BMW 108 ýyllygyny belleýär
21.07.2025 18:30
5.9k+

BMW 108 ýyllygyny belleýär

2025-nji ýylyň 21-nji iýulynda BMW-niň döredilenine 108 ýyl bolýar – kompaniýa 1917-nji ýylda Bayerische Motoren Werke ady bilen hasaba alyndy. Häzirki günde BMW brendi kämilligiň, ýokary derejäniň we sürmekden lezzetiň nyşany bolmagynda galýar
Pirelli täze tekerleriniň çykmagy mynasybetli Gudwudda superkarlaryň dabaraly ýörişini geçirdi
21.07.2025 13:54
4.9k+

Pirelli täze tekerleriniň çykmagy mynasybetli Gudwudda superkarlaryň dabaraly ýörişini geçirdi

Pirelli kompaniýasy P Zero şinalarynyň bäşinji nesliniň ilkinji çykyşynyň we asyl modeliniň 40 ýyllygyny mynasybetli Gudwudda geçen Tizlik festiwalynda superkarlaryň dabaraly ýörişini geçirdi. Ýörişden geçen awtoulaglaryň umumy kuwwatynyň 10 000 at güýjünden ybarat bolandygy habar berildi
Porsche-niň güýç gurluşy oturdylan kater Monakodaky ýaryşda tizlik rekordyny goýdy
20.07.2025 17:49
5.7k+

Porsche-niň güýç gurluşy oturdylan kater Monakodaky ýaryşda tizlik rekordyny goýdy

Frauscher x Porsche 850 Fantom spidboty Monakoda geçen Energy Boat Challenge ýaryşynda täze tizlik rekordyny goýdy . “Açyk deňiz” synpynda ol 49,84 uzel tizlige çykdy, bu sagatda 92,3 kilometre barabardyr. Bu ýaryşyň taryhynda iň ýokary görkezijidir
Xiaomi YU7 elektromobiliniň hakyky ýol ätiýaçlygy aýdylyşyndan üçden bir esse az bolup çykdy
20.07.2025 17:41
3.9k+

Xiaomi YU7 elektromobiliniň hakyky ýol ätiýaçlygy aýdylyşyndan üçden bir esse az bolup çykdy

Max wersiýasyndaky Xiaomi YU7 2026 elektrik krossoweri bir zarýadda 492 kilometr ýol geçdi, ýagny bu resmi taýdan yglan edilen görkezijiden 258 km az boldy. Şeýle maglumaty, modeliň garaşsyz synaglarynyň netijelerine esaslanyp, Hytaýyň Sohu neşiri habar berdi
Ford Hytaýda Bronco-nyň adaty bolmadyk has uly görnüşini çykarar
20.07.2025 14:24
5.3k+

Ford Hytaýda Bronco-nyň adaty bolmadyk has uly görnüşini çykarar

Ford kompaniýasy Bronco modeliniň dünýä bazaryna hödürlenen ähli wersiýalaryndan tapawutlanýan, üýtgedilen görnüşini Hytaý bazaryna çykarmaga taýýarlanýar. Täze model Jiangling Ford bilelikdäki kärhanasy tarapyndan işlenip düzüldi we gibrid hem-de doly elektrik görnüşinde hödürlener
Täze BMW Neue Klasse Hytaýda ýerli Momenta-dan awtopilot alar
19.07.2025 14:20
6.7k+

Täze BMW Neue Klasse Hytaýda ýerli Momenta-dan awtopilot alar

BMW konserni Hytaýyň şertlerine uýgunlaşdyrylan elektrik ulaglary bolan Neue Klasse maşgalasy üçin ýarym awtonom dolandyryş ulgamyny işläp taýýarlajak Hytaýyň Momenta başlangyjy bilen şertnama baglaşdy. Hytaýda modelleriň satuwy 2026-njy ýylda başlamaly diýip, Tencent News neşiri habar berýär
“Tokio driftinden” mämişi-gara Mazda RX-7 1,2 mln dollara satyldy
19.07.2025 07:16
7k+

“Tokio driftinden” mämişi-gara Mazda RX-7 1,2 mln dollara satyldy

“The Fast and the Furious: Tokyo Drift” (Тройной форсаж: Токийский дрифт) filminden meşhur Mazda RX-7 Gudwuddaky Tizlik festiwalynyň çäklerinde geçirilen Bonhams auksionynda satyldy. Ahyrky baha 911 müň funt sterling – takmynan, 1,2 mln dollar boldy
Mitsubishi maşgala we syýahat üçin ýedi orunlyk Destinator krossowerini döretdi
19.07.2025 06:33
4.6k+

Mitsubishi maşgala we syýahat üçin ýedi orunlyk Destinator krossowerini döretdi

Mitsubishi kompaniýasy ýedi orunlyk täze Destinator krossowerini hödürledi. Tanyşdyryş Indoneziýadaky GAIKINDO halkara awtoulag sergi jaýynda geçirildi. Bu model Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Afrikanyň bazarlary üçin niýetlenendir we uly maşgalalaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin işlenip taýýarlandy
Mersedes-Benz awtoulag hereketdekä wideo jaňlary etmäge rugsat berer
19.07.2025 06:28
3.1k+

Mersedes-Benz awtoulag hereketdekä wideo jaňlary etmäge rugsat berer

Mersedes-Benz kompaniýasy Microsoft Teams-iň üsti bilen awtoulagy togtatmazdan, wideo jaňlary etmäge mümkinçilik berýän funksiýanyň girizilendigini habar berdi. Bu täzelik nemes awtoulag öndürijisini ulag hereketdekä wideo jaňlary etmek üçin oturdylan kamera bilen ilkinji bolup üpjün edýän öndürijä öwürýär
Täzelenen Kia Sorento täze opsiýalary aldy, has "akylly" we ygtybarly ulaga öwrüldi
18.07.2025 19:21
5.5k+

Täzelenen Kia Sorento täze opsiýalary aldy, has "akylly" we ygtybarly ulaga öwrüldi

Kia kompaniýasy Günorta Koreýada täzelenen 2026 Sorento krossoweri bilen tanyşdyrdy. Indi modeliň esasy toplumy Lane Keeping Assist 2 we ruluň tutawajyny dolandyrmak ulgamlaryny öz içine alýar. Şeýlelikde, sürüjä giňeldilen kömek funksiýalary ulagyň ähli wersiýalarynda elýeterli boldy
Hyundai öz awtoulaglarynyň nawigasiýasyna Google Places hyzmatyny ornaşdyrdy
18.07.2025 12:31
2.4k+

Hyundai öz awtoulaglarynyň nawigasiýasyna Google Places hyzmatyny ornaşdyrdy

Hyundai ccNC multimediýa ulgamyna Google Places hyzmatyny birleşdirdi. Täzelenme häzirki wagtda Konany hem öz içine almak bilen, Santa Fe-niň we Tucson-nyň täze nesilleri, şeýle hem Ioniq 5, Ioniq 5 N we geljekki Ioniq 9 ýaly iň täze programma üpjünçiligi bolan modeller üçin elýeterlidir
Nissan elektrik awtoulaglarynyň ýerine täze ramly ulaglary çykarar
18.07.2025 12:20
8.3k+

Nissan elektrik awtoulaglarynyň ýerine täze ramly ulaglary çykarar

Nissan ABŞ-nyň Missisipi ştatynyň Kanton şäherindäki zawodynda elektrik ulaglarynyň önümçiligini bes edip, birbada birnäçe ramly modeliň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa elektrikli awtoulaglara bolan gyzyklanmanyň azalmagy, täze gümrük paçlarynyň girizilmegi we ABŞ-da elektrik awtoulaglaryny satyn almak üçin subsidiýalaryň ýatyrylmagy sebäpli strategiýasyny üýtgetmek kararyna geldi
Renault Fransiýanyň Prezidenti üçin sowutlanan krossower döretdi
18.07.2025 06:54
8.4k+

Renault Fransiýanyň Prezidenti üçin sowutlanan krossower döretdi

Renault kompaniýasy Rafale Hyper Hybrid E-Tech krossoweriniň Fransiýanyň Prezidenti üçin döredilen ýörite görnüşini hödürledi. Awtomobiliň ýeke-täk nusgasy sowutlanan kuzowa, uzaldylan teker bazasyna we aýratyn bezege eýe boldy
Dünýäde elektromobil satuwy birinji ýarymýyllykda 28% ýokarlandy
17.07.2025 14:32
3.1k+

Dünýäde elektromobil satuwy birinji ýarymýyllykda 28% ýokarlandy

2025-nji ýylyň ilkinji alty aýynda bütin dünýäde 9,1 mln elektromobil satyldy we bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 28% köpdür. Şeýle maglumatlary Rho Motion analitikleri berýär. Hytaý satuwy 32% – 5,5 mln elektromobile çenli ýokarlandyryp, iň uly dünýä bazary adyny saklady
Range Rover ilkinji gezek logotip edindi
15.07.2025 13:48
4.1k+

Range Rover ilkinji gezek logotip edindi

Range Rover 1970-nji ýyllarda döredilenden bäri ilkinji gezek öz logotipi bilen tanyşdyrdy. Dikligine deňleşdirilen altynsow reňkli R harpy görnüşindäki täze nyşan awtoulaglardaky däp bolan nyşanyň ornuny tutmasa-da, brendiň wizual stiliniň elementine öwrüler
Lanzante McLareniň Le-Mandaky ýeňşiniň hormatyna üç orunlyk 95-59 superkaryny çykardy
15.07.2025 13:43
3.3k+

Lanzante McLareniň Le-Mandaky ýeňşiniň hormatyna üç orunlyk 95-59 superkaryny çykardy

Lanzante kompaniýasy 1995-nji ýyldaky “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşynda McLaren-iň ýeňşiniň 30 ýyllygynyň hormatyna döredilen üç orunlyk 95-59 superkaryny görkezdi. Bu model hersiniň bahasy 1 million funt sterling bolan (1,355 million dollar töweregi) 59 sany çäkli nusgada öndüriler
Tesla Seminiň netijeliligi hakyky synaglarda barlanyp görüldi
15.07.2025 13:21
5.7k+

Tesla Seminiň netijeliligi hakyky synaglarda barlanyp görüldi

ArcBest logistika kompaniýasy tarapyndan geçirilen üç hepdelik synagda Tesla Semi elektrik ýük ulagy bir mile (1,6 km) 1,55 kilowat sagat energiýa sarp edýändigini görkezdi. Bu ulag 7230 kilometrden gowrak ýoly geçip, hakyky ýük daşamakda yzygiderli ulanylýardy
Lamborghini meýilnamalaryny üýtgedip, Urus-y elektrikleşdirilmegini yza süýşürdi
15.07.2025 13:03
4.2k+

Lamborghini meýilnamalaryny üýtgedip, Urus-y elektrikleşdirilmegini yza süýşürdi

Lamborghini Urus krossoweriniň elektrik çekişine geçmegi azyndan 2035-nji ýyla çenli yza süýşürilýär. Bu barada kompaniýanyň başlygy Stefan Winkelmann Autoсar-a beren interwýusynda habar berdi. Meýilnamalaryň täzeden gözden geçirilmeginiň awtoulag bazaryndaky näbellilik sebäpli ýüze çykandygyny mälim etdi
Ilon Mask Tesla-nyň taryhynda iň “beýik” tanyşdyrylyşy wada berdi
15.07.2025 12:25
8.8k+

Ilon Mask Tesla-nyň taryhynda iň “beýik” tanyşdyrylyşy wada berdi

Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask şu ýylyň ahyrynda, onuň aýtmagyna görä, kompaniýanyň taryhynda “iň beýik” boljak çäräniň meýilleşdirilýändigini yglan etdi. “Şu wagt Tesla-nyň dizaýn studiýasyndan çykdym. Iň beýik tanyşdyrylyş ýylyň ahyrynda bolar
Hytaýyň ýollarynda Xiaomi YU9 wnedorožniginiň nusgasy göze ildi: ol gibrid bolar
15.07.2025 12:22
8.5k+

Hytaýyň ýollarynda Xiaomi YU9 wnedorožniginiň nusgasy göze ildi: ol gibrid bolar

Hytaýyň ýollarynda doly göwrümli gibrid Xiaomi YU9 wnedorožniginiň prototipi göze ildi. Awtoulag meýdan synaglaryndan geçýär. CarNewsChina-nyň berýän habaryna görä, modeliň 2026-njy ýylyň ýazynda hödürlenmegine garaşylýar
Volkswagen Ýewropada elektrokar satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi
14.07.2025 18:11
5.1k+

Volkswagen Ýewropada elektrokar satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi

2025-nji ýylyň birinji alty aýynyň jemi boýunça Volkswagen konserni Ýewropada elektrik ulaglarynyň satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi. Handelsblatt neşiriniň maglumatlaryna laýyklykda, VW Group-yň düzümine girýän ähli brendleriň batareýa bilen işleýän modelleriniň satuwy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, sebitde 89% ýokarlandy we 347 900 birlige ýetdi
Mazda CX-5 krossoweriniň täze neslini görkezdi. Salon ulaldy we has oňaýly boldy
14.07.2025 17:56
2.6k+

Mazda CX-5 krossoweriniň täze neslini görkezdi. Salon ulaldy we has oňaýly boldy

Mazda kompaniýasy CX-5 krossoweriniň üçünji neslini görkezdi. Model ulaldy, täzeden dizaýn edildi we salony täzelendi. 2025-nji ýylyň ahyrynda Ýewropada satylyp başlanar we awtoulag soňra beýleki bazarlarda hem peýda bolar
Rimac Nevera tizligi artdyrmakda iň çakgan elektrokar boldy we bir günde 24 sany tizlik rekordyny goýdy
14.07.2025 17:05
4k+

Rimac Nevera tizligi artdyrmakda iň çakgan elektrokar boldy we bir günde 24 sany tizlik rekordyny goýdy

Rimac Nevera R giperkary bir günde 24 sany tizlik rekordyny goýdy, şol sanda noldan sagatda 400 km tizlige çenli çykmakda iň gowy - 25,79 sekunt netijäni görkezdi. Bu barada Horwatiýanyň Rimac kompaniýasy modeliň täze modifikasiýasyny synagdan geçirenden soň habar berdi
Lexus üçeginde tennis oýnadyp, Ginnesiň iki sany üýtgeşik rekordyny goýdy
14.07.2025 10:56
13k+

Lexus üçeginde tennis oýnadyp, Ginnesiň iki sany üýtgeşik rekordyny goýdy

Lexus kompaniýasy hereket edip barýan ulaglarda tennis oýny bilen bagly Ginnesiň iki rekordyny goýmaga gatnaşdy. Britaniýaly tennisçiler Jeými Marreý we Lora Robson 47 km/sag tizlik bilen hereket edip barýan awtomobilleriň üçeginde durmak bilen, birek-birege yzygider 101 gezek top geçirdi
Renault täze Boreal krossowerini hödürledi. Onuň önümçiligi Türkiýede we Braziliýada ýola goýlar
14.07.2025 10:46
2.9k+

Renault täze Boreal krossowerini hödürledi. Onuň önümçiligi Türkiýede we Braziliýada ýola goýlar

Renault kompaniýasy täze orta ululykdaky Boreal krossowerini hödürledi. Ol Dacia Bigster modeline esaslanýar. Onuň satuwy ýylyň ahyrynda Ýewropadan daşary 70-den gowrak ýurtda başlar. Önümçilik Braziliýada we Türkiýede ýola goýlar
Volkswagen SAIC konserni bilen Hytaýyň Nankin şäherindäki bilelikdäki zawodyny ýapýar
13.07.2025 19:43
5.5k+

Volkswagen SAIC konserni bilen Hytaýyň Nankin şäherindäki bilelikdäki zawodyny ýapýar

Hytaýyň SAIC awtokonserni bilen Germaniýanyň Volkswagen kompaniýasynyň bilelikdäki kärhanasy 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda Hytaýyň Nankin şäherindäki zawodyny doly ýapmagy meýilleşdirýär. Handelsblatt neşiriniň habar bermegine görä, zawodda önümçilik eýýäm togtadyldy
Hytaýda Jeep öndürýän kompaniýa batdy
13.07.2025 19:24
9.9k+

Hytaýda Jeep öndürýän kompaniýa batdy

Hytaý kazyýeti ýerli bazarda Jeep awtomobillerini öndürmek üçin döredilen GAC Fiat Chrysler Automobiles (GAC FCA) kompaniýasyny batdy diýip yglan etdi. Stellantis konserni bilen hytaý GAC-yň bilelikdäki kärhanasy 2009-njy ýylda esaslandyrylypdy
Tesla zarýad bermegi restoranly we awtokinoteatrly ýakymly güýmenjä öwürýär
13.07.2025 19:20
4.9k+

Tesla zarýad bermegi restoranly we awtokinoteatrly ýakymly güýmenjä öwürýär

Tesla Los-Anjelesde öz firma restorany we awtokinoteatry bolan, elektrik ulaglar üçin ilkinji çalt zarýad beriş stansiýasynyň gurluşygyny tamamlap barýar. Santa-Monika bulwaryndaky desganyň gurluşyk haýatlary eýýäm aýryldy we ýakyn günlerde açylmagyna garaşylýar
BYD ulaglaryndaky awtomatik parkowkada ýüze çykjak islendik zyýanyň öwezini dolmagy wada berýär
13.07.2025 18:37
4.5k+

BYD ulaglaryndaky awtomatik parkowkada ýüze çykjak islendik zyýanyň öwezini dolmagy wada berýär

Hytaýyň BYD kompaniýasy öz ulaglarynyň eýelerine God's Eye ulgamynyň işiniň netijesinde ýetip biljek islendik zyýanyň öwezini dolmaga taýýardygyny aýtdy. Bu ulgam eýýäm milliondan gowrak elektromobilde gurnalan bolup, ulaglary awtomatik taýdan awtoduralga ýerleşdirýär
Lucid Air sedany bir gezeklik zarýad bilen rekord 1205 km ýol geçdi
13.07.2025 18:21
3.8k+

Lucid Air sedany bir gezeklik zarýad bilen rekord 1205 km ýol geçdi

Lucid Air elektrik sedany bir gezeklik zarýad bilen 1205 km ýol geçip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan bellige alyndy. Rekord Sankt-Moris şäherinden (Şweýsariýa) Mýunhen şäherine (Germaniýa) çenli aralykda, Ýewropanyň umumy ýollarynda goýuldy
Keyvany "Rolls-Royce Cullinan Series II" modelini täzeçe görnüşde çykardy
11.07.2025 01:56
9.7k+

Keyvany "Rolls-Royce Cullinan Series II" modelini täzeçe görnüşde çykardy

Germaniýanyň Keyvany awtobezeg ussahanasy täzelenen «Rolls-Royce Cullinan Series II Black Badge» modeli esasynda «Hayula II-niň» ekstremal wersiýasyny taýýarlady. Awtoulag agressiw aerodinamik obwes bilen enjamlaşdyryldy
BYD-niň täze akkumulýatorlary tiz zarýad bermegi we 1000 km-den gowrak ýol ätiýaçlygyny üpjün edýär
11.07.2025 01:43
3.8k+

BYD-niň täze akkumulýatorlary tiz zarýad bermegi we 1000 km-den gowrak ýol ätiýaçlygyny üpjün edýär

BYD hytaý kompaniýasy 2027-nji ýylda aşa berk (solid-state) akkumulýatorly elektromobilleriň köpçülikleýin önümçiligine başlajakdygyny mälim etdi. Täze tehnologiýa bilen ulaglar 1000 km-den gowrak ýol aralygyny geçer hem-de 12 minutdan az wagtda doly zarýadlanar
Euro NCAP 2025-nji ýylyň iň ygtybarly 10 awtoulagyny atlandyrdy. Reýtingde 6 sany hytaý modeli bar
11.07.2025 01:22
6.4k+

Euro NCAP 2025-nji ýylyň iň ygtybarly 10 awtoulagyny atlandyrdy. Reýtingde 6 sany hytaý modeli bar

Ýewropanyň Euro NCAP kraş-synag birleşigi 2025-nji ýylyň iň howpsuz awtoulaglarynyň sanawyny täzeledi. Ilkinji onlukdaky modelleriň ýarysyndan gowragy Hytaýyňkydyr. Şeýle hem, sanawda  Tesla, Audi we Polestar bar diýip, Finratings
Volkswagen ID. Buzz-yň dünýä boýunça syýahaty başlandy. Ol Ginnesiň rekordyny goýmaga dalaş edýär
10.07.2025 23:56
5.1k+

Volkswagen ID. Buzz-yň dünýä boýunça syýahaty başlandy. Ol Ginnesiň rekordyny goýmaga dalaş edýär

Meşhur awto syýahatçy Raýner Sitlou Volkswagen ID. Buzz elektroweninde dünýä boýunça gezelenje çykdy. Ol syýahatynyň dowamynda 75 ýurda baryp, takmynan 80 müň kilometri geçmegi meýilleşdirýär. Eger syýahat şowly tamamlansa, bu bir ugruň çäginde elektrik ulagynda baryp görlen ýurtlaryň sany boýunça dünýä rekordy bolar
Lexus Toyota-nyň ýolbaşçysynyň hormatyna atlandyrylan krossowerini diňe lotereýa esasynda berýär
10.07.2025 23:37
8.3k+

Lexus Toyota-nyň ýolbaşçysynyň hormatyna atlandyrylan krossowerini diňe lotereýa esasynda berýär

Lexus Ýaponiýada LBX Morizo RR Original Edition krossoweriniň çäkli nusgasyny çykarar, onuň bary-ýogy 100 sanysy bolar. Olary diňe lotereýanyň ýeňijileri satyn alyp biler, lotereýa gatnaşmak üçin sargytlar dilerlik merkezlerinde kabul ediler diýip, Ýaponiýanyň habar beriş serişdeleri habar berýär
Ýaponiýada 145 müň dollardan BMW M3 CS Touring-iň ýörite wersiýasy satylýar
09.07.2025 14:12
7.8k+

Ýaponiýada 145 müň dollardan BMW M3 CS Touring-iň ýörite wersiýasy satylýar

BMW Ýaponiýada “zarýadlanan” M3 CS Touring uniwersalyny satyp başlady. Ýerli bazar üçin bary-ýogy 30 sanysy bölünip berildi. Bu diňe ýapon bazary üçin niýetlenen, seýrek duş gelýän M seriýaly modelleriň biriniň ruly sag tarapdaky wersiýasydyr
Toyota düýbünden täze benzin hereketlendirijilerini hödürledi: öňküden ýeňil hem kuwwatly
09.07.2025 14:00
11k+

Toyota düýbünden täze benzin hereketlendirijilerini hödürledi: öňküden ýeňil hem kuwwatly

Toyota zyňyndylary azaltmaklyga we kuwwatyny ýitirmezden, ýangyç tygşytlylygyny ýokarlandyrmaklyga gönükdirilip döredilen benzin hereketlendirijileriniň täze maşgalasyny hödürledi. Bu işläp taýýarlama entek doly elektrikli ulaglara geçmäge taýyn bolmadyk sürüjilere niýetlenendir
Hereketlendirijisindäki näsazlyk zerarly milliona golaý Peugeot, Citroen we Opel ulaglary yzyna ýygnalýar
09.07.2025 13:38
4.8k+

Hereketlendirijisindäki näsazlyk zerarly milliona golaý Peugeot, Citroen we Opel ulaglary yzyna ýygnalýar

Stellantis konserni BlueHDi dizel hereketlendirijilerinde gaz paýlaýjy mehanizm zynjyrynyň wagtyndan öň könelýändigi sebäpli Ýewropada awtoulaglary köpçülikleýin yzyna çagyrmak kampaniýasyny başlatdy. Hyzmat kampaniýasy 2017-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2023-nji ýylyň ýanwaryna çenli öndürilen alty brende - Peugeot, Citroen, Opel, Vauxhall, DS we Fiat modellerine degişli
Tesla robotaksisi ilkinji gezek ýol-ulag hadysasyna uçrady. Duran Toyota Camry zyýan çekdi
08.07.2025 20:06
10k+

Tesla robotaksisi ilkinji gezek ýol-ulag hadysasyna uçrady. Duran Toyota Camry zyýan çekdi

Ostinde (Tehas ştaty) Tesla robotaksisiniň gatnaşmagynda bolup geçen ilkinji ýol-ulag hadysasy hasaba alyndy. Model Y elektromobili Home Slice Pizza restoranynyň awtoduralgasyndan çykyp barýarka, duran Toyota Camry-ny kakdy
Xiaomi YU7 krossowerine nobat 62 hepdä çekýär
08.07.2025 17:44
5.5k+

Xiaomi YU7 krossowerine nobat 62 hepdä çekýär

Xiaomi kompaniýasy özüniň ikinji modeli bolan YU7 elektrokrossoweriniň ibermelerine başlady. Ilkinji awtoulaglar Hytaýyň 58 şäherindäki eýelerine gowşuryldy. Emma ýokary isleg we önümçilik kuwwatynyň çäklidigi sebäpli, bu ulagyň esasy görnüşi üçin garaşmaly wagt 62 hepdä ýetdi diýip, «Cnevpost» habar berýär