gatnaşýar
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we pedagogika bilimi (koreý dili, türkmen dili we edebiýaty) ugrunyň talyplary 2026-njy ýylyň 19-njy ýanwary – 2-nji fewraly aralygynda Koreýa Respublikasynda gysga möhletli okuw maksatnamasyna gatnaşýar
28.01.2026 16:18
2.1k+
TTII we Dohanyň ylym we tehnologiýa uniwersiteti hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdylar
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen Doha ylym we tehnologiýa uniwersiteti ylmy we akademiki hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär
27.01.2026 15:32
3k+
Türkmenistan we Italiýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýar
Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy
27.01.2026 09:21
1.3k+
ChatGPT Edu Gazagystanyň milli bilim ulgamyna integrirlener
Gazagystanyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmos senagaty ministrligi ChatGPT Edu bilim guralynyň milli bilim ulgamyna ornaşdyrylýandygyny yglan etdi. Bu karar ýurduň orta we ýokary okuw mekdeplerine degişlidir
27.01.2026 07:22
4.1k+
Türkmenistanyň Energetika instituty nazary mehanika boýunça V internet-olimpiadasyny geçirýär
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýurduň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «Nazary mehanika» dersi boýunça geçiriljek V açyk halkara internet-olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär
24.01.2026 03:55
4.7k+
Mart aýynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 3-si halkara internet olimpiadalaryny geçirer
2026-njy ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde halkara olimpiadalar geçiriler. Bu barada anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa hasabat berdi. Hususan
22.01.2026 22:38
7.5k+
Türkmenistanly mugallym «GDA-nyň iň gowy mugallymy» diýen ada mynasyp boldy
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Atçylyk we seýisçilik kafedrasynyň mugallymy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy Nowruzälem Gurdow «GDA-nyň iň gowy mugallymy» diýen ada mynasyp boldy
22.01.2026 11:32
1.4k+
GDA ýurtlarynda ýaş metrologlaryň arasynda bäsleşik yglan edildi
«GDA-nyň iň oňat ýaş metrology» diýen at ugrundaky ilkinji halkara bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalary kabul etmek işi başlandy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär. Bäsleşigiň guramaçysy hökmünde GDA ýurtlarynyň Standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwletara geňeşiniň Standartlar býurosy çykyş edýär
21.01.2026 16:48
4.1k+
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «THE Awards Asia 2026» bäsleşiginiň ýeňijileriniň gysga sanawyna girdi
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «THE Awards Asia 2026» abraýly baýragyň ýylyň ylmy-barlag taslamasy: «STEM» ugry boýunça ýeňijileriň gysga sanawyna girdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär
21.01.2026 10:31
3.8k+
Hytaýyň ilçihanasy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine 190 sany okuw kitap sowgat berdi
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine hytaý diline, taryhyna we medeniýetine degişli okuw edebiýatlarynyň 190 nusgasyny gowşurdy. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berilýär
18.01.2026 13:37
3.1k+
Türkmenistanly okuwçylar Astanadaky halkara olimpiadada 16 medal gazandylar
2026-njy ýylyň 10-14-nji ýanwary aralygynda Astanada geçirilen matematika, fizika we kompýuter ylymlary boýunça 22-nji Halkara Žautykow olimpiadasynda türkmen mekdep okuwçylary ajaýyp netijeleri görkezdiler. Gazagystanyň Bilim ministrliginiň Daryn merkezi tarapyndan guralan abraýly intellektual marafona 16 ýurtdan 600-den gowrak zehinli ýaşlar gatnaşdy
18.01.2026 10:02
13k+
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty okuwa çagyrýar
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýär. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutyna içeri
16.01.2026 12:15
2.9k+
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nemes professorlarynyň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirilýär
12 — 16-njy ýanwar aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda (TDEI) Germaniýanyň abraýly uniwersitetleriniň professorlarynyň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirilýär. Okuw maslahatynyň dowamynda bilim bermekde okatmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmaga, professor-mugallymlaryň we talyplaryň halkara derejesinde hünärini ýokarlandyrmaga hem-de tejribe alyşmaga aýratyn üns berilýär
16.01.2026 11:25
2k+
Aşgabatda aprelde mekdep okuwçylarynyň arasynda III halkara matematika olimpiadasy geçiriler
Türkmenistanyň Bilim ministrligi şu ýylyň 8 – 13-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek mekdep okuwçylarynyň III halkara matematika olimpiadasynyň geçirilýändigini yglan etdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär
14.01.2026 11:35
8.7k+
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde öňdebaryjy bilim işgärleri sylaglanyldy
12-nji ýanwarda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim ulgamynyň öňdebaryjy işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy. Çäre mugallymlaryň milli bilim we terbiýeçilik ulgamyny ösdürmäge goşan goşantlaryny ykrar etmäge bagyşlandy
11.01.2026 14:47
7k+
Arkadag şäherindäki mekdep daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebe öwrüler
Arkadag şäherindäki umumy bilim berýän mekdebini döwrebaplaşdyrmak we ony daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebe öwürmek meýilleşdirilýär. Bu barada 10-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda şäheriň häkimi G
10.01.2026 19:10
3.7k+
ABŞ-nyň ilçihanasy mugallymlar üçin Fulbraýt maksatnamasy boýunça bäsleşik yglan etdi
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2026–2027-nji okuw ýyly üçin Fulbraýt maksatnamasynyň «Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek» atly ugry boýunça açyk bäsleşigi yglan etdi. Bu maksatnama mugallymlara öz hünär başarnyklaryny ösdürmäge hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlary barada bilimlerini giňeltmäge mümkinçilik berýär
05.01.2026 15:43
8k+
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary halkara bäsleşiklerinde üstünlik gazandylar
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary abraýly halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp boldular. Aýlar Arazberdiýewa “GDA-nyň iň gowy talyby”, Nurýagdy Baýryýew bolsa “Iň gowy ylmy iş - 2025” halkara bäsleşiklerinde ýeňiş gazandy
04.01.2026 12:24
6.5k+
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda iňlis dilinden bäsleşik geçirdi
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti iňlis dili boýunça bäsleşik geçirdi. "Bitaraplyk — dillerimiziň senasy" diýlip atlandyrylan bäsleşik Aşgabat we Arkadag şäherleriniň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirildi
02.01.2026 16:51
17k+
Türkmenistanly okuwçylara ABŞ-da okamaga mümkinçilik berýän «FLEX» synaglarynyň wagty we ýeri belli boldy
2026-2027-nji okuw ýyly üçin ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2025-2026-njy ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi belli boldy. Bu barada Halkara bilim boýunça amerikan geňeşleri habar berdi
01.01.2026 18:19
4.6k+
Türkmen talyp gyzlary Hytaýda geçirilen halkara olimpiadasynda baýrakly orunlary aldylar
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyp gyzlary Hytaý Halk Respublikasynyň Nankin şäherinde geçirilen Nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadasynda kümüş medallara mynasyp boldular. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, ýaryşyň jemleri boýunça milli ýygyndy toparymyz hem toparlaýyn hasapda ikinji orny eýeledi
25.12.2025 12:29
2.8k+
Türkmenistanda kartografiýa boýunça I internet ders bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen kartografiýa boýunça I internet ders bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşik Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýol gurluşygy fakultetiniň geodeziýa kafedrasy tarapyndan guraldy
21.12.2025 23:37
8.1k+
Aşgabatdaky 131-nji orta mekdebiň okuwçysy Russiýada «Ýylyň ýaş alymy — 2025» atly halkara bäsleşikde ýeňiji boldy
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebiniň okuwçysy Muhammetguly Handurdyýew Russiýanyň Penza şäherinde «Ýylyň ýaş alymy — 2025» ady bilen geçirilen XXI halkara ylmy-gözleg bäsleşiginde I orna mynasyp boldy
20.12.2025 18:32
7.4k+
Döwlet energetika institutynyň iki talyby Hytaýda nazary mehanika boýunça halkara olimpiadada ýeňiş gazandylar
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň iki talyby – Dursunjemal Ataýewa hem-de Mähriban Azadowa 4 – 8-nji dekabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Nankin şäherinde ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda geçirilen nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
20.12.2025 10:20
3.5k+
Daşary ýurtly dalaşgärler Hytaýda okamak üçin bitewi giriş synagyny tabşyrmaly bolar
2026-njy ýyldan başlap, Hytaýda bakalawr maksatnamalaryna okuwa girýän daşary ýurtly raýatlar üçin bitewi milli giriş synagy girizilýär. Bu barada Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrligine salgylanyp habar berdi
17.12.2025 12:14
7.4k+
Türkmenistanly mekdep okuwçysy Almatyda geçirilen AMAKids olimpiadasynda ýeňiji boldy
Türkmenistanly mekdep okuwçysy Baýmuhammet Annamuhammedow "International Mental Arithmetic & English Language Olympiad – Independence Cup" (Halkara mental arifmetika we iňlis dili olimpiadasy – Garaşsyzlyk kubogy) atly halkara ýaryşynda ýeňiş gazandy
17.12.2025 11:43
12k+
Türkmenistanda harby okuw mekdeplerine 2026‑2027 okuw ýyly üçin kabul edişlik yglan edildi
Türkmenistanyň Goranmak ministrligi 2026‑2027 okuw ýyly üçin Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituta hem-de ýöriteleşdirilen harby okuw mekdeplerine kabul edişligiň başlanandygyny yglan etdi. Harby instituta kabul edişlik Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituta orta bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär
15.12.2025 23:00
13k+
Türkmenistanyň Prezidenti halkara ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan okuwçylara we talyplara pul baýragyny berdi
15-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda halkara ders bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna we tälimçilerine sylaglary gowşurdy
12.12.2025 17:14
2.2k+
Türkmenistanda fizika dersi boýunça V halkara olimpiada geçirildi
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda fizika dersi boýunça sanly ulgam arkaly V halkara olimpiada geçirildi. Bu halkara çäresine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary
06.12.2025 16:49
4.6k+
Türkmen ýokary okuw mekdepleri ekologiýa görkezijileri boýunça dünýä reýtinginde ýokary galdylar
Uniwersitetleri ekologiýa taýdan bahalandyrýan «UI GreenMetric World University Ranking» ulgamynyň 2025-nji ýyl boýunça netijeleri belli boldy. Bu reýting dünýädäki uniwersitetleri ekologiýa taýdan durnuklylyk babatynda 6 ugur boýunça jemi 10 000 baldan bahalandyrdy
06.12.2025 10:45
4.3k+
Türkmenistanly talyplar "RUDN MATH OLYMP 2025" Halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherindäki Patris Lumumba adyndaky halklaryň dostlugy uniwersitetiniň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara matematika olimpiadasy (RUDN MATH OLYMP 2025) geçirildi
«
1
…
3
4
5
…
23
»
«
1
2
3
4
5
6
7
8
…
23
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.