Mart aýynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 3-si halkara internet olimpiadalaryny geçirer

23.01.2026, 22:554,723

2026-njy ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde halkara olimpiadalar geçiriler. Bu barada anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa hasabat berdi.

Hususan-da,

  • Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň garşylygy dersinden V Açyk halkara internet olimpiadasyny,
  • Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde VI Açyk halkara matematika olimpiadasyny,
  • Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersinden V Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, alymlary, professor-mugallymlary bilen bir hatarda, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Munuň özi täze zehinleri ýüze çykarmakda, halkara ylmy-döredijilik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, bilim işini okuw-usulyýet taýdan kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.