Tesla robotaksisi ilkinji gezek ýol-ulag hadysasyna uçrady. Duran Toyota Camry zyýan çekdi

08.07.2025, 20:0610,799

Ostinde (Tehas ştaty) Tesla robotaksisiniň gatnaşmagynda bolup geçen ilkinji ýol-ulag hadysasy hasaba alyndy. Model Y elektromobili Home Slice Pizza restoranynyň awtoduralgasyndan çykyp barýarka, duran Toyota Camry-ny kakdy. Hiç kim zyýan çekmedi. Awtomobillere hem uly zeper ýetmedi.

Dirty Tesla YouTube kanalynda ýerleşdirilen wideo ýazgysyndan görnüşi ýaly, waka ýolagçy sürüjisiz awtomobilden düşüp gideninden soň bolup geçdi. Elektromobil saklandy, soňra birden hereket edip, çepe öwrüldi we gapdalda duran Toyota Camry ulagyna degdi.
Düşnüksiz hereketiň sebäbi belli däl. Ozal internetde kompaniýanyň robotaksisiniň garşy zolaga çykyp, birnäçe sekuntlap şondan hereketini dowam etdirýändigini görkezýän wideo hem peýda bolupdy.
ABŞ-nyň Ýollarda hereket howpsuzlygynyň milli edarasy (NHTSA) şeýle wakalary ýazga alan wideo materiallaryň esasynda hyzmatyň işini öwrenip başlady.

“Bu hasabatlar we degişli maglumatlar öwrenilenden soň, NHTSA ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin zerur çäreleri görer” – diýlip, edaranyň habarynda aýdylýar.

Teslanyň robotaksi hyzmaty Ostinde geçen aýyň ahyrynda işe başlady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.